Gazadaky Uruş
6 minut okamak
Palestinaly bir lukman Gazadan çykmagy ret edeninden soň Ysraýylyň tussaghanasynda ýogaldy
Dr. Adnan Al-Burşuň ýogalmagy we Ysraýylyň resmileriniň jesedini bermeginden boýun gaýtarmagy, onuň gynalyp öldürilendigi baradaky aladalary artdyrdy.
Palestinaly bir lukman Gazadan çykmagy ret edeninden soň Ysraýylyň tussaghanasynda ýogaldy
Gaza
17 فوریه 2025

Şu aýyň  başynda uruşdan weýran bolan we agyr sütem çekýän palestinalylar ýene-de bir erbet habar bilen oýandylar: töweregine bombalar ýagyp dursa-da, Gazadaky ýaralylary bejermäge dowam eden meşhur lukman Dr. Adnan Al-Burş, Ysraýyl goşunynyň göz tussaglygynda bolan mahaly öldürildi.

Gazada bombalanan Al-Şifa hassahanasynyň Ortopediýa bölüminiň başlygy bolan Al-Burş, basylyp alnan Günbatar Şeriada ýerleşýän we palestinalylaryň rehimsiz şertlerde saklanýan gözegçilik merkezlerinden biri hökmünde tanalýan Ysraýylyň Ofer harby tussaghanasynda aradan çykdy.

Öňki çaknyşyklaryň dowamynda Gazadaky hassahanalarda Al-Burş bilen bile işleşen Iňlis-Palestinaly plastiki we rekonstruksiw hirurg Ghassan Abu Sittah: "Ol ölýänçä çenli urlupdyr. Şol tussaghanada onuň bilen bile galan öňki tussaglylar onuň ýüzünde we kellesinde ýenjilen yzlaryň bardygyny aýtdylar" diýip belledi.

Al-Burşuň ölümi baradaky habar diňe 2-nji maýda Karam Abu Salem serhet geçelgesinde boşadylan käbir tussaglylaryň palestinaly raýat jemgyýetçilik guramalaryna bu barada habar bermeklerinden soň köpçülige ýaýrady. Ysraýylyň goşuny onuň 19-njy aprelde ýogalandygy baradaky habary tassyklady.

Ysraýyl Al-Burşuň jesedini bermegi ret etdi, aktiwistler bermezlikleriniň sebäbiniň Tel-Awiwiň onuň gynalyp öldürilendiginiň dünýä tarapyndan bilinmegini islemeýändigini aýdýarlar.

Abu Sittah: "Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) ölüm sebäbiniň anyklanmagy we maşgalasynyň rahatlyk tapmagy üçin jesediniň yzyna berilmegini talap etmelidir. Häzirki wagtda Ysraýyl tussaghanalarynda 100 saglygy goraýyş işgäriniň jany howp astynda" diýip belledi.

11-nji maýda CNN, göz tussaglygyna alynýan merkezlerde işleýän maglumatçylar bilen geçirilen söhbetdeşliklere esaslanýan we Gazada tussag edilen palestinalylaryň nähili urlýandygy, gözleriniň daňylýandygy, baglanan gol gandallary sebäpli elleriniň kesilýändigi we ar almak üçin depilip ýenjilýändigini gürrüň berýän hasabat çap etdi.

Abu Sittah, Al-Burş we başga bir palestinaly lukman Dr. Ahmed Muhannanyň dekabr aýynda Ysraýyl goşunynyň Gazanyň Jabalia bosgun düşelgesinde ýerleşýän Al-Awda hassahanasynda reýd geçiren wagty "milli howpsuzlyk" sebäpleri bilen tussag edilendigini aýtdy. Şondan bäri ýagny Ysraýylyň Al-Burşuň Ofer tussaghanasynda ölendigini tassyklaýança çenli olaryň ykbalyna degişli hiç bir habar ýokdy.

Abu Sittah TRT World bilen geçiren gürrüňdeşliginde Muhannanyň heniz hem tussaglykda saklanýandygyny aýtdy: "Aklawçy ýok, Halkara Gyzyl Haç Komiteti ýok, hiç zat ýok" diýdi. Abu Sittah 7-nji oktýabrdan bäri göz tussaglygyna alynan palestinalylaryň hiç biriniň kanuny wekil bolmandygyny, daşary ýurt bilen aragatnaşyk saklamandyklaryny we “Hiç hili kazyýet tapgyrynyň” bolmandygyny beýan etdi.

Görmediksirän bolmak

Palestinaly tussaglylar birleşigi 2-nji maýda beren beýanatynda Al-Burş bilen birlikde Gazadan gelen azyndan 18 palestinalynyň Ysraýylyň gözegçiliginde ölendigini mälim etdi.

Ysraýylyň tussaghanalarynda gynag edilýändigi barada köp sanly subutnama bar bolsa-da, Günbatar dünýäsindäki ýolbaşçylar oňa garşy hiç hili çäre görmeýärler. Beýleki tarapdan bolsa ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň hökümeti, ýüz öwrülmesiz hyzmatdaşy Ysraýyla nähili ýaraglaryň berilmelidigi baradaky çekişmeler bilen başagaý.

Adam hukuklaryna gözegçilik guramasynda Ysraýyl we Palestina meseleleri boýunça ylmy derňew işgäriniň kömekçisi Milena Ansari: “Dr Adnan Al-Burşyň we beýlekileirniň Ysraýylyň göz tussaglygynda bolan mahaly öldürilmegi bilen baglanyşykly garaşsyz derňewleriň geçirilmegi, adalat we jogapkärçilik taýdan uly ähmiýete eýedir. Ysraýyl Dr. Adnanyň jesedini mertebeli ýagdaýda jaýlanmagy üçin maşgalasyna bermelidir” diýip belledi.

TRT World kanalyna beýanat beren Ansari: “Jezasyzlyk has köp adam hukuklarynyň bozulmagyna sebäp bolýar; Ysraýyl onlarça ýyl bäri palestinaly tussaglylary gynaýar we olara zulum edýär” diýdi. Ansari Al-Burşyň ýogalmagynyň bir harby jenaýat bolup-bolmandygy barada beýanat bermedi, onuň topary bolsa “Palestinaly tussaglylaryň gynamalar we ýowuz çemeleşmelere sezewar edilýändigini” beýan etdi.

Ölülere garşy uruş

Gynamalar we erbet daramalar bilen birlikde Tel-Awiw palestinaly tussaglylaryň jesetlerini yzyna bermezlik syýasatyny alyp barýar.

2019-njy ýylda Iýerusalim Hukuk taýdan kömek we Adam Hukuklary Merkezi (JLAC) tarapyndan çap edilen hasabata görä, Ysraýylyň kanunlary hökümete palestinalylaryň jesetlerini "has giň göwrümli garşylyk çäreleriniň bir bölegi hökmünde" saklanmaga we olary "mümkin bolan söwda serişdesi" hökmünde ulanmaklygyna rugsat berýär.

Adam hukuklaryna gözegçilik guramasyndan Ansari: “2017-nji ýylda Ysraýylyň Ýokary kazyýeti jesetleri saklamak üçin döwletiň kanuny esaslarynyň ýokdugyny aýtdy. 2019-njy ýylda aýdanlaryny üýtgetdi we hökümetiň Hamas bilen baglanyşykly adamlaryň we ysraýyllylary öldüren ýa-da ýaralaýan adamlaryň jesetlerini saklamak syýasatyny goldady” diýip habar berdi.

Ansari: “Emma şol syýasat halkara adam hukuklarynyň degişli bolan tarapyň talabyna laýyklykda ýogalanlaryň galyndylaryny yzyna bermegi ýeňilleşdirmek üçin tagalla edilmelidigi baradaky sözlerine açyk ýagdaýda ters gelýär” diýip belledi.

Ansari: “Hiç hili bidüzgünçilikde günäkärlenmedik ýogalan adamlaryň maşgalalaryna bilkastlaýyn we bikanun jeza bermek, halkara ynsanperwerlik kanunlarynyň ýene bir çynlakaý düzgün bozulmagydyr. Şeýle hem, öldürilenleriň maşgalalaryna rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da mertebäni kemsidýän çemeleşme bolup biler, ol bolsa halkara adam hukuklary kanunlarynyň bozulmagydyr” diýip nygtady.

Indi bolsa Al-Burşyň maşgalasy gynamalara sezewar galýar.

Dr Adnanyň aýaly Ümmü Ýazan, Al Jazeera beren beýanatynda: “Häzirki wagta çenli jesedini alyp bilmedik we gonamçylyga jaýlanmazlygy ýa-da günorta taşlanmazlygy barada Alla dileg edýärin. Onuň bilen hoşlaşyp bilmek we şehit edilmeden ozalky soňky pursatlaryny görüp bilmek üçin demirgazyga gaýdyp gelmegini isleýärin” diýip gürrüň berdi.

Ozal Palestinaly tussaglylar guramasy Addameer-de işlän Ansari, Ysraýylyň şol syýasatynyň eýýäm onlarça ýyl bardygyny we ýogalan adamlaryň jesetleriniň esasan hem morglarda saklanýandygyny ýa-da “Belgiler gonamçylygynda” jaýlanýandygyny belläp: “90-njy ýyllardan bäri jesedi saklanýan bir tussagly bar” diýip mälim etdi.

Ansari: “Bu bir basyş we agalyk ulgamynyň bir bölegidir. Maşgalalary jezalandyrmak we beýlekileriň öňüni almak üçin edilýär” diýdi.

Onuň pikiriçe, ysraýyllylar adam hukuklarynyň basgylanmagynyň subutnamalaryny gizlemek isleýärler. Addameer ozal jesetleri gizlemek praktikasynyň kazyýetden daşary öldürmeleriň ýagdaýyny açyp biljek derňewlere päsgel berýändigini habar beripdi.

Al-Burşyň ölümi bilen soňky 7 aýda Ysraýyl goşuny tarapyndan azyndan 496 saglygy goraýyş işgäri öldürildi.

Ysraýylyň Gazada guran hüjümlerinde aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat 34 000-den gowrak palestinaly öldürildi.

Gazada asudalyk içinde ýat!

Al-Burş Gazanyň demirgazygyndaky Jabaliýada doguldy. Ol Rumyniýada lukmançylyk ugrundan bilim aldy we Angliýadaky we Germaniýadaky hassahanalarynda lukmançylyk bilimini aldy.

Abu Sittah: "Ol hakykatdan hem durmuşyna aşykdy. Işine gitmezinden ozal ir turup deňze girmegi halardy. Gyş paslyndada suwa düşerdi. Ol elmydama işjeňdi we hemişe gülerdi" diýip, ýatlaýar.

2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Al-Burş Gazadaky iň uly lukmançylyk merkezi bolan Al-Şifa hassahanasynda emosional wideo ýazga aldy. Ol hassahananyň elektrik toksuz we suwsyz işlemäge mejbur edilendigini dünýä görkezdi.

8-nji maýda Londondaky King's College binasynyň öňünde Al-Burş üçin hatyralama çäresi geçirildi.

Meşhur Palestinaly-Amerikaly professor Sami al Arian: “Dr. Adnan Al-Burş palestinalylaryň çeken ejirleri bilen birlikde tutanýerliliginiň we batyrgaýlygynyň simwolydy. Durmuşyny adamlary gowulaşdyrmaga we bejergi etmäge bagyşlapdy” diýip nygtady.

TRT World kanalyna beýanat beren Arian: “Uruş wagtynda hassahanada ortopedik hirurg bolup işlän mahaly tussag edildi. Palestinalylaryň hukuklaryndan ýüz öwürmejekdigini we garaşsyzlyklaryny alýançalar çenli Ysraýylyň basyşyna garşy durmaga dowam etjekdiklerini göz ýetirilmegi üçin janyny pida etdi” diýip belledi.

Iňlis-palestinaly akademik we analitik Kamel Hawwaş: "Ol ajaýyp lukman we meniň bilen gürleşen her dürli adam üçin ajaýyp adamdy" diýdi.

Hawwaş TRT Worlda beren beýanatynda: "Bu, ysraýyllylaryň palestinalylary adam hökmünde görmeýändigini görkezýär" diýdi.

Hawwaş, Ysraýylyň Al-Burşyň jesedini maşgalasyna gaýtarmakdan ýüz öwürmeginiň palestinalylardan "ar almak aksiýasy" bolandygyny aýtdy. Hawwaş, günleriň birinde Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň we Ysraýylyň beýleki liderleriniň Gaagada palestinalylara garşy eden jenaýatlary üçin uruş jenaýatçylary hökmünde kazyýetiň öňüne çykmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Ysraýylyň, belkide düşünmeýän zady, ähli zuluma garamazdan, Gazadaky palestinalylar öýlerini terk etmejekleridir. Al-Burşyň durmuşy hem munuň subutnamasydyr.

Ghassan Abu Sittah: “Ol Germaniýada, Iordaniýada we Angliýada bilim alyp, dünýäniň islendik ýerinde aňsatlyk bilen iş tapyp bilerdi. Emma men ondan 2021-nji ýyldaky söweşde ondan yzyna gadyp gelmegine ökünip-ökünmeýändigi bilen bagly sorag berenimde Al-Burş ömrüni Gazadan başga ýerde geçirmegi göz öňüne getirip bilmejekdigini aýtdy” diýip habar berdi.

GÖZBAŞY:TRT Turkmen
TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us