Ýyl gutarýarka Ysraýylyň Gazada we basylyp alnan Günbatar Şeriada palestinaylara garşy gazaply hüjümleri dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky uruşda parahatçylykdan söz açmak beýlede dursun, hat-da hüjümleri wagtlaýyn bes etmegiň alamatlary hem görünmeýär.
Gazada we basylyp alnan Günbatar Şeriada adam pidalary ozal görülmedik derejä ýetdi. 2024-nji ýylyň dowamynda 35 müňden gowrak palestinaly öldürildi we ol, Ysraýylyň basybalyjylyk syýasatynyň hem-de sionist agressiýasynyň 1948-nji ýyldan bäri iň pajydaly tapgyry hökmünde taryha geçdi. Ukrainada bolsa, iki tarapda jemi 67 müňden gowrak adamyň ýogalmagy bilen bu uruş taryhyň iň ganly sahypalaryň biri boldy.
Liwanda Hizbullah bilen Ysraýylyň arasynda noýabr aýynyň ahyrynda başlan 60 gün möhletli ylalaşyk heniz hem dowam edýär. Emma muňa garamazdan 2024-nji ýylyň dowamynda takmynan 4 müň liwanly öldi. Ysraýylyň hökümeti bolsa dürli bahanalar bilen bu ylalaşygy birnäçe gezek bozmaga synanyşdy.
Siriýa bolsa, noýabr aýynyň ahyrynda garaşylmadyk waka başdan geçirildi. Oppozision güýçler Asadyň häkimiýetine garşy 11 günlük güýçli hüjüm gurap, ony häkimiýetden agdarmagy başardy. Şol günden bäri onlarça ýyl dowam eden Baas repressiýasynyň taryhyna garamazdan ýurt geň galdyryjy derejede asuda saklanyp galdy.
Umuman, 2024 ýyl dünýä üçin pajygaly ýyl boldy. Ýaragly Çaknyşyklar Lokasiýasy we Wakalar (ACLED) taslamasyna görä jemi 233 müň adam heläk boldy. Bu 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende %30 artyş diýmekdir. 2019-njy ýyldan bäri dünýäde ejir çekdiriji hereketleriň möçberi iki esse ýokarlady we häzirki wagtda her sekiz adamdan biri çaknyşyklara sezewar bolýar. ACLED-iň maglumatlaryna görä şu ýyl iň agyr zorluk Gazada boldy.
Gazanyň Bombalanmagy
2024-nji ýyl palestin halkynyň başdan geçiren iň pajygaly döwri hökmünde taryha geçdi. Ysraýylyň sionist basyşy we basybalyjy agressiýasy bir asyrdan gowrak dowam eden zulumdan hem agyr boldy. Bu yzy üzülmeýän agyr şertlerde Hamas bilen Ysraýylyň Katardaky gepleşiklere gatnaşmagy atyşygy bes etmek babatda umyt döretdi.
Geçen hepde Ysraýylyň Goranmak ministri Ysrael Katz, häzirki gepleşik tapgyryny 2023-nji ýylyň noýabrynda geçirilen ysraýylly ýesirleriň palestinli tussaglara çalşygy baradaky ylalaşykdan bäri "ýesir çalşygy ylalaşygyna iň ýakyn sepgit" diýip häsiýetlendirdi.
Bu wakalara garamazdan analitikler Ysraýylyň Gazadaky basybalyjylyk syýasatynyň soňuna çykyljakdygyna şübheli garamaga dowam edýärler. “The New York Times” gazetiniň soňky hasabatyna görä, Ysraýyl Ortaýer deňiziniň kenaryndaky bu sebitde 19 sany harby baza döretdi. Mundan başga-da, Ysraýylyň harby güýçleri Gazanyň demirgazyk we günorta böleklerini aýryp, merkezi giňişlikde uly harby pozisiýa döretdi.
Palestinli professor, ýazyjy we syýasy analitik Kamel Hawwaş Ysraýylyň Gazadaky harby pozisiýasyny güýçlendirmegini "uzak möhletli basybalyjylygyň alamaty" hökmünde görýär. Ol TRT World bilen geçiren söhbetdeşliginde:"Ysraýyl Gazanyň haýsydyr bir ýerinden çekilmezz, sebäbi olary bu ýerden kim çykarar?" – diýip, ABŞ-nyň we Günbataryň Tel -Awiwe berýän goldawyna ünsi çekdi.
Oktýabr aýyndan soňra, Ysraýylyň ýolbaşçylary palestinlileri Gazadan doly çykarmak maksadynyň bardygyny aç-açan beýan edipdiler. Hawwaş häzirki operasiýany doly ýok etme synanyşygy diýip häsiýetlendirmekden saklansa-da, Ysraýylyň ABŞ-nyň we Britaniýanyň goldawy bilen islän zadyny edip biljekdigine çalt düşünendiklerini aýdýar.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabryndan bäri dowam edýan hüjümlerinde 45 müňden gowrak palestinlini öldi, şolaryň 14.500-si çagalar. Ýaralananlaryň sany bolsa 106 müňden geçdi. ÝUNISEF-iň baş direktory Ketrin Rassell, sosial mediada: "Gazadaky 1,1 million çaganyň ählisi gyssagly goraga we ruhy taýdan goldawa mätäç" – diýip belläp geçdi.
Ukraina Uruşy
2024-nji ýyl Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşleriň iň ganly tapgyrlarynyň biri hökmünde taryha ýazyldy. Russiýanyň harby güýçleri Kiýewde strategiki artykmaçlyk gazanyp, Ukrainanyň gündogarynda möhüm öňegidişlikleri amala aşyrdy. Şol bir wagtyň özünde Wolodimir Zelenskiýniň häkimiýeti resmi Moskwanyň güýçli hüjümlerine jogap hökmünde garaşylmadyk hüjüme başlap, Russiýanyň Kursk sebitiniň käbir etraplaryny basyp aldy.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň beýan etmegine görä 2024-nji ýylyň dowamynda resmi Moskwanyň harby güýçleri jemi 4.500 km² ukrain topragyny eýeledi we günde ortaça 30 km² öňegidişlik gazandy. Soňky döwürde rus güýçleri, Ukrainanyň gündogaryndaky strategiki Pokrowsk şäherine golaýlap, möhüm sebitlerde gözegçiligi güýçlendirdi.
Geçen hepde Moskwada uly bir waka bolup geçdi. Kremliň golaýynda bolan partlama Russiýanyň radiologik, himiki we biologik bölüminiň ýolbaşçysy, general Igor Kirillowyň ölümine sebäp boldy. Ukraina bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.
Russiýaly syýasaty öwreniji we Wladimir Putiniň ozalky geňeşçisi Sergeý Markowyň pikiriçe Kirillow diňe bir Ukraina tarapyndan däl, eýsem ABŞ tarapyndan hem nyşana alnypdyr. Ol TRT World bilen geçiren söhbetdeşliginde: "Bu, amerikalylar tarapyndan edilen bir ar alyş boldy" – diýip, Kirillowyň ABŞ-nyň Ukrainadaky himiki we biologik işleri baradaky tankydy kampaniýasynyň oňa garşy ulanylandygyny belledi.
Kirillow 2022-nji ýylda eden çykyşlarynyň birinde, Pentagonuň Ukrainadaky işlerini "bikanun harby we biologik gözlegler üçin perde" diýip häsiýetlendiripdi. Şeýle-de ol, ABŞ-nyň Demokrat partiýasynyň Ukrainadaky biologik ýarag maksatnamalaryny maliýeleşdirmekde rol oýnandygyny öňe sürüpdi. Kirillow Gunter Baýdeniň maýa goýum fondy tarapyndan goldanan “Metabiota” atly Pentagon potratçysyna ünsi çekip: "Ol, Pentagonyň esasy potratçylarynyň biri" – diýip belläpdi.
Ukraina bolsa, Kirillowy halkyna garşy himiki ýaraglary ulanmakda günäkärledi.
2024-nji ýyl, Ukrainanyň Kursk sebitine uly serhetüsti operasiýa başlamagy bilen hem taryha girdi. “The Wall Street Journal” bu wakany "II Jahan urşundan bäri Russiýanyň terriyoriýasyna edilen ilkinji daşary ýurt çozuşy" diýip häsiýetlendirdi. Kiýew bu operasiýa arkaly:
Günbatar ýurtlaryna özüniň garşy durmak ukybynyň bardygyny görkezip, NATO-nyň we ABŞ-nyň dowamly harby kömegine mätäçdigini ýene bir gezek nygtamagy maksat edinýärdi.
Taryhy taýdan Kursk, II Jahan urşy döwründe faşistik Germaniýa bilen Sowet Soýuzynyň arasynda iň uly tank söweşiniň bolan ýeridi. 2024-nji ýylda bolsa bu sebit tgaýtadan strategiki söweş meýdanyna öwrüldi. Ukrainanyň hökümeti bu operasiýa bilen NATO ýurtlaryna aç-açan duýduryş berdi: "Ukraina boýun egmez we has köp ýarag goldawyna mynasyp."
Ysraýylyň Liwana Eden Hüjümleri
Bu ýyl Ysraýylyň agressiýasy diňe Gaza bilen çäklenmän, goňşy Liwana hem baryp ýetdi. Tel-Awiwiň onlarça ýyl bäri dowam edýän basybalyjylyk syýasaty we serhaşa hüjümleri Liwanyň halkyny ejir çekmäge mejbur etdi.
Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleri sentýabr aýynda başlady. Ysraýyl gizlinlik bilen patlayjy enjamlar we radio aragatnaşyk ulgamlary arkaly hüjümler gurady. Bu hüjümler köp adamyň ölmegine we müňlerçesiniň ýaralanmagyna sebäp boldy. Geçen aý Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bu pajydagly hüjümleriň aňyrsynda Ysraýylyň durandygyny aç-açan boýun aldy.
Ysraýyl sentýabryň ahyrynda Hizbullanyň ýolbaşçylaryny we ýokary derejeli syýasy ýolbaşçylary nyşana alan howa zarbalaryny gurady. Şol hüjümlerde Hizbulla guramasyna uzak wagtlap ýolbaşçylyk eden bolan Hasan Nasralla Ysraýylyň hüjümi netijesinde öldi. Nasrallanyň ornuny tutmagyna garaşylýan Hizbullanyň ýokary derejeli lideri Haşim Safiýeddin hem oktýabr aýynyň başynda öldürildi.
Oktýabr aýynda Ysraýylyň ýaragly güýçleri Liwana girip, ýurduň günorta sebitlerine garşy giň gerimli hüjüm başlatdy.
Ol, 2006-njy ýyldaky Hizbulla-Ysraýyl urşundan bäri Tel-Awiwiň Liwana eden ilkinji gury ýer operasiýasy boldy we bu kiçijik döwlet Ysraýyl tarapyndan altynjy gezek basylyp alyndy. Bu basyp alyş we hüjümler: müňlerçe liwanlynyň ölmegine, 16 müňden gowrak adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.
27-nji noýabrda Hizbullah bilen Ysraýylyň arasynda hüjümleri bes etmek boýunça ylalaşyk baglaşyldy. Iki tarap hem özüne ýeňiji diýip yglan etdiler.
Emma Liwanyň hökümetiniň berýän maglumatlaryna görä Ysraýyl bu ynjyk ylalaşygy 200-den gowrak gezek bozmaga synanyşdy.
Asadyň häkimiýetiniň soňy
2024-nji ýyl, ýyl boýy dowam eden pajygaly çaknyşyklara garamazdan Siriýada Baas režiminiň we Başar Asadyň häkimiýetiniň synmagy bilen hem taryha geçdi.
Esadyň häkimiýeti 13 ýyl bäri dowam eden zalym repressiýa we içalyçylyk bilen 500 müňden gowrak adamyň ölmegine, şeýle hem ýurduň ilatynyň ýarysyndan gowragynyň başga döwletlere göçmegine sebäp bolupdy.
2011-nji ýylda “Arap Bahary” bilen başlan içerki uruşd, Russiýa we Eýran tarapyndan goldanýan Asada garşy göreşen oppozision toparlar hiç haçan doly ýeňiş gazanyp bilmändi. Asadyň güýçli hüjümlerinden gaçan oppozision güýçler esasan Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Idlib welaýatyna çekilipdi.
Noýabr aýynyň ahyrynda Hayat Tahrir al-Şam guramasynyň (HTŞ) ýolbaşçylygyndaky oppozision toparlar garaşylmadyk çozuş gurady.
Bu "ýyldyrym uruşy" netije berip, Siriýanyň iň uly we taryhy şäherlerinden biri bolan Halap alyndy.
Ondan soň uzak wagtdan bäri režime garşy göreşiň merkezi bolan Hama şäheri oppozisiýanyň gözegçiligine geçdi.
Halap we Hama ýaly çaknyşyk döwründe hiç haçan oppozisiýa tarapyndan doly alnyp bilinmedik şäherleriň elden gidip başlamagy, Asadyň häkimiýetiniň dargandygyny aç-açan görkezýärdi.
8-nji dekabrda oppozision güýçler hiç bir garşylyksyz Siriýanyň paýtagty Damaska girdiler. Režimiň goşuny gözden gaýyp boldy we Başar Asad maşgalasy bilen bilelikde Moskwa gaçdy.
Esad häkimiýetiniň synmagy bilen oppozision toparlar wagtlaýyn hökümet yglan etdiler. Täze hökümetiň ýolbaşçylary hökmünde: Täze premýer-ministr – Muhammet al-Beşir we HTŞ-nyň lideri – Ahmed al-Şaraa bellenildi.
Geçiş tapgyry häzirki wagta çenli düýpli çaknyşyk bolmazdan, esasan parahatçylykly ýagdaýda dowam etdi we uzak ýyllap uruşdan ejir çeken Siriýanyň halkynda umyt döretdi.
Deradan gelen Siriýaly žurnalist Ömer al-Hariri TRT World bilen geçiren söhbetdeşliginde: "Bu, ähli ejir çekenlere we dünýäniň ähli rewolýusionerlerine bir ýüzlenmedir: Hakykat ýeňer we halk ähli adalatsyzlyklara hem-de adam pidalarayna garamazdan üstün çykar.
Umytlaryňyzy ýitirmäň!” – diýip sözlerini jemledi.
Beýleki Çaknyşyklar: Sudan we Mýanma
2024-nji ýylda Siriýadaky ganly içki urşuň tamamlanmagyna garamazdan dünýäniň dürli künjeklerinde müňlerçe adamyň ölmegine sebäp bolan beýleki çaknyşyklar entegem çözgütden daşda galdy.
Sudan 20 aý dowam eden içerki urş bilen dünýäniň iň uly göwrümli ýerinden mahrum edilme krizisleriniň birini başdan geçirdi. Sudandaky harby güýçler bilen hakynatutma toparlaryň arasyndaky bu çaknyşyk ýurduň ilatynyň 30%-iniň öýlerini terk etmegine sebäp boldy. Mundan başga-da, artýan açlyk krizisi millionlarça adama howp salyp, çaknyşyklar 24 müňden gowrak adamyň ölümine sebäp boldy.
Mýanma harby diktaturanyň ýylyň dowamynda depgini ýokarlan pajygaly çaknyşyklary başdan geçirdi. Harby režim bilen hökümete garşy güýçleriň arasyndaky çaknyşyklar güýçlenmegini dowam etdirýän bolsa, Halkara Jenaýat Kazyýeti ýurduň iň ýokary derejeli harby liderini tussag etmek üçin buyruk çykardy. Emma bu başlangyç ýurduň içindäki dartgynlygy gowşatmak beýlede dursun, has-da güýçlendirdi.