“Derýadan deňize Palestina azat bolar” näme diýmegi aňladyar?
Dünýä
4 minut okamak
“Derýadan deňize Palestina azat bolar” näme diýmegi aňladyar?Siz mundan ozal “Derýadan deňize azat Palestina” sözüni eşidipmidiňiz?
24 Februari 2025

Bu söz, palestinalylary we olaryň hukuklaryny goraýanlar tarapyndan aýdylýar. Adamlaryň esasy bölegi üçin azatlygy we parahatçylygy beýan edýär.

Aktiwistler, bu sözün adamlary jemleýändigini we 76 ýyldan bäri Ysraýylyň golastynda ýaşaýan palestinalylara umyt hem-de göreş üçin ylham beryändigini aýdýarlar. Emma bu şygar, Ysraýylyň tarapynda durýan toparlarda we hökümetlerde uly nägilelik döretdi. Media we tehnologiýa firmalary hem bu sözüň onlaýn ulanylmagyna senzura girizmäge çalyşdy. Eýsem bu söz näme üçin şeýle jedelli? Geliň taryhyna we mazmunyna ser salalyň.

Bu sözün özeninde palestinalylaryň azatlygy durýar. Frazadaky “derýa” İordan derýasy, “deňiz” bolsa Ortaýer deňizi. Ýagny bu fraza iki suwuň arasynda garaşsyz Palestina üçin çagyryş edýär. Bu fraza diňe bir palestin halkynyň watanyna bolan çuňňur söýgüsini beýan etmek bilen çäklenmeýär, şol bir wagtda-da kolonializmden saplanmagy hem ileri tutýar. Bu fraza, nesiller boýy palestin halkynyň folklorynda we ynkylapçy aýdymlarynda gaýtalanýan mowzuga öwrüldi.

Bar bolan mesele 1947-nji ýylyň noýabrynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Palestinany iki döwlete bölmek hakynda kabul eden karary bilen başlaýar: biri ýehudiler üçin, beýlekisi araplar üçin. BMG-daky şol sese goýulşykdan soň sionist söweşijiler palestinalylary öýlerinden we watanlaryndan güýç bilen çykarmaga başlandan soň sebitde çaknyşyklar ýüze çykýar.

Bu waka, Arapçada “betbagtçylyk” manysyny aňladýan “Nakba” atlandyrylýar we Ysraýyl döwletiniň gurulmagy bilen netijelenýär. 700 müňe barabar palestinaly güýç bilen öýlerinden çykarylýar. Bu tragiki waka, häzirki wagtda palestin şahsyýetiniň esasy faktorlaryndan birine öwrülip, olaryň hukuklarynyň we ykrar edilme göreşleriniň hakydasydyr. “Nakbadan” bäri palestinalylar “derýadan deňize” sözüni, ýurtlaryna dolanma we azat ýaşama umydyny beýan etmek üçin ulanýarlar.

Emma häzirki wagtda, Ysraýylyň Gazany bombalaýan günlerinde käbir Ysraýyl tarapdarlary bu frazanyň manysyny üýtgetmäge çalyşýarlar. Bu şygary Hamasyň şygary hökmünde häsýetlendirip, Ysraýyly ýok etmäge çagyryş diýip atlandyrýarlar.

2023-nji  ýylda “Ýoutube” berilen wideolardan birinde Amerikan ýehudi komiteti bu frazanyň “ýehudilere garşy çagyryşdygyny” we şol sebäpli antisemitikdigini beýan etdi.

Emma bilermenler tapawutly garaýyşa eýe.

Amerikaly taryhçy Doktor Maha Nassar frazanyň Hamas bilen baglanşdyrylmagynyň  nädogrydygyny beýan etdi. 2018-nji ýylda çap eden “Derýadan deňize frazasynyň göz öňünde tutýan manysy ýok” söz başyly makalasynda, bu şygaryň söweşjeň topar döredilmezden has ozal ulanylandygyny beýan etdi. Nassar, frazanyň palestinalylaryň “watanlaryna bolan söýgüsini” beýan etmeklerine we “milli talaplaryny we azatlyk bilen parahatçylyk hakyndaky garaýyşlaryny” beýan etmeklerine şert döredýändigini aýtdy. Frazanyň esasan “Palestinalylaryň Palestinanyň ähli ýerindedigi” manysyny aňladýandygyny, Iordan derýasynyň golaýyndaky Erihadan Ortaýer deňiziniň kenaryndaky Ýafaýa çenli uzap gidýändigini aýtdy.

Muňa garamazdan Ysraýyly goldaýan käbir toparlar we adamlar şygar hakynda ýaramaz garaýyşlary öňe sürmäge dowam edýärler. Bu pikir, esasanda geçen ýyl başlan soňky duşmançylyklardan soň hasam ýaýbaňlandy.

Londonda guralan Palestina goldaw ýörişlerinden soň Britaniýanyň ozalky Içeri işler ministri Suella Brawerman şol ýörişleri “ýigrenç ýörişleri” diýip atlandyrdy. Frazanyň Ysraýyly kartadan aýyrmak ugrundaky pajygaly niýet hökmünde görülmelidigini öňe sürdi. “Ský News” teleýaýlymyna beren interwýusynda demonstrasiýalaryň “ýigrenç ýörişleridigini” pikir edýandigini we polisin demonstrantlara garşy geçirimli çemeleşendigini aýtdy. Soň bolsa Britaniýanyň parlament saýlawlaryndan öň şol çykyşy sebäpli wezipeden boşadyldy.

Awstriýanyň polisi bolsa Seullaňka meňzeş çemeleşdi. Wenada, çakylyklarynda şol fraza orun berendigi üçin Palestina üçin geçirilen ýörişi gadagan etdi. Polis, bu frazany çaknyşyga çagyryş hökmünde häsýetlendirdi. Emma bu wakalar Palestin şygarynyň duçar bolan garşylygynyň ilkinjisi däl.

“CNN” 2018-nji ýylda Afro-Amerikan ýazyjy we aktiwist Mark Mamont Hilli BMG-da geçirilen çärelerden birinde “Derýadan deňize azat Palestina” diýendigi üçin kowdy. Hill, çykyşynyň manysynyň ýoýulandygyny we tankytçylaryň aktiwistiň Ysraýyl döwletiniň bes edilmegini isleýändigini aýdandygyny nygtady. Birnäçe wagt soň bolsa “CNN” ony işden çykardy. Hill öz çykyşynyň arkasynda durdy we onuň “haýsydyr bir zady ýa-da birini ýok etmek üçin çagyryş” däldigini aýtdy… Ol, hem Ysraýylda hem-de Günbatar Şeriada/Gazada adalat çagyryşydy.”

Emma “CNN” ony kowdy. Medianyň gysyşlaryna garamazdan Hill we ençeme aktiwist şygary parahatçylykly häsýetde goramaga dowam edýär.

Dünýämiz bloklaşdygy saýyn, eşidýän we görýän zatlarymyzyň aňyrsyndaky manyny we taryhy öwrenmek üçin wagt sarp etmeli. “Derýadan deňize”, garaýyşyňyza görä tapawutly manylary aňladyp biler. Emma ençeme palestina we ýaralary üçin bu fraza garasyz we azat-erkana gelejek umydyny alamatlandyrýar.

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us