Eýsem siz başga medeniýetlerde we dillerde söýgi, gahar-gazap ýa-da bagtlylyk ýaly duýgulary biremeňzeş başdan geçirýäsmi diýip, pikir edipmidiňiz? Mysal üçin türk dilinde “sewgi”, iňlis dilinde “love”, wenger dilinde bolsa “serelem” diýýäris.
Eýsem bu sözler bu üç dilde-de şolbir duýgulary we pikirleri aňladýarmyka?
Demirgazyk Korolina uniwersitetiniň we Maks Plank institutynyň alymlary dürli dilleriň duýgulary nähili beýan edýändigi boýunça gyzykly barlag geçirdiler. Dünýäniň takmynan 2,500 dilinde gahar-gazap, gorky we şatlyk ýaly duýgularyň nähili beýan edilýändigini öwrendiler. “Science” žurnalynda ap edilen netijeler diýseň geň galdyryjy.
Netijelere görä duýgular hakynda pikirleniş usulymyz gepleşýän dilimize bagly. Käbir duýgy sözleri şeýle özbolyşly welin, diňe bir medeniýete degişli ýaly görünýär. Mysal üçin nemes dilindäki “Zenzuht” sözi başgaça bir ýaşaýyşa bolan güçli işlegi beýan edýär we ençeme dilde gönüden manydaşy ýok. Papua-Täze Gwineýadaky baining halkynyň dilinde “awumbuk” sözi, myhmanlar gidenden soň başdan geçirilýän ýalňyzlyk duýgusyny aňladýar.
Emma mesele diňe bir özboluşly sözlerde däl. Eýsem, başga dillerde giňden atlandyrylýan duýgular hakda näme diýmek bolar?
Alymlar birnäçe many aňladýan sözleri öwrendiler. Mysal üçin türk dilinde “garip” sözi hem geň hem-de gülkünç manylaryny aňladyp bilýär. Käbir duýgularyn tapawutly dillerde birmeňzeş atlary bolsa-da, manylarynyň tapawutly bolup biljekdigini ýüze çykardylar.
Mysal üçin käbir dillerde “geň galma” “esasan “gorky” bilen arabaglanşykly bolsa, beýlekilerde “umyt” we “isleg” bilen bagly. Şeýle hem “alada”, haýsydyr bir dilde “gahar-gazap” dilen arabaglanşykly bolsa, beýleki bir dilde “gynanç” bilen baglanşykly bolup bilýär. Hat-da “buýsanç” adalgasy, medeni kontekste görä gowy ýagda ýaramaz duýgulary döredýär.
Ylmy barlag şeýle hem geografik taýdan ýakyn dil maşgalalarynyň duýgulary toparlama bölmekde birmeňzeş usuldan peýdalanýandygyny ýüze çykardy. Emma ähli tapawutlyklara garamazdan käbir ähliumumy şablonlar hem bar. Ähli diller gowy we gowy däl duýgularyň arasynda hem-de pes ýa-da ýokary täsir ýetiriji duýgulary tapawutlandyrýar. Mysal üçin; iňňän az sanly dil gynanjyň asudalygyny gazabyň güýji ýa-da şatlygyň bagtyýarlygyny ýalňyşlygyň puşlmanlygy bilen garyşdyrýar.
Ol, käbir esasy duýgularyň beýnimize ornaşandygy hakyndaky garaýyşy goldaýar-ol biziň beýleki süýdemdirijiler bilen bolan meňzeşligimiz. Emma müňlerçe ýylyň dowamynda adamlar şol esasy duýgularyny kämilleşdirdiler we olary beýan etmegiň dürli görnüşlerini döretdiler.