Türkiýe
2 minut okamak
Türkiýe, Ekonomist žurnalyna duýduryş berdi: Medianyň oýunlaryna boýun egmeris
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy, Ekonomist žurnalyna Türkiýedäki kazyýet işleri bilen arabaglanşykly hakykatlary ýoýmak we Prezident R.T. Erdogany nyşana almak barada berk duýduryş berdi.
Türkiýe, Ekonomist žurnalyna duýduryş berdi: Medianyň oýunlaryna boýun egmeris
Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun
18. februar 2025

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Ekonomist žurnalyna Türkiýedäki kazyýet işleri bilen arabaglanşykly hakykatlaryň ýoýulmagy we Prezidenti R. T. Erdoganyň nyşana alynmagy barada berk duýduryş berdi.

Altun, duşenbe güni resmi X sosial media platformasyndan beren habarnasynda, Ekonomist žurnalynyň Türkiýäniň garaşsyz kazyýet organlary tarapyndan alnyp barylýan käbir işler we derňewler bilen arabaglanşykly hakykatlary ýoýmak bilen Prezidentimiz R. T. Erdogany nyşana alandygyny nygtady.

Altun “Birnäçe aýdan bäri Gazadaky genoside we Ysraýylyň edýän gyrgynçylygyna dymmak bilen syn edýän şol žurnal bize ders bermäge çalyşýar”diýdi.

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Altun mundan başgada, žurnaly ähliumy hukuk kadalaryna äsgermezçilik etmekde we Ysraýyla şertsiz goldaw bermekde günäkärledi.

Altun “ähliumy hukuk kadalaryna äsgermezçilik edýän, Ysraýyla şertsiz goldaw berýän we bigünä Palestin halkynyň hak-hukuklaryny goraýanlary garalamaga çalyşýan žurnaldan hiç zat öwrenip bilmeris. Emma bu hereketler biziň üçin berk duýduryşdyr” diýdi.

Altun, üstünlikli işleýän Türkiýäniň teleýaýlym pudagyna zeper ýetirmek üçin ýörite meýilleşdirlen bu tagallany berk tankyt edip. “Bu hereket, gönüden Türkiýäniň halkara derejesinde ünsleri özüne çekýän tele-serial pudagyny nyşana alýar we has giňişleýin meýilnama üçin esas döretmek maksady bilen taýarlanan syýasy operasiýanyň bir bölegidir. Türkiýä garşy bolan glodal dildüwüşlikden başga zat däl” diýip belledi.

Türkiýäniň ösüş maksatlaryna ýetmekde ygrarlydygyny aýdan Altun, “Emma biz Prezidentimiziň öňbaşçylygynda bu oýunlara boýun egmän, güýçli Türkiýänäniň gelejegi üçin aýgytly ädimler bilen öňe gideris” diýdi.

Altun, mundan başgada Türkiýäniň käbir etrap häkimliklerinde jemgyýetçilik serişdeleriniň nädogry ulanylmagy meslesine hem ünsi çekdi we duýduryş berdi.

 

 

 

 

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us