Insanlar haýsy ýaşlarda garraýar
Medeniýet
3 minut okamak
Insanlar haýsy ýaşlarda garraýarABŞ-daky Stanford uniwersitetinden we Singapurdaky Nanýang tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary garramagy öwrenmek üçin birleşdiler.
24 février 2025

Ýylda bir gezek doglan günümizi belleýäris!

Käwagt bu möhüm bir tapgyry belleýän şatlykly bir waka. Beýleki wagtlarda bu garraýandygymyzy ýatladýan gaýgyly bir ýatlama. Emma biz haçan hakykatdan "garry" bolýarys? Bu diňe bir san, ýa-da özümizi nähili duýýandygymyz?

  Adamlaryň bir bölegi garramagyň haýallyk bilen bolýandygyny pikir edýärler, ýyldan-ýyla, günden-güne, hatda sekunddan-sekunda.

Belki siz garramaga sabyrszlyk bilen garaşýarsyňyz - gadymy grek filosofy Platon ýaly, ol garrylyk ýaşlyk ünsüni çekýän zatlardan azatlyk getirýär diýip ynanýardy. Ýa-da belki siz wagtyň geçmegine alada bildirýärsiňiz, Aristotel ýaly, ol garramagy tebigy pese düşme hökmünde görýärdi.

Emma bu gyzykly barlag garramaga bolan garaýşymyzy üýtgedip biler.

  Olar "biomarkerleri" - bedenimiziň molekulýar derejede näme bolup geçýändigini görkezýän signallary öwrendiler.

Olar ýigrimi bäş bilen ýetmiş bäş ýaş toparyndaky ýüz sekiz adamyň gatnaşmagynda ylmy barlag geçirdi, olaryň molekulalaryny her üç-alty aýdan barladylar. Ylmy barlagyň netijesi bizi geň galdyrdy: biz kem-kemden garramaýarys, biz partlaýyşlar bilen garraýarys.

 Olar bedenimiziň çalt garraýan iki pursadyny tapdylar; takmynan kyrk dört we altmyş ýaşlarynda. Şol ýaşlarda garramagyň depgini güýçlenýär. Bu maşynda gaz pedalyny basmak ýaly.

 Duýdansyz garramak bolsa käbir keseller sebäpli ýüze çykýar, aýratyn-da, ýürek-damar, böwrek keselleri we ikinji tip diabet howpunyň ýokarlanmagy.

 Garramak ýönekeý bir grafikden gitmeýär. Alymlar ony "tolkynlar" diýip suratlandyrýarlar.

Bu barlaglaryň baş awtory we Stanford uniwersitetiniň Genomika we şahsylaşdyrylan lukmançylyk merkeziniň direktory Professor Maýkl Snaýder bu iki döwrüň dramatiki üýtgeşmeleriň döwri bolandygyny aýtdy.

Barlag şeýle-de elli bäş ýaş ýaly beýleki möhüm ýaşlary hem nygtady. Öňki barlaglar aýallaryň garramagy menopauza bilen baglanyşykly bolup biler diýip çak edipdi, bu umuman aýallar kyrk bäş bilen elli bäş ýaş aralygyna ýetende bolýar. Emma, bu barlag erkeklerde-de şeýle bolýandygyny ýüze çykardy.

Onda näme üçin bu ähli tapyndylar möhüm?

 Bu barlaglar hassalara-da, lukmanlara-da dürli keselleri has seresaplylyk bilen bejermäge kömek edip biler.

Olar bize belli ýaşlarda - mysal üçin, kyrk dört, elli bäş, altmyş we ýetmiş bäş ýaşlarda - käbir keselleriň howplaryny düşünmäge kömek edýär.

 Onda biz bu garramagyň "partlaýyşlary" bilen göreşmek üçin näme edip bileris?

 Bu barlag kyrk dört ýa-da altmyş ýaşa ýetmekden gorkmak barada däl. Bu has köp bu döwürlerde bedenimiziň goşmaça idege mätäçdigini ykrar etmek barada. İýmitlenmek, maşyk etmek we stresi dolandyrmak hemişe möhüm, emma aýratyn-da bu ýaşlarda.

Bu barlag mysallar we howplar barada maglumat berse-de, bu hemmeler üçin birmeňzeş däl.

 Bu barlag güýçli, sebäbi ol bize wakadan soň diňe reaksiýa etmäniň deregine öňünden taýýarlanmagy ýatladýar. Bedenimizi has gowy düşünmek bilen, biz möhüm üýtgeşmelere taýýar bolup bileris. Tupanly suwlarda gaýyk dolandyrmak ýaly, tolkynlar uran wagty taýýar bolmaly.

GÖZBAŞY:TRT Turkmen
TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us