2012-nji ýylda Fransiýanyň merkezindäki kiçijik şäherçäniň ýaşaýjylary halaýan restoranynyň ýerine döner dükany açylan mahaly gaty gorkdular. Meşhur azyk sosiology, professor Žan Pýer Puleniň kakasyna degişli bolan bu dükany türk immigrantlary satyn alypdy.
Çalt we hakyky köçe naharlaryny taýarlamak bilen meşhur bolan döner dükany, Ýewropadaky müňlerçe şahamçanyň biridi. Döner ilkinji gezek 1960-njy ýyllarda türk immigrant işçileri tarapyndan Germaniýa getirilipdi.
Wertikal çiýşlikde ters konus görnüşinde ýerleşdirilen etden taýýarlanan döner kebaby, pes otda bişirileninden soň inçe dilimlere dilimlenýär we hödür kerem edilýär.
Meşhurlygy sebäpli indi Germaniýada resmi däl inflýasiýa görkezijisi hökmünde ulanylýar. Döner satuwlaryndan ýylda 7 milliard ýewro girdeji gazanylýar.
Emma meşhurlygynyň beýleki tarapy bar.
2024-nji ýylda döner kebap türkler bilen nemesleriň arasyndaky medeni düşünişmezlik meselesine öwrüldi. Iki tarap hem bu tagamyň özlerine degişlidigini öňe sürýärler. Döner, Germaniýadaky türk immigrantlary ýaly, degişlilik meselese wekilçilik edýär. Hatda ol ýerdäki türk jemgyýetinde-de bu medeni üýtgeşiklik bilen bagly pikirler biri-birinden tapawutly.
Žan Pýer Puleniň TRT Worlda beren beýanatynda: “Immigrantlar bilen öý eýesiniň arasyndaky baglanyşyk kabul etmek ýa-da ret etmek soragynyň töwereginde aýlanýar we “beýlekiniň” nahary gaty aýdyň alamatdyr” diýip belledi.
Degişlilik söweşleri
Döner kebaby eýýäm köpden bäri türkleriň we nemesleriň halaýan naharydyr, emma onuň kime degişlidigi baradaky jedeller soňky döwürde halkara derejä çykdy.
Türkiye aprel aýynda Ýewropa Komissiýasyna döneriň Ýewropa Bileleşiginde aýratyn status berilmegi üçin ýüz tutdy.
Bu göçüm Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň aprel aýynda Türkiyä guran saparyna gabat geldi. Ştaýnmaýere, Berlinden bir türk döner öndürijisi ýoldaşlyk etdi.
Bu ädim naharyň hakyky eýesiniň kimdigi we onuň medeni köpriniň nyşanymy ýa-da üstünligiň görkezijisidigi baradaky çekişmelere sebäp döretdi.
Eger berilse, Türkiyäniň söwda reýestri statusy, Milli hünär kepilligi, diňe hasaba alnan önümçilik usullaryna laýyk gelýän öndürijileriň önümlerine döner kebaplary diýip bellik edip biljekdigini kepillendirer. Bu standart boýunça döner kebabynda üç ýaşdan uly sygyr eti ýa-da hindi towugynyň eti bolmaly däldir.
Germaniýanyň Azyk we oba hojalygy ministrligi, nemes öndürijiler birleşikleriniň tutan ýüz tutmalaryndan soň Türkiyäniň arzasyny ret etdi.
2001-nji ýyldan bäri Germaniýada döner satyp ýören 53 ýaşyndaky Mainsli türk döner öndürijisi Muzaffer Jeýhan: “Döner kebaby, şübhesiz, Türkiyä degişlidir" diýdi. Şeýle hem, öwelen et we gök önümler bilen inçe hamyra eýe bolan lahmajun tagamyna "türk pitsasy" diýip atlandyrmagyna garşy durýar.
TRT Worlda “Her gezek kimdir biri türk pitsasy diýse, ony lahmajun diýip düzedýärin. Gymmatlyklarymyzy goramagymyz gerek” diýdi.
Sosial-antropolog Poulain immigrantlaryň medeni aýratynlygynyň, gelen ýerleriniň iýmit medeniýeti bilen baglanyşyklary sebäpli gyzyklydygyny beýan etdi.
"Bu baglanyşyk köplenç ideallaşdyrylýar we käte syrly ýagdaýa getirilýär." diýip belledi.
Toronto uniwersitetiniň Azyk taryhynyň professory Jeffri M. Pilçer bu düşünişmezçilik "döneriň belligi bilen baglanyşykly bolmandygyny, Germaniýadaky we Türkieedäki nemes türkleriniň sosial we medeni ýagdaýy bilen baglanyşyklydygyny beýan etdi.
Pilçer: “Iýmitlerimizi özümizi kesgitlemek we beýlekilerden tapawutlandyrmak üçin ulanýarys. Şonuň üçin iki dürli topar şol bir tagamy özüne degişli etmäge synanyşanda howp astynda duýup bileris” diýdi.
Söwda bäsleşigi
Türkiyäniň döner üçin Ýewropa Bileleşigine ýüz tutan merkezi Stambulda ýerleşýän Halkara Döner federasiýasy türk döneriniň 1800-nji ýyllarda Osmanly döwletiniň territoriýasyna ýaýrandygyny beýan etdi.
Wertikal bişirmek usulynyň, Stambuldaky Yslam ylymlary we tehnologiýasy taryhy muzeýinde sergilenýän bug bilen işleýän wertikal döner enjamyny oýlap tapandygy pikir edilýän Osmanly taryhçy we alym Takiýüddin tarapyndan resmileşdirilen 1500-nji ýyllara degişlidigi öňe sürülýär.
1660-njy ýyllarda ýaşap geçen tanymal Osmanly sjahankeşde Ewliýa Çelebi, şol döwürde Osmanly döwletine degişli bolan Krymda dik bişirilen kebap hakda aýdypdy. Osmanly döneri, esasan hem palow bilen bir tabakda hödürlenýän häzirki zaman döner kebabyndan tapawutlydy.
Pide we lawaş çöreginiň arasynda häzirki döwürde bütin dünýäde bilinýän ýagdaýyny bolsa kimiň oýlap tapandygy bilen bagly jedeller bolsa dowam edýär. Emma Germaniýada döneriň sendwiç görnüşi adaty hasaplanýan bolsa, Türkiyede häzirki wagtda hem çörek we palow bilen birlikde hödür kerem edilýär.
Bu tapawut dönerin Germaniýada meşhurlyk gazanmagyna we sarp ediş taýdan aňsatlygy sebäpli köçe tagamlarynyň arasynda başda gelmegine goşant goşan bolup biler.
Professor Pilçeriň pikiriçe, döner kebaby esasan täjirçilik naharydyr. Pilçer: “Häzirki wagtda azyk söwdasynda bular ýaly täjirleşdirmek we girdeji almak bar mahaly, bäsdeşlik hasam güýçlenip biler ... Türk aşpezleri, öz usullaryna äsgerilmezçilik edilse gaty gaharlanýarlar” diýip belledi.
Bu nahar, bişirilişinden adyny alyp gaýdýar. Adyny türk dilindäki "dönmek" sözünden alnan döner kebab, oduň üstünde aýlanýan wertikal ýagdaýda duran çişlik bilen bişirilýär.
Nemesler, Türkiyäniň arzasy tassyklanan halatynda adyň üýtgedilmegini hem göz öňünde tutýarlar. Germaniýanyň metbugaty mümkin bolan alternatiwa hökmünde "Aýlanýan çişlik" görnüşini teklip edýär.
Taýýarlanyş usuly möhümdir
Nemes dönerini beýlekilerden tapawutlandyrýan iň möhüm aýratynlygyň ete goşulan pomidor, ot, hyýar, gyzyl kelem, aýsberg salaty we dürli souslardygy mälimdir.
Hünärmenler taýýarlanyş usullarynyň şahsyýetler bilen ýakyndan baglanyşyklydygyny nygtaýarlar.
Pulen: “Taýýarlanyş usuly we şahsyýetleriň arasyndaky baglanşyk. Taýýarlanyş usullary: milli, sebit we maşgala ýaly dürli derejedäki şahsyýet derejelerini görkezýär. Bu dürlülik mümkinçiligi olary häsýetlendirer. Netijede döner kebap ýeke täk nahar däldir, ençeme görnüşi bardyr” diýip belledi.
Ştutgartda ýaşaýan ýaş döner öndürijisi Muhammet Onur Wural, başga bir taýýarlanyş usulyna eýe bolanlygy sebäpli "nemes döneri" adyny ulanmagyň zyýanyny görmeýär.
"Biziň görnüşimizde 2-3 esse köp goşundy we 5-6 tapawutly sous görnüşi bar. Şol sebäpli oňa" nemes döneri diýilýär” diýip habar berdi.
Onur bilen Muzafferiň arasyndaky iň möhüm tapawut, nesil tapawudydyr.
Germaniýada doglan Onur, önüp-ösen türk immigrant jemgyýeti bilen berk baglanyşyk duýýar we tagamyň ýaýramagyndaky roluny goraýar. Takmynan 30 ýyl ozal Germaniýa göçüp gelen ilkinji nesil immigrant Muzaffer bolsa "Nemes döneri" adalgasyny asla ulanmazlykda tutanýerlidir.
Şeýle-de bolsa, döner öndürijileriň ikisi-de "Nemes-Türk" belligini ret edýärler we diňe türk diýilmegini makul bilýärler.
Şahsyýet bulaşyklygy
Halkara Döner federasiýasy döneriň sygyr ýa-da guzyň etinden bolmagym 3-5 mm galyňlygyndaky dilimlere bölünmegi we kesgitlenen mukdarda duz, gara burç, timýan, dogralan sogan, ýogurt ýa-da süýt bilen azyndan 10 sagat marinada ýatyrylmagynyň zerurdygyny kesgitleýän standart kesgitleýär.
Germaniýadaky dönür öndürijiler esasan hem sygyryň etini ulanýarlar we etiň maslahat berilen görnüşde marinada ýatyrylmagy üçin ýeterlik derejede desganyň bolmandygyny öňe sürýärler. Germaniýadaky döner dükkanlaryň aglabasy döneri açyk otda bütewi ýagdaýda bişirmezler, ozaldan dilimlere bölünen görnüşde satyn alýarlar.
Pulen: “Migrasiýa bilen birlikde her bir taýýarlanyş usuly, naharyň tapawutly bir teswiridir” diýýär.
53 ýaşynda bir dönerji bolan Jeýhan, döneriň türk we nemes aşhanasynyň arasynda jedelleşige sebäp bolmagyň, bu immigrant jemgyýetiň şahsyýetiniň kitaraplaýynlygyny görkezýändigine ynanýar.
Pulen: “Biz bärigem, ol ýerede degişli däldiris diýýärler we diýýänleri çürt kesik dogrudyr” diýip belleýär.