Modanyň dürli medeniýetlerden ylham almagy kabul ederliklidir, ýöne dizaýnlary ulanmak ýa-da ogurlamak bütin dünýä derejesinde kanuny we ahlak netijelere sebäp bolup biler.
Birnäçe wagt ozal Meksikanyň prezidentiniň aýaly Beatris Gutýerres Mýuller meşhur markany ýerli dizaýnlary ogurlamakda aýyplady we firma ötünç soramaga mejbur galypdy.
“Bu işi girdeji üçin däl, eýsem söýgi bilen ýerine ýetirýän ýerli jemgyýetlere ýetiren zyýanyňyzyň öwezini dolarsyňyz diýip umyt edýärin” diýip aýdan Mýuller, ýerli motiwleriň ulanylmagyny " bikanun we etiki däl" hökmünde häsýetlendirdi.
Emma bu täzelik däl. Sungat işgäri Sariýa Park TRT World-a beren beýanatynda: "Bu markanyň tutuş imperiýasy talamak esasynda gurulypdy" diýýär.
Medeni karz almak, başga bir medeniýeti göçürmek ýa-da nädogry görkezmek we ondan peýdalanmakdyr. Bu köplenç ýerli dizaýnerleriň habary bolmadan we hukuklary tölenmeden edilýär.
Parkyň pikiriçe, bu "medeniýet ogurlygy" ABŞ-da "ilkinji aragatnaşygyň ýola goýulan gününden bäri" dowam edýär.
Park bu ogurlygyň täze däldigini, ýöne Mýulleriň başlangyjy bilen adalatsyzlyga ünsler çekilendigini aýdýar.
Park: “Köplenç medeniýet ogurlygy möhüm mesele hökmünde ýa-da çözülmeli bir zat hökmünde garalmaýar, ýöne medeniýet ogurlygyň dünýäniň çar tarapyndaky ýerli jemgyýetlere her gün täsir ýetirýän hakyky we çynlakaý netijeleri bardyr” diýip belleýär.
Meksikanyň hökümeti köp sanly meşhur markalara garşy şuňa meňzeş şikaýatlar etdi.
Ummansyz mysallar
ABŞ-da1830-njy ýyllardan başlap, 1978-nji ýyla çenli Amerikan ýerlileriniň dini azatlygy kanuny kabul edilýänçä çenli ýerli milli egin-eşikleri, amallary, dilleri, dabaralary we tanslary ulanmak gadagandy.
Şol sebäpli moda markalary ýerli halkyň medeniýetini ulansada, bu jemgyýetleriň başdan geçiren taryhy şikeslerine üns bermän bilýärler.
TRT Worlda beyanat beren bölekleýin söwda hünärmeni Şanti Amalanathan: “Geýinjeňlik moda markalary eýýäm ençeme wagt bäri ýerli dizaýnlary ulanýar, dizaýnlaryň taryhy we medeni manysyna ýa-da medeni jemgyýeti üçin ähmiýetine hakykatdan-da göz ýetirip bilmeýär” diýip habar berdi.
Şanti Amalanathan: “Bu jemgyýetler nesilden-nesle geçip gelýän dizaýnlaryny öndürmek üçin ençeme hepdesini, aýyny, hatda ýyllaryny sarp edýärler. Markalar bu dizaýnlary ulanmak bilen bu jemgyýetlere hormatsyzlyk edýärler. Hatda size wekilçilik etmek biziň üçin mertebedir diýýärler” diýip beýan edýär.
Bu medeni ogurlygyň köp sanly mysallaryna duş gelmek bolýar.
Park: “Ýerli bir jemgyýeti bu görnüşde ylham çeşmesi hökmünde ulanmak, talanjak we ogurlanjak ýagdaýa getirmek, hat-da öz bähbidi üçin milli däp-dessurlardan we mukaddes amallardan ylham almaga çenli baryp ýeten bu çemeleşme eýelemek örän agyr degýär” diýýär.
Gelip çykyşa hormat goýmak
Park we Amalanathan tapawutly institutlarda ýerli moda we moda dolandyryşyny derňemek boýunça sapaklar berýärler.
Park öz sapagyny gürrüň berýän mahaly: “Belki, moda dizaýnerleriniň moda taryhynyň Ýewropa merkezli garaýşyndan başga bilim alsa, medeni karz almagyň näme sebäpli bular ýaly zyýanlydygyna göz ýetirip bilerler” diýip belledi.
Moda ugrunda aspirant derejesinde okaýan, 31 ýaşly Eho Malleo, dissertasiýasyny muzeýlerde sergilenýän ýerli egin-eşikler we moda närseleri barada ýazýar.
TRT World kanalyna beyanat beren sungat işgäri, ýerli sungat eserlerinden motiwleri we nyşanlary alyp, olary kontekstinden aýyrmak arkaly peýdalanmagyň umumy mysaldygyny, emma käwagt markalaryň dürli ýerli jemgyýetleriň stillerini bir eşikde birleşdirýändigini aýdýar.
Malleo: “Diňe ABŞ-nyň çäklerinde ýüzlerçe dürli ýerli jemgyýet bar, ýöne markalar dizaýn ulanan mahallary köplenç bu dürlüligi göz öňünde tutup bilmeýärler” diýip belleýär.
Malleo: “Markalar bir zadyň ýerlilerden ylham alnyp edilendigini kabul eden mahallary, ony belli bir jemgyýet bilen baglanyşdyrmagyň ýerine esasanam diňe ýerli kesgitleýjini ulanýarlar” diýdi.
Amalanathan: “Diňe ünsli görünmek üçin egin-eşigiň üstüne etiketka goýmakdan ybarat. Köplenç önümiň gelip çykyşyny dogry görkezip bilmeýärler we düşünmeýändikleri üçin önümi satyp bilmeýärler. Emma häzirki döwrüň sarp edijileri agalyk ediji jemgyýetçilik, medeni pikirlerden has köp, gelip çykyşy belli bolan we hakyky önümlere isleg bildirýär” diýýär.
Şonuň üçin markalar çetleşdirilen jemgyýetleri kemsitmän, sarp edijileriniň üýtgeýän zerurlyklaryny nädip kanagatlandyryp bilerler?
Tassyklama we ykrar etme
Amalanathan, medeni dizaýnlary ulanmazdan baha bermegiň amatly usuly bolup biljekdigini öňe sürýär.
Amalanathan: "Belli moda markalary ýaly, tiz depginler bilen ösýän meşhur moda markalary hem bu pudakda uly güýje eýedir. Şonuň üçin üýtgeşmeleri amala aşyrmak üçin ýerli ilata gulak asmalydyrlar” diýýär.
Amalanathan: "Bu medeni jemgyýetler bilen hyzmatdaşlyk etmek, ýaranlyk etmek we olary tanamak arkaly muny etmäge mümkinçiligi bolmadyk dizaýnerlere we jemgyýetlere gulak asylmalydyr" diýip belleýär.
Park şeýle hem bu duýgy barada: "Medeni taýdan takdyr etmek ýerli dizaýnerlere goldaw bermek we ýerli jemgyýetler bilen gönüden-göni işleşip, olaryň senetlerini we bilimlerini goldamak we goramak manysyna gelýär” diýdi.
Täze ýerli moda dizaýnerleri pikirlerini adamlara ýetirýärler we ýerli modanyň geçmişde galandygy baradaky stereotipleri bozýarlar.
Malleo: "Müşderi belli bir stil ýa-da dizaýn bilen gyzyklanýan bolsa we şol zatlary ýerli jemgyýetlerden ogurlaýan markalardan satyn almak islemeýän bolsa, onda olar ýerli dizaýnerlere göni ýüz tutup bilerler. Onlaýn platformalary gözleseňiz, köp mümkinçilikleriň bardygyny görersiňiz" diýip belledi.