Syýasat
4 minut okamak
Germaniýa Şolsa berilýän goldawyň azalmagyndan soň öwrülşik nokadynda
2025-nji ýylda geçiriljek möhletinden irki saýlawlara taýýarlyk görýän Germaniýa ykdysady we geosyýasy kynçylyklary başdan geçirýär. Bu ýagdaý ýurduň gelejekdäki dolanşygy we onuň Ýewropa ýetirjek täsirleri bilen bagly soraglary ýüze çykarýar.
Germaniýa Şolsa berilýän goldawyň azalmagyndan soň öwrülşik nokadynda
19 de fevereiro de 2025

Germeniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols noýabr aýynda Maliýe ministri Kristian Linderi wezipeden boşadandan soň, üstümizdäki hepdäniň dowamynda öz soňuny taýýarlady.

Bundestagda (Nemes parlamenti) geçirilen ynam sese goýulşygynda garaşýan netijesini alyp bilmedik Şols, 2025-nji ýylyň 23-nji fewralynda geçiriljek möhletinden irki saýlawlaryň startyny berdi.

Bu syýasy göçüm, Germaniýanyň üç partiýaly “Ýol-gatnaw çyralary koalisiýasynyň” (gyzyl-sosial demokratlar, sary-liberallar we ýaşyl-ýaşyllar) soňuny getirdi hem-de Ýewropanyň ykdysady güýjüniň ykbaly taýdan möhüm pursadyň habarçysy boldy.

Öwrülşige bolan isleg gutardy we halk köpçüligi “ozalky gowy günlerine” dolanyp barmagy saýlap aljaga meňzeýär. Şolzuň häkimiýetiniň çöküşi, ynamly reformalaryň mizemez hakykatlar bilen kakyşma taryhy.

Halk köpçüliginiň goldawy azaldy

Şolsuň üç partiýaly koalisiýasy gün-tertbini iş ýüzüne geçirmekde kynçylyk çeken bolsa, halk köpçüliginden alýan goldawyny hem ýitirdi. Germaniýa umuman depginli özgerlişiklere seresaply çemeleşýär we ýokary çykdajylara taýýarlykly däldi. Başarnyksyz aragatnaşyk strategiýa bilen başlanan reformalar we garaşylmadyk netijeler halkda nagilelik döretdi.

Koalisiýanyň her bir şärigi birnäçe aragatnaşyk ýalňyşlygyndan jogapkär saýylyp bilner. Ukraina haýsy ýarag ulgamlarynyň ugradyljakdygyna karar berip bilmedi; goldaw bilen gorkynyň arasynda ikirjiňli galdy.

Federal kansleriň orunbasary Robert Hebesk howanyň üýtgemegi boýunça maksatlaryna ýetmek üçin öýlerdäki ýyladyş ulgamlaryny çalyşmagy ýeňiljek çözgüt hökmünde gördi. Emma kanun taslamasynyň alynky teksti liberallar tarapyndan metbugata ýetirildi we gazetler Habeski gaz we nebit ýyladyş ulgamlaryny gymmat bahaly ýyladyş pompalary bilen çalyşmaga mejbur boljak öý eýelerini maliýe taýdan ýitgä sezewar etjek “Ýyladyş çekiji” hökmünde günäkärlendi.

Liberallar şeýle hem 27 agza ýurduň uzak ýyllardan bäri dowam edýän gepleşikler netijesinde ylalaşylan ÝB-niň düzgünnamasyny weto edip, Germaniýanyň ÝB-däki karar kabul ediş tapgyryndaky ygtybaryna zarba urdy.

Hökümetüň ýokardan aşaga bolan çemeleşmesi ençeme adam tarapyndan paternalist häsýetlendirildi we öwrülşigiň düşýän gymmaty, göz öňünde tutulan bähbitden has ýokary geçmäge başlady.

 

Ykdysady kynçylyklar

Koalisiýanyň düzümindäki çekeleşikler hem hökümete zeper ýetirdi. Sosial demokratlaryň, liberallaryň we ýaşyllaryň liderleri Şols, Linder we Habesk, başlangyçdaky jebisligi dowam etdiren hem bolsalar, tapawutly dünýä garaýyşlary we şahsy özbolyşlyklary günsaýyn güýçli duýulmaga başlady.


            Lindneriň açgözligi esasanda kiçi şärik pozisiýasynda dartgynlyga sebäp boldy. Şol bir wagtda-da işewür dünýäsiniň lobbiçisi ýaly hereket etmegi we ýurduna hyzmat edýän lider hökmünde görülmezligi tankytlara sebäp boldy.

Daşarky faktorlar hem şertleri çylşyrymlaşdyrdy. Germaniýanyň eksporta esaslanýan ykdysadyýeti, global üpjünçilik ulgamyndaky näsazlyklar, infliýasiýa we energiýa çökgünligi sebäpli uly ýitgi çekdi.

Bu meseleleriň bir bölegi günbataryň Russiýa goýan sanksiýalary, Ukrainadaky we Ýakyn Gündogardaky uruşlar, Somalili garakçylaryň Afrikada konteýner gämilerine guran hüjümleri sebäpli ýüze çykdy. Emma pandemiýadan galan uzak möhletli täsirler hem globallaşma ýaramaz täsir ýetirdi.

Bu kynçylyklar garraýan ilat, el güýji ýetmezçiligi we esasanda kömekçi senagat atlandyrylýan nemes senagatynyň täzeçillikdäki bökdençlilkler ýaly konstruktiw ejizlikleri ýüze çykardy. Awtoulag pudagy içerden otlanýan hereketlendirijilerden elektromobillere geçiş tapgyrynda ýeterlik başarnyga eýe bolup bilmedi.

 

Radikalizmi beýgelişi

 Populizmiň beýgelişi Germaniýanyň syýasy sahnasyna beýleki bir çylşyrymly gatlagy goşdy. Näbelli wagtlarda radikallar hem sag hem-de çep fraksiýalarda amatly ýerler edindi we Germaniýanyň uruşdan soňky liberal, hoşniýetli we inklýuziw jemgyýet bolma konsesusyny derňedi.

Aşa sagyň iň radikal wekili Germaniýa üçin alternatiw partiýasydyr. Bu milletçi, rasist, immigrasiýa garşy durýan partiýa popülist stratregiýa eýerýär; duýgulara ýüzlenýär, ýönekeýleşdirilen ýüzlenmeler berýar we bar bolan syýasy ulgama bökdençlikler döretmäge çalyşýar.

Beýleki burçda bolsa sowatly Marksistlerden Dr. Sahra Wagenkneşt bar. Ozalky Gündogar Nemes Kommunistik partiýasynyň agazasy bolan Wagenkneşt öz guramasyny döredip, Gündogar Germaniýadaky iki sebitleýin hökümetde dessine kiçi şarik boldy.

Wagenkneşt karizmatiki liderligi, çepçi ykdysady syýasatlary we immigrantlara garşy çykyşlary jebisleşdirýär. İki aşa partiýa hem tapawutly syýasy ulgam isleýär we ikisem Russiýanyň tarapynda durýar.

Germaniýa möhletinden irki saýlawlara taýýarlanýan bolsa, saýlawçylar yzgiderlilik bilen adamlaryň aladalaryny manipulirleýän popülistlerden biri saýlamaly bolar.

 

Täze hökümet, Şol bir syýasatlarmy?

2025-nji ýylda iň ähtimal netije merkezdäki şertleriň täzeden seljerilmegi bolsa gerek. Oppozisiýadaky konserwatorlaryň güýçlenmegine garaşylýar, emma ýekelikde häkimiýetiň başyna gelmek üçin ýeterlik bolmaz. Bu ssenari Germaniýadaky nobatdaky hökümetiň görnüşde tapawutly, ýöne syýasatda ozalky hökümete meňzeş boljakdygyny görkezýär.

 

Meseleleri çözüp bilermi?

Golaýlap gelen saýlawlar nemes jemgyýetindäki özgerlişik zerurlygy bilen durnuklylyk arzuwynyň arasyndaky çuňňur dartgynlygy beýan edýär. Daşarky gysyşlar-ABŞ-daky täze höklümet, global söwda söweşleri we howpsuzlyk bilen bagly wehimler-artdygy saýyn, Germaniýada iş başyna geljek nobatdaky hökümeti seresaply saýlawçylardan has ygrarly başlangyçlar etmäge mejbur bolup biler.

Netijede öňümizdäki iki aýyň dowamynda gysga saýlaw kampaniýasynda sahnalanjak zat Germaniýanyň syýasy dramasy, ençeme günbatar demokratiýasynyň başdan geçiren kynçylyklarynyň mikrokosmosy: Degişli özgertmeleri halkdan çetleşmän nähili iş ýüzüne geçireris?

Bu deňagramlaşdyrma aksiýasynyň netijesi Germaniýanyň serhetlerinden alyşlarda-da beýan tapar we Ýewropanyň geljegini hem-de global sahnadaky pozisiýasyny kesgitlär.

Hoş habar şeýle; Germaniýada çuňňur çökgünlik ýok we saýlawyň netijeleri agyr özgertmelere sebäp bolmaz. Koalision hökümetiň täze düzümde gurulmagy halk ony islän halatynda demokratiýa ulgamynda adaty ýagdaýdyr. Emma şeýle sorag bar: Bu başdan geçirilýän kynçylyklary ýeňip geçmek ýeterlik bolarmy?

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us