Dubaý Şokolady
Dünýä
5 minut okamak
Dubaý ŞokoladyBu şokolad ilki bilen göwreli bir aýalyň islegini kanagatlandyrmak üçin öndürildi
FP Dubai Şokolat Miniatyurasy
27. Januar 2025

Dubaý Şokolady — internetiň iň soňky wiral tagam fenomeni we tagamyň dogry utgaşmasy, wagty hem meşhurlyk bilen nähili ählumumy bir hadysa öwrülip biljekdiginiň ajaýyp mysaly. Bu şokolad ilki bilen göwreli bir aýalyň islegini kanagatlandyrmak üçin öndürildi, ýöne sosial medianyň fenomenleriniň saýasynda internetde iňňän uly gyzyklanma döretdi.

Ozallar tagam tendensiýalary baýlar we güýçlüler — patyşalar, imperatorlar we sebit ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlenýärdi. Patyşa bir zady halasa, köşgi hem halardy. Hemmeler baýlaryň we asylzadalaryň iýýän zadyny dadyp görmek isleýärdi. Netijede, ýolbaşçylar baýramçylyk menýularyna, tagam tendensiýalaryna we haýsy tagamyň öne saýlanmalydygyna karar berýärdiler. Emma häzirki wagtda sosial media fenomenleri döwrüň patyşalary we şa aýallary.


Bu bölümde, bir tagamyň nähili ählumumy hadysa öwrülýändigini we sosial medianyň tagamlary wiral etmekde nähili rol oýnaýandygyna ser salmakçy.


Tagam tendensiýasyny başladan patyşalara gowy mysallardan biri Şwesiýanyň Patyşasy Karl XII-di. Ol 1714-nji ýylda Türkiýeden kotlediň (ysly guzy we sygyr etinden kotlet) reseptini getirýär. Şol resept wagtyň geçmegi bilen häzirki meşhur şwed kotledi “kýottbullar”-a öwrülýär. 50 ýyldan gowrak soň, Gustav III döwründe kotletler köşk baýramçylyklarynda hödürlendi. Ol şwed aşhanasynyň nyşanyna öwrüldi. Häzirki wagtda, IKEA bilen bilelikde şwed kotledi bütin dünýäde tanalýar.


Indi haýsydyr bir zady tendensiýa öwürmek üçin patyşa zerurlyk ýok. Biz diňe özboluşly, ajaýyp tagama ýa-da kanagatlandyryjy tejribe hödürleýän bir nahar barada tüýs wagtynda düşürilen wideo gerek. Soň bolsa meşhur fenomen ýüze çykýar we wiral bolýar. Bu üç tapgyrly prosese bölünip bilner: Başlangyç, Ýokary çäk we Pese gaçmak.



Ähli zat bir pikir bilen başlaýar. Köplenç ol, adaty bir tagama täzelik goşmak ýa-da kontent döredijileriň, tagam blogçylarynyň, Instagram fenomenleriniň TikTok ýyldyzlarynyň ünsüni çekýän zatdyr.

Mysal üçin, Nýu-Ýorkdaky “kronuty” eşidensiňiz. Bu pikir adaty bolmadyk kafelerden birinde başlady we dogry adamlaryň ünsüni özüne çekdi. Dubaý şokoladynda hem hut şeýle boldy.

 

Sosial media lentäňizde görensiňiz. Orta Gündogar äheňindäki şokolad millionlarça gezek görlüpdir. Hemme zat Dubaýda ýaşaýan iňlis-müsürli şokoladçy Sara Hamuda bilen başlady.

Bu şokolad, Saranyň göwrelilik aş saýlamagy bilen başlady we ählumumy fenomen bolmagy asla meýilleşdirilmändi. Emma bu şokolad başgaça — kadaýyfyň kibirdewüp özboluşlygyny pisseli kremiň baý tagamy bilen birleşdirýär. Täzeçe dokumasy bar we iň esasysy, dişlenende ajaýyp ses çykarýar. Sara, şokoladyň her dişlenende sizi bir ýerlere alyp gitmek üçin öndürilendigini aýdýar.

Bu şokolad barynyň bütin dünýäde meşhur bolmagy üçin uzak wagt gerek bolmady. Bu ýagdaý, tagam tendensiýalarynyň serhetleri aşyp, adamlary bütin dünýäden güýje eýedigini görkezýär. Köp adamlar “fýuziýa tagamlary” halaýarlar we kibirdewük sesler duýgur tejribämizi herekete geçirýär.



Häzirki tagam medeniýetiniň uly bölegi, adamlaryň iýýän tagamlary bilen emosional gatnaşyk döretme islegi bilen baglanyşykly. Sosial media platformalary bolsa bu islegi amala aşyrmak üçin ähli gurallary hödürleýär.

TikTok fenomeni Mariýa Wehera ulagynda Dubaý şokoladyny iýýärkä alynan wideo ýazgyny paýlaşdy. Wideo wiral boldy we 56 milliondan gowrak adam tarapyndan görüldi.



Köpsanly adamlar gysga wagtda öz wersiýalaryny paýlaşyp başladylar. Oňa özüne çekijilik berýän we möhüm bölegi bolan şol kanagatlandyryjy kibirdi sesini görkezýärdiler. Emma Dubaý şokoladyny dänjikligi esasan özbolyşlygy saýasynda sözüň doly manysynda çäkden çykdy. Firma günde diňe 500 sargyt kabul edýär, ol hem diňe belli wagtlarda we diňe "Deliweru" platformasy arkaly elýeterli bolýar. Bu ýagdaý önümiň daşynda syrly atmosfera döredýär. Ony islendik wagt dükandan satyn alyp bolmaýar. Bu bolsa adamlaryň ony has köp talap etmegine sebäp bolýar.

Indi bolsa Lindt ýaly iri markalar Dubaý şokoladynyň öz wersiýalaryny çykardy. Tehniki taýdan "göçürme" hasaplanýan bu önümler meşhur brendleriň abraýy bilen trende kanunalaýyklyk (legallyk) goşýar. Ol, iri markalaryň wiral trende goşulyp, öz girdejilerini artdyrma usulydyr.

BAE-niň hökümeti hem bu şokolad barynyň meşhurlygyny özleriniň syýahatçylyk strategiýasyny ileri tutmak üçin ulanyp başlady. Saranyň işini tanadýan wideo kontentler we "FIX hakda bilmeli zatlaryňyz — wiral Dubaý Şokolady" ýaly makalalar bilen giňden mazamlandy. Şeýlelikde bu şokolad şähere mahsus tagam hökmünde tanaldy we köpçülik üçin tagamly ýatlama öwrüldi.

Ýöne ähli bu göçürmeler we ulalatmalar Dubaý şokoladynyň özbolyşlygyny azaldýarmy? Eýsem bu tendensiýanyň artykmaç ünsi, tagamy özüne çekijiliginden mahrum edip, ony diňe esasy akym modasyna öwürýärmi?

Bu bizi üçünji tapgyra getirýär... Aşaklama


Emma beýgelen ähli zat bir gün aşak gaçmaga mejbur. Köplenç bir zat wiral bolandan soň, bazar göçürme önümler bilen dolýar we asyl önüm aşa köp görkezilýär. Soň bolsa nobatdaky trend peýda bolýar we onuň ornuny eýeleýär.


Öňki trendleriň bir mysaly — "älemgoşar kökeleridir". Olar 2015-nji ýylda wiral bolupdy. Nýu-Ýorkdaky The Bagel Store bu reňkli we süýji kökäni dünýä tanyşdyrdy. Kökeler örän owadan reňklerde bolup, köp mukdarda krem ​​peýnir bilen hödürlenýärdi. Älemgoşar kökesiniň wizual özüne çekijiligi olary sosial mediýa üçin ajaýyp görnüşe ýetirdi we uly islegiň döremegine sebäp boldy. Gysga wagtda Amerikanyň dürli künjeklerindäki öndürijiler şol görnüşi göçürip başlady.

Başda adamlar älemgoşar kökelerini adaty Amerikanyň ertirlik çöreginde edilen gyzykly üýtgeşme hökmünde haladylar. Emma aradan birnäçe wagt geçenden soň kökeler örän emeli (ýasama) bolup görünmäge başlady we adamlar täze tagam tendensiýasyna — "kronut-a” geçdiler.


Kronut, kruassan bilen donutyň utgaşmasydyr. Ony Nýu-Ýorkda fransuz konditer şefi Dominik Ansel öndürdi we sosial media arkaly çalt meşhurlyk gazandy. Adamlar bir kronut iýmek üçin birnäçe  sagatlap nobata durýardylar. Gysga wagtda dünýäniň dürli künjeklerindäki öndürijiler Anseliň döreden bu tagamyny göçürip başladylar.

Emma häzirki wagtda kronut we älemgoşar kökeleri internet tagam medeniýetiniň belli bir döwrüniň nostalgiki ýatlamalary hökmünde galýar.

Bu tagam tendensiýalarynyň ählisi bir wagtlar täzelik getiren ýörite tagamlar bolupdy. Olar diňe bir tagamynyň süýjüligi bilen däl, eýsem täze bir zady alamatlandyrýandygy üçin hem gyzyklanma döredipdi. Dubaý şokolady hem şol ýol bilen barýar. Ol däp-dessurlar bilen täzelikleri birleşdirýär, özboluşlylygy hödürleýär we sanly (dijital) zamana üçin döredilen tagamdyr.
Emma, Dubaý şokoladynyň soňy hem şeý bolarmyka?



Biz näme üçin trendleşen tagamlara şeýle höwes edýäris? Jogap medeniýetiň, tehnologiýanyň we psihologiýanyň kesişýän nokadynda dur. Dubaý şokoladyndan başlap, adaty tagamlara çenli, ortaça sosial media ulanyjysy üçin tagam indi diňe bir iýmit däl, eýsem şol bir wagtda-da tejribedir.

Sosial media bize bu tejribäni paýlaşmak üçin platforma hödürleýär. Adamlar wiral bolan tagamlary dadyp görmek üçin nobata durýarlar, sebäbi olar internetde bu tagam barada köp zat eşidip, görýärler. Olar tagamy dadyp, öz tejribelerini paýlaşmak isleýärler —öwgi ýa-da tankyt üçin.

GÖZBAŞY:TRT Global
TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us