Dünýä
2 minut okamak
Tokaý ýangynlary Awstraliýanyň günorta gündogaryna uly zeper ýetirýär.
Awstraliýanyň günorta gündogarynda dowam edýän tokaý ýangynlary, halkyň ewakuasiýa edilmegini kynlaşdyrýar, müňlerçe gekdarlyk meýdana uly zeper ýetirýär.
Tokaý ýangynlary Awstraliýanyň günorta gündogaryna uly zeper ýetirýär.
Geljek günlerde gyzdyryň ýaramazlaşmagy beklenýär, ol ýangynlaryň has-da giň ýaýralamagyna howp döredýär.
14 de febrero de 2025

Sişenbe güni Awstraliýanyň günorta gündogarynda müňlerçe gekdarlyk milli seýilgäh ýandy. Ýangyn söndürijiler ýangyny gözegçilik astyna almakda uly kynçylyk çekdi.

Duşenbe güni agşamara çakan ýyldyrym, Wiktoriýa ştatynyň paýtagty Melburnyň 300 kilometr demirgazygynda ýerleşýän Grampians milli seýilgähinde ýangynyň başlamagyna sebäp boldy.

Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy ştatyň günbatarynda ýerleşýän Little Desert milli seýilgähine tarap barýan ýangynda 24 sagatdan has az wagtda 65 müň gekdarlyk meýdanyň ýanyp kül bolandygyny mälim etdi.

Şişenbe güni ýangynyň başlamagyndan soň Dimbolladan halk ewakuasiýa edilmäge başlandy, emma ýangynyň has howply ýagdaýda gelmegi ewakuasiýa işlerini kynlaşdyrdy.

Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň komisary Ruk Nýuždent metbugata beren beýannamasynda “Ýangynda ýaralanan ýada ýogalan bolmady” diýdi.

Wiktoriýa ştatynyň Tokaý ýangynlaryna garşy göreş gullugyndan Kriz Hardman, öňümizdäki birnäçe günüň içinde howa şertleriniň ýangynlarynyň ýaýramagy taýdan howplydygy dogrusynda duýduryş berdi.

Hardman “Ýangyn söndürijiler halky goramak üçin elinden geleni edýär” diýdi.

“Wiktoriýa ştatynyň üstünde ýyly gupba”

Meteralogiýa gullugynyň hünärmenlerinden Kewin Parkyn, aşa yssy howa tolkunynyň şenbe güni ştatyň käbir sebitlerine çenli geljekdigini we ýangynyň howpynyň artjakdygyny aýtdy.

Kewin Parkyn “Öňümizdäki 7-10 günüň dowamynda Wiktoriýanyň üstünde aşa yssy gupba bolar. Aşa yssy howa tolkunynyň öňümizdäki hepde öz täsirini dowam etdirmegi sizi geň galdyrmasyn” diýdi.

Hünärmenler aşa yssy howa tolkunyň Awstraliýada tebigy apatlara sebäp bolup biljekdigini nygtaýar.

Alymlar 1950-njy ýyllardan bäri ýurduň çar tarapyndan aşa yssy howa sebäpli ýüze çykan ýangynlaryň artandygyny mälim etdi.

2019-2020-njy ýyllarda deňi-taýy görülmedik “Gara Tomus” tokaý ýangynlary 33 adamyň ýogalmagyna we millionlarça haýwanyň ölmegine sebäp bolupdy. Ýangyn sebäpli tokaýlaryň bir bölegi küle öwrülipdi.

 

 

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us