ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidentiniň ähli ünsi Kanada, Grenlandiýa we Panama kanalynda. Trampyň islegleri hakykymy ýa-da öjükdirmek üçin öňe sürülenmi, Amerikanyň kadadan çykmagyna täze ölçeg goşýar we taryhyň gaýtalanyp-gaýtalanmajakdygy bilen bagly soraglary gün tertibe getirýär.
ABŞ-nyň täze saýlanan prezidenti Donald Trump 20-nji ýanwarda geçirilen kasam ediş dabarasynyň öňüsyrasynda Amerikanyň interwensiýa geçmişini ýada salýan batyrgaý basybalyjy pikirleri öňe sürdi.
Şol çykyşynyň düzüminde Kanadanyň ABŞ-nyň 51-nji ştaty bolmak barada çagyryş bermegi, Panamanyň möhüm kanalynyň gözegçiliginiň özlerine berilmegi barada talap bildirmegi we Daniýanyň territoriýasy bolan Grenlandiýanyň ABŞ-nyň milli howpsuzlygy üçin berilmegini teklip etmegi bardy.
Tramp Mara Lagoda beren metbugat ýygnagynda: “Adamlar bu ýerde Daniýanyň kanuny hukugynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilenoklar, emma bar bolsada ondan ýüz öwürmelidirler” diýip belledi.
Trampyň garaşsyz ýurtlaryň territoriýalary baradaky batyrgaý öňe sürmeleri global jedelleri ýaňadandan gün tertibe getiren bolup biler, emma ABŞ-nyň Amerika materiklerindäki hereketleriniň taryhy hekaýasy bar.
XIX asyryň ortalarynda Meksikanyň demirgazyk sebitlerini, şol sanda Kaliforniýany basyp almakdan başlap, Merkezi Amerikada onlarça ýyllyk harby interwensiýa çenli Waşington öz täsirini birnäçe gezek girizdi.
Demokratlar üçin bu beýanatlar örän elhenç. Emma şol bir wagtda hem ABŞ-nyň Amerika materiklerinde eden basybalyjylygynyň, Ykbalyň öňünden kesgitlenmegi manifesti we Monro doktrinasy bilen basylyp alynan territoriýalaryň, agdarylan hökümetleriň we esaslandyrylan režimleriň uzak we jedelleşikli taryhyny ýüze çykarýar.
Hereketleri ideologiýa hökmünde görkezmek
ABŞ öz serhetlerinden daşaryda Günorta Amerikadaky anti-Amerikan režimlerini agdarmakda uly rol oýnady, ondan soň bolsa tolgunyşyk mirasyny galdyrdy we Argentina, Braziliýa, Çili we Boliwiýa döwletleriniň syýasy keşplerini emele getirdi.
ABŞ Amerika materiklerinde azyndan 6 ýurda harby taýdan goşuldy.
Meksika
1846-njy ýylda ABŞ Meksika garşy uruş yglan etdi. Bu çaknyşyk 1848-nji ýyldaky Guadalupe Hidalgo ylalaşygy bilen netijelendi we ol ylalaşyga laýyklykda Meksika häzirki Kaliforniýa, Newada we Arizona ýaly ştatlardan çekilmäge we ABŞ-na bermäge mejbur galdy.
Ylalaşyk şeýle hem ABŞ-nyň üç ýyl ozal anneksiýa edilen Tehasdaky gözegçiligini berkitdi. Uruş Amerikanyň serhetlerini giňelden bolsa, uruşa gatnaşyjylaryň arasynda-da özünden soň gussaly miras goýup gitdi.
Soňra ABŞ-nyň prezidenti bolan Uliss S. Grant bu urşy "güýçli halkyň ejiz birine garşy alyp baran iň adalatsyz söweşleriniň biri" diýip ýazgardy. Bu pikir henizem Amerikanyň taryhynyň bu babyna kölege salmagyny dowam etdirýär.
Kuba
Kubanyň ABŞ bilen dartgynly gatnaşygy Ispaniýanyň adanyň gözegçiligini Waşingtona beren 1898-nji ýyldaky Ispan-Amerikan urşundan soňky iki aýry basybaljylykly döwri öz içine alýar.
Kuba ABŞ tarapyndan iki aýry gezek basylyp alyndy: ilkinjisi 1898-nji ýyldaky Ispan-Amerikan urşundan soň, ikinjisi bolsa 1906-njy ýylda adany durnuklylaşdyrmak isleýändigi bahanasy bilen başdan geçirildi.
Ilkinji basyp alyş (1898–1902) käbir taryhçylaryň Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky "millet gurluşygynyň" başlangyç nusgasy hökmünde belläp, ol ABŞ-nyň Kubanyň garaşsyzlygyny ykrar etmegi bilen tamamlandy.
1906-njy ýylda başlan ikinji basyp alyşlyk bolsa, ABŞ tarapyndan goldanýan bir hökümetden soň başdan geçirilen syýasy durnuskzylykdan gözbaş aldy. Bu basyp alyşlyk 1909-njy ýylda Amerikan tarapdary bolan bir Prezidentiň, ýagny Hose Migel Gomesiň saýlanmagy bilen tamamlandy.
Kubany durnuklylaşdyrmaga gönükdirilen bu çäreler, döwrebap taryhy şekillendirjek adanyň ABŞ täsirine garşy gowşaklygyny görkezdi.
Nikaragua
Merkezi Amerikanyň iň köp ilatly ýurdy bolan Nikaragua, 20-nji asyryň başynda "Banan söweşleri" wagtynda ABŞ-nyň gatyşmagynyň merkezine öwrüldi.
Nikaragua 1838-nji ýylda garaşsyzlyga eýe bolsa-da, liberallar bilen konserwatorlaryň arasyndaky gapma-garşylyklar bilen kesgitlenýän üýtgäp durýan syýasy ýagdaýy, Amerikanyň täsiri üçin açyklyk döretdi.
1912-nji ýylda Konserwatiw liderleriň çagyryşyna jogap edip ABŞ-nyň goşuny ýurda basyp aldy we 1933-nji ýyla çenli dowam etjek harby güýç emele getirdi.
Ýigrimi ýylyň dowamynda Waşington sebitiň dartgynly gatyşma taryhynda esasy rol oýnaýandygyny görkezip, Nikaraguanyň syýasy we ykdysady durmuşynda aşa güýç ulandy.
Gaiti
Gaitiniň ABŞ-nyň goşulmagy bilen başlan taryhy, dowam edýän durnuksyzlyk göreşini alamatlandyrýar.
1915-nji ýyldan 1934-nji ýyla çenli ada döwleti, durmuş-ykdysady başagaýlygy çözmek bahanasy bilen ýigrimi ýyla golaý Amerikanyň basyp alyşlygyna sezewar boldy.
Aslyna garanyňda bolsa, bu interwensiýa Gaitiniň Amerikan şeker kärhanasy (HASCO) we Nýu-Ýorkda ýerleşýän merkezi bank ýaly ABŞ-nyň işewürlik bähbitlerini gorady.
Basyp alyşlyk Gaitide çuňňur yz galdyrdy, syýasy ýagdaýyny üýtgedip, daşary ýurt gözegçiligine garşy reaksiýany öjükdirdi-bu dinamika, ýurt dolanşyk we howpsuzlyk krizislerine garşy göreş alyp barýarka täsirini häzirki wagtda hem dowam etdirýär.
Dominikan Respublikasy
Edil şonuň ýaly, Dominikan Respublikasy 1916-njy ýyldaky döwlet agdarylyşygynyň Günbataryň ykdysady bähbitleriniň gowşakdygyny görkezmeginden soň, ABŞ-nyň interwensiýasyna sezewar boldy. Karz we syýasy çekeleşiklerden ejir çeken bu ýurt, Karib sebitinde Amerikanyň gözegçiligi üçin ýene bir sahna öwrüldi.
ABŞ-nyň 1924-nji ýyla çenli dowam eden ABŞ-nyň basyp alyşlygy, sebiti durnuklaşdyrmagy we Latyn Amerikasynyň iň uly altyn känlerinden birine girmegi üpjün etmegi maksat edinýärdi. Ýurduň altyn känleri häzirki wagtda Kanadanyň Barrick Gold we ABŞ-nyň Newmont altyn kärhanalary tarapyndan dolandyrylýar.
Panama
1903-nji ýylda ABŞ-nyň goldawy bilen Kolumbiýadan garaşsyzlygyny alan Panama, 20-nji asyryň ahyryna çenli Waşington tarapyndan gurulan we gözegçilik edilýän global söwda taýdan uly ähmiýete eýe bolan Panama kanalynyň ýerleşýän ýagdýayna öwrüldi.
Esasan ABŞ tarapyndan 1903-1914-nji ýyllar aralygynda gurlan Panama kanaly 1977-nji ýyla çenli Waşingtonyň eýeçiligindedi we dolandyrylýardy. Strategik kanal 1999-njy ýyla çenli Panama we ABŞ bilelikde dolandyrýardy.
1989-njy ýylda ABŞ-nyň ozalky Prezident Jorj W. W. Buşuň ýolbaşçylygyndaky Merkezi razwedka gullugynyň ýarany Manuel Norýegany agdarmak üçin basybalyşlyk başlatdy.
Norýega ABŞ-nyň ýurduň ýaragly güýçlerini dargadan harby operasiýasy bilen agdaryldy. ABŞ-nyň basyp alyşlygy 1990-njy ýyllaryň başynda Amerikan tarapdary bolan bir prezidentiň ýurduň prezidenti hökmünde saýlanmagy bilen tamamlandy.
Trampyň Kanada, Grenlandiýa we Panama kanaly bilen bagly aýdan ritoriki çykyşlary aşa ýaly bolup görünse-de, has çuňňur hakykaty bize görkezýär: Amerikanyň Birleşen Ştatlary eýýäm uzak wagtdan bäri öz täsirini giňeltmek üçin harby we syýasy güýjüni ulanmaga dowam edýär.