Syýasat
1 minut okamak
Gruziýanyň ýokary kazyýeti, prezidentiň saýlawyň netijeleri baradaky talabyny ret etdi
Ýokary kazyýetiň soňky kararyna nägilelik bildirilmegiň mümkin däldigi nygtaldy.
Gruziýanyň ýokary kazyýeti, prezidentiň saýlawyň netijeleri baradaky talabyny ret etdi
20 de febrero de 2025

Gruziýanyň Ýokary kazyýety, Prezident Salome Zurabişwiliniň oktýabr aýynda geçiren we uly jedelleşige sebäp bolan parlament saýlawlarynyň netijeleriniň bes edilmegi baradaky talabyny kabul etmedi.

Geçen anna güni kabul edilen we sişenbe güni ýokary kazyýetiň internet saýtynda berlen kararda, Prezident Zurabişwili tarapyndan gozgalan işiň kabul edilmejekdigi we hiç hili derňewiň geçirilmejekdigi nygtaldy.

Kazyýet mundan başgada Gruzin arzuwy partiýasynyň üstünligi bilen netijelenen saýlawyň netijelerine garşy, oppozisiadan 30 halk deputaty tarapyndan gozgalan başga bir işi hem ret etdi.

Şeýle hem karara hiç hili nägilelik bildirlip bilinmejekdigi ýada gaýtadan seljerilmejekdigi nygtaldy.

Dowam edýän protest ýörişler

Zurabişwili, 19-njy noýabrda 26-njy oktýabrda geçirlen parlament saýlawlarynyň netijeleriniň bes edilmegi üçin Ýokary kazyýete ýüz tutdy. 26-njy oktýabrda geçirlen saýlawda Gruzin arzuwy partiýasy sesleriň 53,93 göterimini alyp 150 kürsüli parlametde 89 kürsä eýe bolupdy.

Premýer-ministr Irakli Kobakhidze bilen birlikde Gruzin arzuwy partiýasynyň ýolbaşçylary saýlawyň netijelerine kanagatlanma bildirdi.

Emma Zurabişwili, netijeleri kabul etmeýändigini we saýlawlara Russiýanyň goşulşandygyny öňe sürdi. Oppozisiadaky partiýalar bolsa saýlawlarda galplyk edilendigini öňe sürdi we hökümete garşy protest ýörişleri geçirildi we ÝB-ne agzalyk gepleşikleri saklandy.

Premýer-ministr Kobakhidze, saýlawda galplyk edilendigi hakyndaky garaýyşlary kabul etmedi.

Prezident Zurabişwili Ýokary kazyýetiň kabul eden karary hakynda heniz hiç hili garaýyş beýan etmedi.

 

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us