Türkiýe Respublikasynyň Kommunikasiýalar edarasy, global dolandyryş reformasy boýunça gepleşikleri höweslendirmek maksady bilen 20 ýurtda birnäçe maslahat geçirdi.
“Has adalatly dünýäni gurmak mümkin” şygary bilen başladylan şol başlangyç, ýurduň Stratkom jemgyýetçilik forumynyň maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýar.
Awstriýada, Şweýsariýada, Wengriýada, Gollandiýada we Germaniýada geçirlen şol maslahatlaryň soňkysy sişenbe güni İtaliýada geçirildi. Şol maslahatlaryň Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Türkiýe Respublikasynyň Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, mesele baradaky wideo ýüzlenmesinde “Prezidentimiz Erdoganyň “Dünýä bäşden uludyr” diýen sözleri, halkara ulgamy adalat esasynda dikeltmek boýunça beren güýçli ýüzlenmesidir” diýdi.
Bu ýerdäki bäşlik BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary bolan ABŞ-ny, Britaniýany, Fransiýany, Russiýany we Hytaýy öz içine alýar.
Bu başlangyç, Türkiýäniň esasan BMG-nyň düzümine üýtgetme girizilmegini isleýändigini beýan edýär. Türkiýe, Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda halkara guramalarynyň düzüminiň giňeldilmegine goldaw berýär.
Nobatda näme bar?
Şol maslahatlaryň fewral aýynda Britaniýada, Polşada, Belgiýada we Fransiýada geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Kommuniýasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, maslahatlaryň hökümetleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ylmy baglar guramalarynyň arasyndaky aragatnaşygy ösdürmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.
Altun “Biz diňe kynçylyklara ünsi çekmek bilen çäklenmän eýsem şol bir wagtda şol kynçyklaryň ortadan aýrylmagy üçin işe girişýäris” diýdi.
Fahrettin Altun, halkara derejesinde ediljek tagallalar bilen adalatly dünýäniň guruljakdygyna ynanýandygyny sözleriniň üstüne goşdy.