Bangladeşiň wagtlaýyn hökümeti goňşy Hindistandaky syýasatçylartdan biriniň ýurtdaky hindu azlyklaryny we beýleki halkyýetleri hüjümlerden goramak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) parahatçylyk güýjüni ugratmak baradaky çagyryşyna duşenbe güni uly reaksiýa bildirdi.
Ýurtda awgust aýynda talyplaryň ýolbaşçylyk eden gozgalaňy döwleti 15 ýylyň dowamynda totolitarlyk bilen dolandyran Premýer-ministr Şeýh Hasinanyň wezipesinden çetleşdirilmegi bilen neticelendi.
Hasinanyň agdarylmagyndan soň dörän dartgynly ýagdaýda, onuň režimine goldaw berýändigi çaklanylan raýatlara garşy guralan ar alyşlar, hindi azlygyny birnäçe hüjüme sezewar etdi. Hindi jemgyýetiniň liderleri pajygaly hüjümleriň artmagyndan howatyrlanýarlar.
Hindistanyň Günbatar Bengal welaýatynyň Premýer-ministri Mamata Banerži – Bangladeş bilen medeni we dil taýdan ýakyn arabaglanyşygy bolan bu sebit – duşenbe güni Täze Delini BMG-na ýüz tutmaga çagyrdy.
Benerži:"Parahatçylyk güýjii Bangladeşe ugradylmaly we ol biziň adamlarymyz halas edip biler" diýdi.
Iki taraply bähbitler
Bangladeşiň Daşary işler ministri Touhid Hossain Hasinanyň wezipesinden çetleşdirilmeginden soň Hindistandan gelen iň güýçli tankytlaryň biri hökmünde görlen bu ýagdaýa öz gynanjyny beýan etdi.
"Mamata Baneržiniň näme üçin şeýle beýannama berendigini bilemok, düşünemok. Men onuň bilen şahsy gatnaşykda boldum, öýünde birnäçe gezek myhman boldum" diýip, ol žurnalistlere aýtdy.
Touhid, Hindistanyň metbugatyny Bangladeşdäki hindular hakda nädogry maglumat ýaýratmakda aýyplady. Şeýle-de bolsa ol Hindistanyň hökümetine has dostlukly çemeleşdi:
"Meseläni çözmek mümkin" diýip, ol belledi. "Özara bähbitler goralmaly we Bangladeş Hindistan bilen dostlukly gatnaşyk saklamaga çalyşýar" diýdi.
Geçiş döwrüniň hökümetiniň agzasy bolan Touhid, azlyk meseleleri bilen baglanyşykly düşünişmezlikleri aradan aýyrmak üçin daşary ýurtly diplomatlar bilen hem gepleşik geçirendigini aýtdy.
170 million ilatly ýurtda, halkyň umumy garaýşy Hasinanyň esasy halkara hemaýatkäri bolan Hindistana garşy negatiw tarapa üýtgedi.