Tehnologiki agalyk ugrunda bäsdeşlik ýarymgeçiriji senagatyny geosyýasy çaknyşyklaryň arenasyna öwürdi.
Hytaýyň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň biri bolan Huawei şeýle hyzmatdaşlyklara böwet basmagy maksat edinýän ABŞ-nyň sanksiýalaryna garamazdan iň soňky emeli aň tehnologiýasynda Taýwan Ýarymgeçiriji Öndüriş Kompaniýasy (TSMC) tarapyndan öndürilen ösen çipleri ulanmakda aýyplanýar.
Bu maglumat Huaweiniň Hytaýda ýerleşýän çip dizaýneri Sophgo we kriptowalýuta gazyp alyş enjamlaryny öndürýän Bitmain ýaly üçünji tarap kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda ABŞ-nyň söwda çäklendirmelerini böwsendigi baradaky habarlardan soň geçen hepde ýüze çykdy.
Iki kompaniýa bu aýyplamalary ret eden hem bolsa, kompaniýanyň resminamalaryna görä, Sophgo kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri bolan Micree Zhan, şol bir wagtyň özünde Bitmainiň esaslandyryjylarynyň biridir.
ABŞ-nyň sanksiýalaryndan soň Hytaý ýarymgeçiriji senagatynda öz-özüne ýeterlik bolmagy gazanmak üçin uly tagalla edýärdi.
Huawei bu çemeleşmäniň bir bölegi hökmünde geçen aý Nvidia kompaniýasynyň H100 modeline bäsdeş hökmünde görülýän Ascend 910C çipini synagdan geçirmäge başlady.
Ýöne Huaweiniň söwda gadagançylyklaryna garamazdan TSMC çiplerini ulanyp bilmegi, Hytaýyň tehnologiýa garaşsyzlygy baradaky beýanatlarynyň dogrulygy bilen bagly jedelleri gaýtadan güýçlendirdi we global söwda çäklendirmeleriniň berjaý edilmegi bilen bagly aladalary artdyrdy.
Bloombergiň habaryna görä, Huawei-niň TSMC çip önümçiligine bolan garaşlylygy, Hytaýyň kämil çipleri ýeterlik möçberde öndürmek boýunça dowam edýän kynçylyklaryny görkezýär we Aziýanyň ägirdiniň içerki şertlerde ýokary derejeli çipleri öndürmek ukybyny has-da gowşadyp biler.
"Yzky gapy" strategiýalary
Zero Risk International kompaniýasynyň howp seljermeleri boýunça analitigi we direktory bolan Tony Loughran sanksiýalary böwüsmek geçmek üçin üçünji tarap üpjün edijileri ulanmagyň—köplenç "yzky gapy" usuly diýlip atlandyrylýandygyny—täze usul däldigini belleýär.
"Yzky gapy ýa-da üçünji tarap üpjünçiligi, uzak ýyllardan bäri döwletler tarapyndan ulanylan usuldyr" diýip, Loughran TRT World bilen söhbetdeşliginde aýdýar.
Ol bu düşünjäni taryhy mysal bilen düşündirýär:
"Iki gezek bolup geçen Yrak urşunda nebit eksportyna girizilen gadagançylyklara garamazdan döwletler gara bazarda nebit söwdasyny edip bilýärdiler. Isleg ýokary bolan halatynda girdejili tor döretmäge taýyn bolan adamlar hökman tapylar."
Şeýle model Huawei üçin hem ulanylýar.
Ascend 910B prosessorlarynyň TSMC-niň ösen 7 nanometr tehnologiýasyndan peýdalanyp öndürilmegi ähtimal. Bloomberg bu çipleriň azyndan biriniň Huawei-iň iň soňky AI tehnologiýalarynyň käbir böleklerinde tapylandygyny habar berýär.
Huawei, 2020-nji ýylyň awgustynda ABŞ-nyň "gara sanawyna" girizilenden soň, çip önümçiliginde esasan Semiconductor Manufacturing International Co. (SMIC) ýaly içerki öndürijilere bil baglamaly boldy.
Emma, SMIC tarapyndan öndürilýän AI çipleriniň pes öndürijiligi (diňe önümçiligiň 20%-niň islenýän derejede işleýändigi aýdylýar) Hytaýyň ýarymgeçiriji senagatynyň kynçylyklaryny aç-açan görkezýär. Bu ýagdaý, Huaweini zerur çipleri başga ýerlerden tapmaga mejbur edip biler.
Bu nähili işlär?
Çäklendirilen tehnologiýany gizlin kanallar arkaly edinmek prosesi köplenç üçünji tarap kompaniýalary öz içine alýar. Bu kompaniýalar resmi taýdan kanuny müşderilere hyzmat edýän ýaly görkezilip, hakyky üpjünçiligi gadaganlyklara sezewar edilen guramalara gönükdirýärler.
Loughran bu tejribäniň döredýän howplary barada duýdurýar:
"Esasy alada, eger ýarymgeçiriji çipler sanksiýalary şeýle aňsatlyk bilen aýlanyp geçip bilýän bolsa, onda ösen ýaraglar we goranyş ulgamlary ýaly has howply sebitlerdäki tehnologiýa bilen baglanyşykly uly howplar ýüze çykyp biler."
Loughran muny Ysraýylyň peýjer hüjümi wakasy bilen deňeşdirýär:
"Bu hadysa, Taýwanyň belli bir peýjerleri üçünji tarap üpjün edijä satyp, soňra olaryň 'Hizbullahy' nyşana aljak görnüşde üýtgedilmegi bilen baglanyşykly soňky waka meňzeýär."
Onuň bu deňeşdirmesi gowşak düzgünleşdirilen tehnologiýa üpjünçilik zynjyrlarynyň howplaryny görkezýär.
Tehnologiýa garaşsyzlygy üçin göreşmi?
Hytaýyň özbaşdaklyk tagallalary, Prezident Si Szinpiniň Günbatar bilen dartgynly gatnaşyklary göz öňünde tutup, tehnologiýa garaşsyzlygyny ileri tutmagy bilen baglylykda ýurduň tehnologiýa strategiýasynyň esasy düzümini emele getirýär.
Ýöne Huaweiniň soňky AI prosessorlarynda TSMC-den garaşlylygyny dowam etdirmegi, bu maksatlaryň entek doly amala aşyrylyp bilinmeýändigini görkezýär.
Hasabatlar Huaweiniň öz çiplerini ykdysady taýdan netijeli derejede öndürmekde kynçylyk çekýändigini görkezýär.
Baýdeniň administrasiýasy berk eksport gözegçiligini girizenden soň, TSMC we beýleki üpjün edijileriň operasiýalarynyň esasy bölegi ABŞ-nyň tehnologiýalaryna esaslanýandygy sebäpli ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň eksport rugsady bolmazdan Huawei kompaniýasyna önüm ýa-da hyzmat bermegi gadagan edildi.
Bu sanksiýalaryň netijesinde Huawei ençeme komponentiniň önümçiligini içerki şertlerde amala aşyrmaga mejbur boldy.
Gelejekdäki mümkinçilikler
Huaweiniň ösen ýarymgeçirijilere elýeterliligi bilen baglanyşykly jedeller dowam edýän bolsa, Loughran, hökümetleriň we tehnologiýa kompaniýalarynyň bu ýagdaýyň öňüni almak üçin alyp biljek çäreleri barada maslahat berýär:
"Tehnologiýa kompaniýalary, aýratyn hem sanksiýalara sezewar bolan ýa-da has ýokary howpsuzlyk talap edýän pudaklarda üpjünçilik zynjyrlarynyň ygtybarlylygyny tassyklamak üçin garaşsyz gözegçiler bilen işleşmelidirler."
Bu çäre, Huawei-TSMC meselesinde bolşy ýaly, yzky gapy söwdasynyň öňüni almak üçin ýardam edip biler.
Loughran şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasy ýaly halkara guramalarynyň bu meseleleri kadalaşdyrmakda eýe bolan ornuna ünsi çekýär we halkara hyzmatdaşlygyň zerurdygyny belleýär.
"Birleşen Milletler Guramasy bu meselede global sanksiýa gözegçiligi boýunça çarçuwany kesgitlemeli we bu ugurda halkara düzgünlerini berkidip biljek täze çäreleri göz öňünde tutmaly."