Bu bölümde biz jemgyýetiň saglygyny goramakda atlaryň gizlin güýjüni we olaryň jemgyýetçilik özüni alyp barşyna, kemsitmä we ýaňsylamaga nähili täsir ýetiryändigini öwreneris. Biz mpox wirusundan başlap "ispan dümewine" çenli, hatda COVID-19-a çenli hakyky mysallary seljerip, global saglygy goramakda at dakmaklygyň siziň pikir edýäniňizden has möhümdigini siziň dykgatyňyza ýetirmek isleyäris.
2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) mpox wirusynyň täze görnüşi sebäpli gyssagly global jemgyýetçilik saglyk ýagdaýyny yglan etdi. Wirus Kongo Demokratik Respublikasynda we goňşy Afrika ýurtlarynda çalt ýaýrap, global alada döretdi. Ine şu ýerde siz: "Bu ozal başgaça atlandyrylmadymy?" diýip sorap bilersiňiz. Siz mamla. Bu kesel ozal maýmyn mamasy atlandyrylýardy.
Jemgyýetiň saglygyny goraýyjy hünärmenleriň, aýratyn-da Afrikadan gelen gysyşynyň netijesinde, BSGG 2022-nji ýylyň noýabr aýynda wirusy resmi taýdan "mpox" diýip atlandyrdy. Bu başlangyç diňe bir ylmy takyklyk meselesi däldi – ol, keselleriň atlary bilen baglanyşykly bolan ýaňsylamalaryň, rasizmiň we kemsitmeleriň öňüni almak üçin edilen möhüm başlangyçdy.
Atlar näme üçin wajyp? Atlar çuňňur manylary göterip biler, käte howply stereotipleri berkidýär. Mpox ýokanjy ilkinji gezek habar berlende, onlaýn forumlar keseli Afrika halklary bilen baglanyşdyrýan rasistik teswirlerden doldy. “The Lancet” atly lukmançylyk žurnaly bu ýaňsylamanyň nähili zyýanlydyny görkezdi. Ol adamlary zerur bolan saglygy goraýyş kömeginden, sanjym etdirmekde ýa-da bejergi almakdan çetleşdirýär. Ol bolsa hemmeler üçin howpy artdyrýar.
Keselleri geografiki ýerler ýa-da adam toparlarynyň ady bilen atlandyrmagyň uzak taryhy bar, köplenç zyýanly netijeleri ýüze çykarýar. Uly bir mysal - "Ispan dümewi". Ol 1918-1920-nji ýyllardaky H1N1 pandemiýasydy. Adyna garamazdan "Ispan dümewi" hakykatdan Ispaniýada başlamady. Onuň ABŞ-nyň Kansas ştatyndan gelip çykandygy çaklanylýar. Ispaniýa ol barada diňe açyk habar berdi. Sebäbi I jahan urşy döwründe Ispaniýa bitarapdy, beýleki ýurtlar bolsa habarlary çäklendirýärdi. Netijede, pandemiýa esasan Ispaniýa bilen baglanyşdyryldy.
Keselleri adamlaryň ýa-da ýerleriň ady bilen atlandyrmak bar bolan taryhy ýalňyş garaýyşlary hem güýçlendirip biler. Mysal üçin, Daun sindromy bir wagtlar "mongolizm" diýlip atlandyrylýardy – ol üýtgetmek üçin ýyllar gerek bolan örän kemsidiji adalgady. Haçanda genetikler we goraýjy toparlar bitarap, takyk dil üçin göreşenlerinden soň, biz Daun sindromy adyny kabul etdik.
Soňky mysal 2020-nji ýyldan, COVID-19 bilen baglanyşykly. ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Donald Tramp täze koronawirusy birnäçe gezek "hytaý wirusy" ýa-da hat-da "Kung flu" diýip atlandyrdy. Onuň söz saýlawy uly reaksiýa döretdi. Tankytçylar ony rasizmi we ksenofobiýany öjükdirmekde aýyplady. Pandemiýa döwründe ABŞ-da aziýalylara garşy ýigrenç jenaýatlary barada habarlar eslije artypdy. 2020-nji ýylyň martyndan 2021-nji ýylyň iýunyna çenli Stop AAPI Hate asyly aziýaly bolan amerikanlara garşy diskriminasiýa we zorluk bilen bagly 9000-den gowrak wakany hasaba aldy.
Netije
Ulanýan dilimiziň durmuşda hakyky netijeleri bar. “The Lancet” žurnaly 2022-nji ýyldaky makalasynda wiruslary we beýleki keselleri atlandyrmakda jogapkärçilikli çemeleşmelidigimizi nygtady. Mpox wirusynyň adyny üýtgetmek dogry ýerlikli başlangyçdy. Emma saglygy goraýyş bilen bagly meselelerde adalatly, takyk we bitarap çemeleşmek üpjün etmek biziň özümize bagly.
Hormatly adamlar! Bu bölüm üçin bize berilen wagt tamam boldy. Ýene-de duşuşýançak hoş sag boluň!