Medeniýet
2 minut okamak
Türk Teleseriallary
Türk teleseriallary dünýäde Türkiýä bolan garaýşy üýtgedýär.
Türk Teleseriallary
9 hours ago

Türk teleseriallary, medeni özboluşlylygy we ähli umumy temalary birleşdirmek arkaly Türkiýä bolan garaýşy üýtgedýär. Luberalla Gaunyň durmuşy, türk teleserialyna tomaşa etmeginden soň düýpgöter özgerýär.

Türk teleserillary diňe bir güýmenje dünýäsinde däl eýsem halkara derejesinde uly täsir galdyrýar. Medeni baýlyklary we ähliumy temalary birleşdirip tomaşaja ýetirýän teleseriallar, Türkiýäniň halkara derejesindäki täsiriniň artmagynda uyo rol oýnaýar.

Durmuşyň öwülşik nokady

Los Anželede ýaşaýan meksikaly skripkaçy Lubella Gauna, “Diriliş Ertugrul” teleserialy bilen durmuşynyň üýtgändigini aýdýar. Teleserialyň sazlarynyň özüne çuňňur täsirini ýetirendgini aýdýan Lubella Gaunanyň  sazlardan ylham alyp skripka çalan wideosy sosial mediada ünsleri özüne çekdi we onuň teleserialyň çekilýän toplumyna gelmegine sebäp boldy. Teleserialyň Gauna ýetiren täsiri diňe saz bilen çäkli bolmady. Teleserial onyň yslam dinine bolan gyzyklanmasynyň artmagyna we musulman dinini ykrar etmegine sebäp boldy.

Medeni Baýlyk

Türk teleseriallary, dünýäniň çar tarapynda tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. 2022-nji ýylda Türkiýäniň teleserial eksporty 600 million dollara barabar boldy. Türkiýe, ABŞ-dan we Britaniýadan soň dünýäde teleserial eksport edýän 3-nji ýurt boldy. 2020-2023-nji ýyllaryň arasynda türk teleseriallaryna bolan halkara isleg 184 göterim artdy we Türkiýe dünýäniň iň uly 2-nji drama pudagyna öwrüldi.

Teleseriallaryň düşürilýän ýerleri, egin eşikleri we aýdym-sazlary hem tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär. Teleseriallaryň wakalaryň başdan geçirlen ýerlerinde düşürilmegi tebigylyk taýdan diýseň möhüm. Teleseriallarda ähliumumy mowzuklara ýer berilmegi dürli medeniýetden bolan tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Tomaşaça Ýetirýän Täsiri

Geçirlen barlaglar, türk teleseriallarynyň Türkiýe hakyndaky ýaramaz garaýyşlary azaldandygyny görkezýär. Özbegistanly Mahsuma Tastanyşa, “Çalykuşu” teleseriallaryna tomaşa edenden soň Stambula ýerleşdi. Türk teleseriallary teleýaýlym görkezişlerine däl eýsem hakyky durmuşa meňzeýär.

Türk teleseriallary diňe bir güýmenje serişdesi däl eýsem Türkiýäniň baýlygyny bütin dünýä tanadýar we ynsanlaryň Türkiýä bolan garaýşyny üýtgedýär.

 

 

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us