Dünýä
3 minut okamak
Sosial medianyň gizlin fiziki zyýanlary…
Özüňizi sosial mediýanyň çäksiz ummanynda ýitýän ýaly duýduňyzmy?
Sosial medianyň gizlin fiziki zyýanlary…
24 de febrero de 2025

Ortaça alnanda amerikalylaryň bir günde sosial mediýada 144 minut sarp edýändigi aýdylýar. Ol 2,4 sagada deňdir. Bu wagt, adamlaryň ortaça bir günde maşk etmek, jemgyýetçilik işlerine gatnaşmak ýa-da iýmitlenmek üçin sarp edýän wagtlaryndan has köp.
Z nesili üçin bolsa bu gökezijiler has ýokary. Olaryň bir günde alty sagada çenli sosial mediýada wagt geçirýändikleri aýdylýar. Ol diňe bir uly wagt ýitgisini däl, eýsem örän howply ýagdaýy hem görkezýär. Internetde geçiren her sagadymyz bilen, öz saglygymyza has uly howp döredýäris.

Buffalo we Ohayo Döwlet Uniwersitetlerinde geçirilen täze barlagda sosial mediany aşa köp ulanmagyň fiziki saglygyň ýaramazlygy bilen baglanyşyklydygy anyklandy. Alymlar bu baglanyşygy bedenindäki C-reaktiw belogyň (CRP) derejesini barlanlarynda ýüze çykardylar.

Ganyňyzda ýokary CRP derejesiniň bolmagy, dürli saglyk meseleleriniň alamaty bolup biler, mysal üçin, hroniki çiş keselleri we ýürek keselleri. Alymlar, sosial mediýada köp wagt sarp edýän adamlaryň CRP derejesiniň has ýokarydygyny ýüze çykardylar. Bu bolsa bedende has ýokary çişme täsirleriniň bardygyny aňladýar. Bu çişme kelle agyrysy, döş agyrysy, ýagyrny agyrysy ýaly ýarawsyzlyklary döredip biler.

Geliň indi bu barlagyň jikme-jikliklerine geçeliň. Alymlar 251 sany uniwersitet talybyny barlap gördüler — bu ýaş topar sosial mediada iň işjeň topar hasaplanýar. Alymlar talyplaryň ganyndan nusgalar alyp, olaryň CRP derejesini ölçediler.

Bu ýagdaý näme üçin bolup biler? Bir teorema aşa köp sosial media ulamagyň sagdyn işjeňlikleriň ýerine geçýändigini aýdýar. Pikir edip görüň: ekranlara seredip otyrkak, biz hil taýdan gowy uky, maşk ýa-da durmuşdaky hakyky sosial aragatnaşykdan mahrum bolup bileris.
Ukynyň hiliniň peselmegi bolsa ýürek-damar keselleri we başga-da çynlakaý saglyk meseleleri üçin howpy artdyryp biler.

Üznüksiz aragatnaşykdan döreýän stres hem bedeniň ýokançlara garşy gowşamagyna getirip biler. Alymlaryň ýüze çykaran netijeleri sosial media ulanmaklyk bilen fiziki saglyk meseleleriniň arasyndaky aýdyň baglanyşygy görkezýär.. Saglyk ýagdaýynyň ýaramaz bolmagy hem sosial mediýany has köp ulanmak endigini ýüze çykaryp biler.

Eýsem bu barlag näme üçin möhüm? Öňki barlaglar sosial medianyň psihologiki täsirlerini giňişleýin öwrenipdi. Meselem: aladalanma we depressiýa. Ýöne bu barlag, fiziki saglyk täsirlerini gönüden-göni öwrenip, täze bir sahypa açýar. Bu barlagyň biziň psihiki we fiziki saglygymyzyň biri-birine näderejede baglydygyny göz öňünde tutanymyzda, has ähmiýetlidir.
Bu barlag, psihiki we fiziki saglygymyzyň biri-birine nähili baglydygyny göz öňünde tutsak, barlaglaryň arasyndaky bu boşlugyň ähmiýetini has-da gowy görkezýär.

 Çenden aşa baglanşykly dünýäde sosial mediýa platformalary gündelik durmuşymyzyň aýrylmasyz bölegine öwrüldi. Olar aragatnaşyk üçin mümkinçilikler döredýän hem bolsa, şeýle barlaglar bu tehnologiýany ulanyşymyza ser salmaga mümkinçilik döredýär. Bu barlag diňe aýsbergiň görünýän tarapy. Sanly durmuşymyzyň fiziki abadançylygymyza nähili täsir edýändigi hakynda entek öwrenmeli zadymyz köp.

Eýsem siz näme edip bilersiňiz? Belki, sosial media endikleriňize ýakyndan göz aýlamagyň wagty geldi. Mysal üçin, onlaýn wagtyňyzy çäklendirmek ýa-da tehnologiýadan çetde durýan sagatlaryňyhzy özleşdirmek ýaly çäkleri goýmagy göz öňünde tutuň. Bedeniňiz we aňyňyz munuň üçin size minnetdar bolar.
Bu bölümimiz şulardan ybarat. Diňläniňşiz üçin sag boluň! Bu podkast TRT Worldde çap edilen makalanyň esaslanda taýýarlanyldy.


GÖZBAŞY:TRT
TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us