Milli tagamlary gorap saklaýan türk aşpezi bilen tanyşyň
Medeniýet
3 minut okamak
Milli tagamlary gorap saklaýan türk aşpezi bilen tanyşyňUlas Tekerkaýa, Çatalhoýukda 8 müň 600 ýyl ozal bişirlen çöregi bişirmäge başlady
9 گھنٹے قبل

Ulas Tekerkaýa, Anadolynyň kalbynda ýerleşýän Neolitik döwründen galan Çatalhoýukda 8 müň 600 ýyl ozal bişirlen çöregi bişirmäge başlady

Ulas Tekerkaýa 2009-njy ýylda doglan ýeri bolan Türkiýäniň taryhy şäheri bolan Konýada ýerleşýän NATO-nyň harby merkezinde aşpezlik edýärdi.

Anadolynyň kalbynda ýerleşýän Konýa, 13-njy asyrda ýaşap geçen yslam alymy we şahyry Möwlana Jelaleddin Ruminiň ýaşap geçen ýeridir. Onyň ruhy mirasyny görmek üçin her ýyl on müňlerçe adam şähere gelýär.

Günlerden biri gün harby merkeziň serkerdesi Tekerkaýanyň durmuşynda uly özgerlişige sebäp bolan soragy soraýar “Möwlana diňe tamdyr kebabyny iýýärmidi?”

Bu ýönekeýje sorag, Tekerkaýanyň Möwlana döwründe haýsy tagamlaryň bişirlendigini ýakyndan öwrenmegine sebäp bolýar.

Tekerkaýa, Möwlanyň eserlerini ünslilik bilen okamaga başlaýar we şol döwürde bişirlen tagamlary hakynda maglumat edinýär we şol tagamlaryň bişirilmäge dowam edilmegi üçin işe girişýär.

Tekerkaýa “Esasy kynçylyk, çeşmelerde umuman tagamlaryň bişirilmegi üçin zerur bolan önümleriň atlary berilýär emma tagamyň nähili bişiriljekdigi hakynda maglumat berilmeýär. Emma men reseptleriň 95 göterimine görä şol tagamlary bişirmäge başladym” diýýär.

Tekerkaýa, Möwlana eserleriniň birinde “Badam we hoz bilen garylan, badam halwasy dilimi süýjedýär we gözlerime ýagtylyk berýär. Biraz mesge, badam we un al we badam halwasyny bişir” diýýär, bize halwanyň badam, un we mesge bilen bişirilýändigini aýdýar, emma ölçeglerini bermeýändigi sebäpli men synaglar bilen ölçegleri kesgitleýärin” diýýär.

Tekerkaýa şol günden bäri özüni tagamlaryň arheology hökmünde görýändigini nygtaýar.

Ata-babalarymyzyň taýarlan tagamlaryny bişirmek üçin arhiwlerden köne golýazmalary öwrenip tagamlar barada maglumat edinýär. Ýaňy ýakynda 8 müň 600 ýyl ozal bişirlen çäregi bişirmäge başlaýar.

Eýsem 46 ýaşyndaky Tekerkaýa Daş döwründen galan tagamy bişirmäge nähili başlaýar?

Tekerkaýa bir tarapdan NATO-nyň harby merkezinde esgerler üçin nahar bişirmäge dowam edýär, beýleki tarapdan hem Möwlananyň eserlerinde taryp edilýan tagamlary synap görýär. Synaglarynyň netijesinde gadymy tagamlaryň nähili taýarlanýandygyny täzeden öwrenýär. Şolaryň arasynda Masnai, Diwan-i Kabir we Fihi Ma Fih hem bar.

Möwlewi tagamlaryndan başgada onuň käbir reseptleri şol döwürdäki Selçukly aşhanasyna esaslanýar. Selçuklylar 11-nji we 13-nji asyrlaryň arasynda Anadolynyň esasy bölegine gözegçilik eden türk hanedanlygydy we sebitde pars, arap we türk tagamlaryny birleşdirip sebitiň medeni we aşhana mirasynyň döredilmeginde uly rol oýnaýar.

Tekerkaýa ylmy barlaglarynyň netijesinde Möwlewi we Selçuk aşhanasyna esaslanýan 45 resept taýarlaýar. Şol reseptleriň arasynda dürli naharlar, datlylar we içgiler bar. Mysal üçin Hassaten Lokma, Injir dolmasy we Bägül şerbeti

Taýarlan tagamlarynyň ünsleri özüne çekmäge başlamagyndan soň Tekerkaýa 2011-nji ýylda harby merkezdäki işinden çykýar we Möwlewi we Selçuk döwrüniň tagamlaryny bişirýän dünýäniň ilkinji naharhanasyny açýar.

Naharhananyň ady Möwlewi däbinden gelip çykýar. “Somat” nahar stol diýmek we “Somatçy”  bolsa nahar stolyny taýarlap arassalaýan adam diýmekdir. “Fihi Ma Fih” bolsa “bolşy ýaly” manysyny aňladýar.

 

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us