Gazadaky Uruş
5 minut okamak
7-nji oktýabryň Ysraýyl-Palestina çaknyşygyndaky manysy
7-nji oktýabr, Ysraýyl-Palestina çaknyşygynyň taryhynda ozalky seneleri ýatdan çykardyp halkara derejesinde synçylylaryň uzak möhletli garaýyş beýan etmegine sebäp boldy.
7-nji oktýabryň Ysraýyl-Palestina çaknyşygyndaky manysy
Gaza harabalyga öwrüldi
2025年2月18日

Ysraýyl-Palestina çaknyşygynyň taryhy, Palestinada Ýehudy döwletini gurmagy maksat edinen sionistleriň 19-njy asyryň ahyrynda başladan hereketine çenli uzap gidýär. Şol günden bäri sebit söweşlere, basyp alyşlyklara we aýaga galyşlyklara sahna bolýar.

1948-nji ýyldaky Arap-Ysraýyl söweşi, 1967-nji ýyldaky Alty gün söweşi we 1982-nji ýyldaky Liwan söweşinden, iki Palestin intifadasyna çenli sebitde sansyz-sajaksyz çaknyşyk başdan geçirilýär. Emma 7-nji oktýabry beýleki çaknyşyklardan tapawutlandyrýan esasy zat, Hamasyň gysga wagtlygyna hem bolsa Ysraýylyň topraklaryna gözegçilik etmegi başarmagydyr. Palestinaly söweşiji toparlaryň hiç biri şeýle wakany başdan geçirip bilmedi.

Hamasly söweşijiler, Reim harby bazasynyň Ysraýylyň Gaza Sektoryndaky harby merkezini ele geçirdi. Harby merkezdäki ysraýylly esgerler öldürildi ýada ýesir alyndy. Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri harby merkeziň gözegçiligini yzyna almagy başarsada bu Ysraýylyň harby üstünlik taýdan mertebesine zeper ýetirdi.

Näme üçin 7-nji oktýabr tapawutly?

Palestinaly analitikler üçin 7-nji oktýabr wakalary deňi-taýy görülmedik ýagdaý. Palestinaly Prof. Ýazyjy we syýasy analitik Kamel Hawwas TRT Worlde beren beýannamasynda, 7-nji oktýabryň Ysraýylyň topraklarynyň ele geçirilmegi taýdan deňsiz-taýsyz wakadygyna ünsi çekdi.

Palestinaly Sami Al Arian hem Hamasyň Ysraýyla birnäçe gezek hüjüm edendigini emma 7-nji oktýabryň Ysraýylyň topraklarynyň gysga wagtlygyna hem bolsa ele geçirilmegi taýdan ilkinji wakadygyny nygtady.

Arian TRT Worlde beren beýannamasynda “Elbetde bu Ysraýylyň 1973-nji ýyldaky söweşden soň ilkinji gezek hüjüme sezewar bolan wakasy hökmünde hem häsiýetlendirlip bilner. Emma bu gezek Ysraýyl 1973-nji ýylda bolşy ýaly Sinada Müsür we Golan depelerinde siriýalylar tarapyndan däl eýsem öz territoriasynda hüjüme sezewar boldy” diýýär.

Ysraýyl tarapyndan iki gezek basyp alan Sina Ýarymadasy, ilkinji gezek 1950-nji ýyllaryň ahyrynda we ikinji gezek 1967 we 1982-nji ýyllaryň arasynda Müsüre degişli bolan sebitdir we 1973-nji ýyldan bäri Tel-Awiwiň basyp alyşlygy astynda bolan Golan depeleri resmi taýdan Siriýa degişlidir.

Halkara krizis toparynyň Ýakyn Gündogar bölüminiň ýolbaşçysy Ýost Hilterman, 7-nji oktýaryň ähmiýeti barada “Şeýle wakany ozal hiç görmedik, emma bu waka beýleki tarapdan çaknyşygyň uzak dowam etmeginiň hem esasy sebäplerinden biri” diýdi.

Hilterman, hüjümi “ozalky ähli zadyň utgaşmasy” hökmünde häsiýetlendirip, Palestin göreşiniň dürli tapgyrlarynda, 1960-njy we 1970-nji ýyllarda Müsür we Arap ýurtlary tarapyndan goldaw berlen Ysraýyl bilen bolan birnäçe Gaza söweşine ünsi çekdi.

Käbir analitikler bolsa Arap-Ysraýyl çaknyşygy bolan we 1973-nji ýylyň oktýabr aýynda başdan geçirlen söweş bilen bolan arabaglanşygyna ünsi çekdi. Emma bu gezek Ysraýyl, 1973-nji ýylda Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan topraklary nyşana alan Müsür we Siriýadan tapawutly ýagdaýda öz serhetlerinde hüjüme sezewar boldy.

2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Hamasyň hüjümleri sebäpli  “1 müň 180 ysraýylly ýogaldy, 2 müň 400 adam ýaralandy, Gazada Palestinaly topar 251 adamy hem ýesir aldy. Ysraýyl bolsa esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 42 müň palestinaly öldürdi.

7-nji oktýabr nämeni üýtgetdi

7-nji oktýabrdan ozal Ysraýyl, Ýakyn Gündogarda uzak wagtdan bäri dowam edýän syýasy deňlemäniň, musulman Arap sebitinde ýehudi döwletiniň barlygyny ykrar etmekden ýüz öwürýän bu deňlemäniň öz bähbidine boljakdygyna doly ynanýardy. Käbir Arap döwletleri Trampyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň töwellaçylyk etmeginde Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga başlapdy.

Palestinaly ýazyjy Ramzy Baroud “7-nji oktýabrdan ozal Ysraýyly Palestinadaky basyp alyjy-imperýalist taslamasynyň soňky bölümini ýazýan ýaly görünýärdi. Palestinanyň täsirini dolulygyna diýen ýaly ortadan aýyrypdy we Arap ýurtlarynyň Palestina berýän goldawyna ýaramaz täsirini ýetiripdi we Günbatar Şerianyň esasy bölegini basyp almaga taýarlanýardy” diýýär we Palestindaky hökümetiň çetleşdirilmegine we Gazanyň gabawyna ünsi çekýär.

Baroud, Netanýahunyň 2023-nji ýylda BMG-da eden çykyşyna ünsi çekýär. Ysraýylyň Premýer-ministri şol çykyşynda Palestinanyň topraklaryny öz içine almaýan karta hödürläpdi we ony “Täze Ýakyn Gündogar” hökmünde häsiýetlendiripdi.

Baraud “ Netanýahu Palestinany syýasy taýdan ýok hökmünde görýär we palestinalylar bir millet hökmünde onuň üçin indi möhüm däldi” diýýär. Baroud, emma Netanýahunuň BMG-da eden çykyşyndan 2 hepde soň 7-nji oktýabrda garaşylmadak waka ähli zadyň üýtgemegine sebäp boldy diýýär.

Hilterman 7-nji oktýabr hüjümi, Hamasyň, Hindistan-Ýakyn Gündogar-Ýewropa ykdysady koridory arkaly täze söweş başladyp, Ysraýylyň Ýakyn Gündogara utgaşyklygyny bozandygyny nygtaýar emma Hamasyň umuman alnanda üstünlik gazanyp bilmändigine ynanýar.

Söweşiň sebitleýin täsirleri

Ysraýyla halkara derejesinde edilýän basyşlar artdy. Günbatarly ýurtlar, Ysraýylyň hüjümlerini berk tank etdi. Halkara derejesinde Palestinda berilýän goldaw artdy.

7-nji oktýabrdan soň Ysraýylyň sebitleýin diplomatiýasy esasan Tel-Awiw bilen kadalaşmaga çalyşýan Saud Arabystany bilen geçirýän gepleşiklerini bökdedi. Saud Arabystany Gazadaky genosidi kabul edilmesiz hökmünde görýändigi üçin Tel-Awiw bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakdan ýüz öwürdi. Türkiýe, Günorta Afrika we Eýran ýaly ýurtlar Ysraýylyň hüjümlerine berk garşylyk görkezdi. BMG-da hem Hytaý we Russiýa ýaly uly güýçler Ysraýylyň aksiýalaryna alada bildirýändiklerini beýan etdi.

BMG-nyň hünärmenleri Ysraýyla “çetleşdirlen” döwlete öwrülip biljekdigi barada duýduryş berdi. ABŞ-nyň tersine, Hytaý bilen Russiýa BMG-da Ysraýylyň Liwana garşy guraýan hüjümlerini ýazgardy. İspaniýa we İrlandiýa ýaly käbir Ýewropa döwletleri hem Tel-Awiwe öte geçmezlik barada duýduryş berdi.

Baroud, halkara jegyýetçiliginiň Gaza goldaw berýändigini, Ysraýylyň basyp alyşlygyna we adam hukuklaryna basgylanmaga garşy durýandygyny nygtaýar.

7-nji oktýabr, Ysraýyl-Palestina çaknyşygyny üýtgetdi. Bir wagtlar syýasy deňlik hökmünde kabul edilýän ýagdaý, indi näbellilige öwrüldi. Hüjüm şol bir wagtda Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň Palestine meselesi seljerilmezden ýola goýulup bilinmejekdigini ýene-de bir gezek görkezdi.

Baroud “Bu 7-nji oktýabrtdan soňky döwrüň, Palestinany, aslynda soňky on ýyllykda tutuş Ýakyn Gündogary gönükdirýän syýasy we geosiýasy kadalary we Ysraýylyň Arap döwletleriniň garşysyndaky pozisiýasyny we merkezi ABŞ bolan sebitleýin güýç paradigmasyny täzeden ýazmagyna sebäp bolup biler” diýdi.

 




 

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us