Prezident Erdogan we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Erdogan, partiýasynyň mejlis toparynda eden çykyşynda, “ Siziň hem bilşiňiz ýaly dünýä düýpli özgerlişigi başdan geçirýär. Edil şonuň ýaly sebitimizde hem demirgazykda we gündogarda söweşler, çaknyşyklar, gyrgynçylyklar we zulumlar dowam edýär. Türkiýäniň syýasy we ykdysady durnuklylygynyň goralmagy we parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin tutanýerli tagalla edýäris”diýdi.
“Jemgyýeti jebisleşdirýän syýasat alyp barýarys”
Prezident Erdogan, başdan geçirilýän soňky wakalar diňe Adalat we ösüş partiýasy we Jemhur ýaranlygy bilen çäklendirlip bilinmejek derejede diýseň möhüm. Syýasy garaýşyna garamazdan özüni bu ýurda, bu millite garşy jogapkär hasap edýän her bir adamyň bu göreşe goldaw bermegi diýseň möhüm. Watandan, milletden we döwletden daşary ähli meseleler kiçi girimdir. Dünýäniň çar tarapynda milli meselelerde häkimiýetiň başyndaky partiýa bilen oppozisianyň birlikde hereket edýändgini bilýäris. Biz hem ýarym asyra golaýlan syýasy durmuşymyzda bu meselä uly goldaw berdik. Aýyran däl birleşdiren, çetleşdiren däl eýsem gujak açýan, jemgyýetiň ähli gatlagyny öz içine alýan syýasat bilen halkymyza hyzmat etmek üçin tagalla etdik.
Garşydaşlarymyz bize ýeterlik goldaw bermese-de doganlyk syýasatymyzdan ýüz öwürmedik. 2001-nji ýylyň 14-nji awgustyndan bäri Ýunus Emräniň aýdyşy ýaly “Men gelmedim dawa için, meniň işim söýgi üçin, dostuň öýi göwünlerdir, göwünlerde tagt gurmaga geldim” diýýäris. Diňe watanymyzda däl eýsem sebitimizden başlap bütin dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň, adalatyň we hyzmatdaşlyygyň ýola goýulmagy üçin arman ýadaman irginsiz işeýäris. Türkiýäniň halkara derejesindäki täsiri gün saýyn güýçlenýär. Russiýa-Ukraina söweşi we 14-nji aýyna gadam basan Gaza genosidi bilen birlikde sebitimizde başdan geçirilýän ähli krizisleriň çözülmegi üçin uly tagalla edýäris. Ysraýyl bilen Liwanyň arasynda şu gün irden güýje giren ylalaşyga kanagatlanma bildirýäris. Ähli taraplaryň esasan da Ysraýylyň ylalaşygyň şertlerini gyşarnyksyz berjaý etmegine garaşýarys. Türkiýäniň Gazadaky genosidiň we hüjümleriň bes edilmegi üçin edilýän tagallalara ähli taraplaýyn goşant goşmaga taýardygymyzy nygtaýaryn” diýdi.
“Türkiýäniň gün saýyn güýçlenmegini maksat edinýäris”
R. T. Erdogan “Alyp barýan syýasatlarymyzda we diplomatik tagallalarymyzda ilkinji nobatda ýudumyzyň we halkymyzyň bähbitlerine uly ähmiýet berýäris. Eziz halkymyza hyzmat etmek üçin arman-ýadaman işleýäris. Zuluma we basyş sezewar bolýanlaryň umydy bolan Türkiýe Respublikasy döwletiniň ähli taraplaýyn gülläp ösmegi, abraýly we güýçli ýurt bolmagy üçin irginsiz işleýäris. Türkiýäniň gün saýyn güýçlenmegini maksat edinýäris. Türkiýe asyry maksadymyza ýetmekde asla egilşik etmeris we maksadymyza ýeteris” diýip belledi.