Amarant we mahmal güli bilen ýakyndan tanalýan Gundu obasy gül ýygnamagy ýagny gül hasyly döwrüni gün saýyn ösýän pudaga öwürdi. Gülçilik pudagyndan ýylda ortaça 133 müň dollardan gowrak girdeji gazanylýar. Bu pudak ýerli zenanlary gün saýyn güýçlendirýär.
Nepalyň Gundu obasyndaky gül baglary, gül möwsüminde sary, mämişi we badamjan reňkine bürenýär. Gül ýygnaýan zenanlar, hindi festiwallarynda ulanylýan gül desselerini satyp gün güzeranyny dolandyrýar.
Katmandu jülgesiniň kenarynda ýerleşýän Gundu obasy, amarant we mahmal gülü bilen ýakyndan tanalýar. Diwaly hökmünde hem bilinýän Tihara bagyşlanyp geçirilýän çärelerde ýagny Hindu yşyk festiwalynda şol güllere bolan talap atrýar.
Obanyň zenanlary ir ertir gül baglarynda bir ýere jemlenşip, öýleri we ybadathanalary bezejek gül desseleri üçin gül ýygnaýar. Bu möwsümlik gülleri ýygnap gül desselerini taýarlamak beýle aňsat bolmasada Gunduly zenanlar bu işi gün saýyn ösýän pudaga öwürmegi başardy.
56 ýaşyndaky gül öndürijisi Saraswoti Bista, “Gül obamyzdaky zenanlar üçin esasy girdeji çeşmesi boldy” diýdi.
“Öýden çykman gül desselerinden çemen bogup girdeji gazanýarys”
Pudak gül açýar
Bütin dünýä bankyna görä, ilatynyň esasy bölegi hindilerden ybarat bolan Nepalda adam başyna düşýän milli girdeji 1,324 dollara barabar. Obanyň ýolbaşçylarynyň berýän maglumatyna görä, gül söwdasy netijesinde 500 hojalyk her ýyl bir milliondan gowrak gül ösdürip ýetişdirýär we 133 müň dollardan gowrak girdeji gazanýar.
Festiwalyň geçirilýän günlerinde öýleriň howlularyny doldurýan güller sebäpli Nepalyň gül merkezi bolan obasy, badamjan, gyzyl we mämişe reňkler bilen boýalýar.
Nepalda mahmal hökmünde hem bilinýän badamjan reňkli amarant gülüne bolan talap 5 günlük Tihar festiwalynda has-da artýar.
Guradylan güller amatly şertlerde saklanan halatynda birnäçe aý hatda birnäçe ýyl öz gözelligini gorap saklaýar. Gül desseleri, Tihar festiwalynyň 5-nji gününde aýal doganlary tarapyndan erkek doganlaryna uzak ömür dilemek maksady bilen sowgat edilýär.
Nepalyň gülçilik jemgyýetine göra, Nepalda 2024-nji ýylda amarant gülünden 2,5 milliona golaý gül çemeni ýasaldy we şol san 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10 göterim artdy.
Gül jemgyýetiniň wekili Dilip Bade “Tapawutly ýurtlara hem gül satýarys” diýdi.
Gülçilik bileleşiginden berlen beýannama görä, ABŞ-na, Awstriýa, Günorta Koreýa, Ýaponiýa we Ýewropa jemi 1,4 million dollarlyk gül eksport edildi.
Aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil gün saýyn pugtalanýan gülçilik pudagyna hem ýaramaz täsirini ýetirdi. Sil sebäpli gülçilik pudagy 1,1 million dollarlyk ýitgi çekdi.