Ysraýylyň köpden bäri garaşylýan Eýrana garşy guran hüjümi Tährany resmi taýdan sebit urşuna çeken bolmagy mümkin.
Oktaýbr aýynda guralan hüjümlerde Yrak serhedindäki Ilamyň golaýyndaky howa goranyş ulgamlary, ballistik raketa desgalary we ozal Eýranyň ýadro nyşanalary bilen baglanşykly bolan, emma 2003-nji ýylda boşadylan desgalar bilen birlikde Eýranyň möhüm nokatlary nyşana alyndy.
Eýranyň resmi habar çeşmeleri Ysraýylyň raketalarynyň üstünlikli ýagdaýda öňüniň alynandygyny habar berdi. Bu habar, Eýranyň halkynyň barha artýan aladalaryny köşeşdirmegi maksat edinýärdi.
Emma Eýran üçin howp sebitleýin bolmakdan çykdy. Harby, diplomatik we ideologiki elementleriň kesişmegi Eýrany çaknyşygyň başynda rol eýelemäge iterdi.
Bu nähili başlandy?
Eýranly liderler, 7-nji oktýabrda Hamasyň ýolbaşçylygynda Ysraýyla garşy guralan hüjümleriň sebit taýdan giň göwrümli netijeleriniň boljakdygyna, Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisiniň we daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýanyň syrly ölümlerinden soň göz ýetirdiler.
Maý aýynda Azerbaýjanda başdan geçirilen dikuçar heläkçiliginde iki resminiň ýogalmagy, Eýrandaky syýasy lobbilerde köp sanda spekulýasiýalara sebäp boldy.
Hökümet uçar heläkçiliginiň howa şertleri sebäpli ýüze çykandygyny öňe sürsede, Eýranyň ýokary derejeli işgärleriniň köpüsi bu heläkçilide Ysraýylyň hökümetiniň bardygyna ynanýarlar.
Bu şübhe, Eýranyň ýolbaşçylarynyň ýokary gatlaklarynda güýçli ýagdaýda beyan edilýär we Ysraýylyň gizlin gatyşmagynyň maksadynyň Eýrany söweşe çekmek diýen giňden ýaýran ynamy güýçlendirýär.
Emma eýranly resmiler ony halk köpçüligine ýetirmekden saklandylar, sebäbi resmi günäkärlemäniň Eýrany garşylyk görkezmäge mejbur etjekdigine alada bildirýärler.
Eýranly ýolbaşçylaryň arasynda geçirilen aýratyn gürrüňlerde, Tähranyň Raisiniň ýogalmagyndan soň ýurdy durnuklaşdyrmak we şol waka bilen başlan ykdysady sarsgynlary aýyrmak üçin tiz wagtda saýlaw geçirmek üçin işe girişendigi mälim boldy.
Eýran Raisiniň ýogalmagyndan diňe 40 gün soň, prezident saýlawyny geçirmegiň hötdesinden geldi we iýul aýynda Mesud Pezeşkiýany wezipä belledi. Emma, garaşylmadyk ýagdaýda, birnäçe hepde soň Ysraýyl Hamasyň syýasy ýolbaşçysy Ismail Haniýany ýurduň iň howpsuz ýerleriniň birinde, Tähranyň merkezinde öldürdi.
Onuň netijesinde, uzak wagtlap başga sebit aktýorlaryny goldap, göniden çaknyşyga goşulmadyk Eýran, öz adaty çemeleşmesini gaýtadan gözden geçirmäge mejbur galdy.
“Deslapky goragdan” ýüz öwrülýär
Eýran, Yrak urşy döwründen bäri dowam edip gelýän we öz taryhy garşydaşlary bolan Ysraýyla we ABŞ-a garşy deňagramlylygy üpjün etmek maksady bilen Eýrandan daşardaky wekilçilikli harby birikmeleri pugtalandyrmaga gönükdirilen "deslapky gorag" syýasatyndan ýüz öwürip, täze ýollar barada oýlanmaga başlady.
Eýranly ýolbaşçylara ýakyn arabaglanyşygy bolan çeşmelerime görä, ýurduň dini lideri Ali Hamaneý we onuň geňeşçileri Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň häzirki konflikti göniden Eýranyň çägine ýaýbaňlandyrjakdygyny çaklamandyrlar.
Eýranly liderler, Ysraýylyň hüjümleriniň Liwandaky Hizbullah we Siriýadaky harby goly bilen, Yrakdaky Eýran tarapyndan goldanýan şaýy söweşijiler ýaly wekilçilikli güýçler bilen çäklenjekdigini pikir edýärdiler. Hiç kim Eýranyň çägine gönüden hüjümleriň guralmagyna garaşmandy.
Eýran Hizbullaha Ysraýyl bilen göniden çaknyşyklardan gaça durmagy we onuň ýerine Ysraýylyň demirgazyk serhedini nyşana almak bilen gowşama urşunyň alnyp barylmagy barada açyk-aýdyň görkezme beripdi.
Emma bu tututm, geçen aý Hizbullahyň baş sekretary Hasan Nasrallahyň öldürilmegi we Liwanda we Siriýada peýdžerler bilen guralan hüjümleriň Eýranda gahar-gazaby güýçlendirilmegi bilen üýtgedi.
Diňe wekilçilikli güýçleriň üsti bilen aýlawlaýyn güýçlere bil baglamak, Eýranyň sebitdäki ýagdaýyny gowşadyp bilerdi we sebitde gowşak bir aktýor hökmünde görünmegine sebäp bolup bilerdi.
Söweş meýdanyna
Eýran, Ysraýyla garşy sebitleýin konfliktde gönüden-göni rol eýelemekden ozal, hereket meýilnamasynyň kanunydygyny tassyklamak üçin sebitleýin we global ýaranlardan diplomatik goldaw ýygnamaga synanyşdy.
Sentýabr aýynda bolsa, sebitiň orbitasyny Netanýahunyň maksatlaryna ters gelýän ugurda üýtgetjekdigini aýdyp, söweş meýdanyna girendigini mälim etdi.
Eýranyň Ysraýyla garşy ýüzlerçe ballistik raketa atyp, amala aşyran ilkinji jogap göçüminden soň Netanýahu, “weýrançylykly” görnüşde garşylyk görkezjekdigi barada hemle atypdy.
Muňa jogap hökmünde Eýranyň syýasy beýanatlary, dini lider Hamaneýiň ýolbaşçylygynda, parlamentiň we adam hukuklary boýunça resmileriň goldawy bilen hasam berkedi.
Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Ysraýyly jezalandyrmak üçin bu meseläni BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň garamagyna hödürlejekdigini aýdyp, gaty kemsidiji sözler ulandy. Mundan başgada Eýranyň, hatda ýurduň çäginden daşarda-da öz bähbitlerini goramak ukybyna eýedigini beýan etdi.
Eýran 7-nji oktýabrdan soň ilki bilen güýçden gaçyrma söweşini goldady we Hizbullahy bu strategiýany durmuşa geçirmäge çagyrdy.
Emma Ysraýylyň Eýranyň territoriýasyna girmegi bilen Tähran indi täze bir syýasy gün tertibe girdi: Mundan beýläk sebitleýin maksatlaryna ýetmek üçin passiw bolmaga ýa-da diňe ýaranlaryna bil baglap bilmezdi.
Eýran, häzirki durnuksyzlyk şertlerinde, Amerikan hökümedi hem saýlawlar bilen meşgul bolan mahaly, göni çäre görmegiň we ýagdaýy üýtgetmegiň zerurdygyna göz ýetirdi.
Ysraýylyň hüjümlerinden soň, Eýran sebitde özüni Ysraýyla gönüden-göni harby garşydaş hökmünde görkezmek üçin sebitde jemgyýetçilik pozisiýa eýelemek barada karara geldi. Tähran, diňe sebitdäki wekillerine bil baglamagyň örän gymmat düşüp biljekdigine göz ýetirip, zerur bolsa Ysraýylyň sebitleýin howpuna syýasy we harby taýdan jogap berjekdigi barada ýüzlenme berdi.
Mundan başgada, eýranly liderler gönüden-göni söweşe başlamagy gijikdirmegiň Eýranyň sebitdäki täsirine çynlakaý täsir ýetirjekdigini bilýärler.
Eýranyň gönüden-göni çaknyşyga girmek çemeleşmesi ony ruhlandyrýan Russiýa we Hytaý tarapyndan goldanýar. Strategiki ädimleri bilen bir hatarda Eýran Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy we Ysraýylyň agressiýasynyň pidasy hökmünde nägileligine äsgermezlik etmegiň garaşylmadyk netijelere sebäp bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.