Dünýä
4 min read
Çörek almaga giden çaga Ysraýylyň guran hüjüminde ýogaldy
Gazada çagalyk gysga we gussaly düýş ýalydyr.
Çörek almaga giden çaga Ysraýylyň guran hüjüminde ýogaldy
İsraýyly goşunynyň Gazze setirine niýetlenilen çoçaýyşlary dowam edýär
2024. december 16.

Gazadaky Aş Şati düşelgesine çörek almaga giden 9 ýaşyndaky Zeina Al Ghoul, Ysraýylyň guran howa hüjüminde öldürildi. Söweş we gytlyk sebäpli Gazada gündelik durmuş gün saýyn agyrlaşýar

Gazada çagalyk gysga we gussaly düýş ýalydyr.

9 ýaşyndaky Zeina Al Ghoul, Aş Şati bosgun düşelgesindäki azyk merkezinden çörek almaga giden çagalardan biridi. Çörek alyp yzyna dolanmakçydy emma 27-nji oktýabrda kakasy bilen birlikde BMG-nyň gözegçiligi astynda bolan mekdepde nobata garaşýarka, Ysraýyl howa hüjümini gurady. Zeina şol hüjümde aradan çykdy.

Kakasy hüjümde agyr ýaralandy. Hüjümde 3-i žurnalist palestinaly 8 adam ýogaldy.

“Özümi diýseň erbet duýýaryn. Çagalar gözümiň öňünde Ysraýylyň raketa hüjümlerinde öldürildi” diýýar Zeinanyň dogan oglany we Palestinaly şahyr Ýousri Al Ghoul. Zeina hakda gürrüň edýärkä duýguly pursatlary başdan geçirýär.

Zeina, beýleki adamlar ýaly bombalar bilen gabaw astyna alynan şäherinde ýaşamak üçin howpsuz ýer tapmak umydy bilen şol mekdebe gelipdi. Bir wagtlar maşgalalar bilen doly köçeler, indi durmuşyň garaňky günlerine şaýatlyk edýär.

Dört gezek öýünden zor bilen çykarlan Sara, TRT Worlde “Gazadaky bir çaga indi çaga däl” diýýär we sözlerine dowam edýär. Soňky gezek Gazanyň demirgazygyndan günortasyna gaçypdyr. Ol ýerde azyk we agyz suwy diýseň çäkli mukdarda paýlanýar.

“Diýseň az azyk paýlaýarlar” diýýär we dowam edýär. “Bir tabak uzadanyňyzda diňe size ýeter ýaly berýärler. Maşgalanyň her bir agzasy öz azygyny nobata durup özü almaga mejbur”. Maşgalalar bu agyr durmuşda ýaşamaga öwrenişdi, çagalaryny ynsanperwer kömegini paýlaýan merkezlere azyk we suw almaga ugradýar.

Bu ýerde çagalyk, söweş sebäpli ýok bolan adalgalardan biri. “Bilim ýok, derman ýok, saglygy goraýyş hyzmady ýok, ýeterlik azyk ýok. Hatda her iki çagadan biri pul gazanmak üçin işleýär” diýýär.

Münen atlaryna we eşeklerine gözegçilik etmekde kynçylyk çekýän oglanjyklaryň, kiçijik ellerine diýseň agyr gelýän işler bilen gün güzeranyny dolandyrmaga çalyşýandyklaryny gürrüň berýär.

Ýousri “Halkara jemgyýetçiligine: Siziň dymmagyňyz jenaýata şäriklik etmekdir” diýýär; sözleri hem çagyryş hem-de ýazgarma ýalydy.

Ysraýylyň harby goşuny Gazanyň demirgazygynda palestinalylary nyşana almaga dowam edýär. Palestinalylaryň bolýan mekdeplerine operasiýa guraýar we içindäki ynsanlary kowup dyşary çykarýar.

Ýousri “Men Aş-Şatinden çykaryldym we Jebaliýa ýerleşdirildim” diýýär, “emma Ysraýyl, maşgalamyň bolýan düşelgesini Eş-Şatini gabaw astyna almaga başlady”.

“Ysraýyl maksadyna ýetip bilmez we biz azatlygymyza eýe bolarys”

Häzirlikçe, Gazanyň çagalary diýseň agyr günleri başdan geçirýär. Gazada çagalyk, ölmezlik we ýaşamak üçin gurban edildi we Gazada ýaşamak gaty kyn.

 

Gazanyň demirgazygyna goldaw berilmeli

 

 

Gazanyň demirgazygynda durmuş şertleri gün saýyn agyrlaşýar. Howa we gury ýer hüjümleri, gabaw we ynsanperwer kömekleriniň bökdelmegi sebäpli ynsanlar diýseň agyr şertlerde ýaşamaga çalyşýar. Oktýabr aýynyň başyndan bäri azyk gelmedi.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri 26-njy oktýabrda Kemal Adwan hassahanasyna hüjüm gurap hassalary we saglygy goraýyş işgärlerini azykdan we suwdan mahrum etdi.

BMG-nyň Gumanitar işlerden jogapkäri Joýs Msuýa, basyp alyşlyk astyndaky Gazanyň ýagdaýyny gürrüň berýärkä “Hassahanalar bombalandy, saglygy goraýyş işgärleri saklandy” diýdi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, bombaly hüjümler sebäpli has köp hassany kabul etmeli bolýan hassahanalar meselesinde “betbagtçylyk” saglygy goraýyş krizisi boýunça duýduryş berýär. Enjam we derman ýetmezçiligi sebäpli ýogalanlaryň sany köpelýär we saglygy goraýyş pudagynyň şertleri agyrlaşýar.

Gabaw sebäpli çaga ysmazyna garşy sanjym kampaniýasynyň dowam etdirlip bilinmändigi üçin ýokanç keselleriň artmagyna alada bildirilýär.

BMG-nyň Baş sekretary Antoni Guterreş, saglygy goraýyş merkezleriniň we asuda ilatyň nyşana alynmagyna geň galýandygyny beýan etdi.

 

Başga Ýere Göçürmek Kampaniýasy

Ýousri, Gazanyň demirgazygynda başdan geçirilýän wagşyçylygyň, Ysraýylyň palestinalylary topraklaryndan zor bilen çykarmak baradaky bilkastlaýyn tagallasynyň bir bölegidigine ynanýar.

Ysraýylly ozalky general Giora Eiland, sentýabr aýynda Gazanyň demirgazygyndaky ilatyň öýlerini terk etmegi üçin “açlyk” strategiýasynyň alnyp barylmagy boýunça çagyryş edipdi.

Resmi taýdan bolmasada şuňa meňzeş çäreleriň täsiri gün saýyn artýar. Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri gazalylaryň hereket mümkinçiligini çäklendirýär we ynsanlaryň howpsyz ýerlere gitmegini bökdeýär. Gaçmaga synanşanlar hem ýolda ölüm howpyna sezewar bolýar.

Palestinalylaryň bir bölegi üçin gaçmak hem çykalga däl, giden halatlarynda asla yzyna dolanyp bilmejekdikleri sebäpli gorkýarlar. Ýousri bilen birlikde beýleki ýoldaşlary, ýagdagyň gün agyrlaşýandygyna garamazdan, ýerlerini terk etmejekdiklerini nygtaýar.

Gazanyň halky gabaw astynda we ol ýerdäki durmuş hüjümler sebäpli gün saýyn agyrlaşmaga dowam edýär. Ýousri dünýä ýurtlaryna herekete geçmekleri üçin çagyryş berýär.

“Herekete geçmegiň, goldaw bermegiň, ölümleriň bes edilmegini talap etmegiň wagty geldi”diýýär.

 

 

GÖZBAŞY:TRT Turkmen
TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us