Gazadaky Uruş
2 minut okamak
Dünýäde 1000-den gowrak alym Gazada ýaraşygyň ýola goýulmagy üçin çagyryş berýän açyk hata gol çekdi
Dünýä derejesinde 1000-den gowrak alym Gazada ýaraşygyň ýola goýulmagy bilen bagly çagyryş berýän açyk görnüşdäki hata gol çekdi
Dünýäde 1000-den gowrak alym Gazada ýaraşygyň ýola goýulmagy üçin çagyryş berýän açyk hata gol çekdi
Gaza
18 فوریه 2025

Gol çekenleriň arasynda Ýakyn Gündogardaky “ýigrenji, ölümi we weýrançylygy” ýazgarýan Nobel baýrakly newrologlar hem bar.

Ispaniýanyň EFE habar gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, dünýäniň dürli künjeklerinden 1000-den gowrak alym, esasanam psihologlar we newrolog alymlary, Palestinanyň Gaza zolagynda ýaraşygyň ýola goýulmagy bilen bagly çagyryş berýän we halkara jemgyýetçiligine Ysraýyla garşy halkara ynsanperwer hukuga hormat goýmagy üçin basyş edilmegini isleýän açyk görnüşdäki hata gol çekdiler.

Hata gol çekenleriň arasynda Norwegiýadan Nobel baýragynyň eýeleri Maý-Britt Mozer we Edward Mozer, şeýle-de Ýaponiýadan Susumu Tonegawa bar. 

Ispaniýanyň Kahal institutynda Neýro emeli aň we Robotehnika toparynyň agzasy Pablo Lanillos ýaly käbir ispan alymlar hem bu hata gol çekdiler. 

Lanillos EFE bilen geçiren söhbetdeşliginde: "Bu çagyryş güýçli, sebäbi ol nerýro alymlaryndan gelýär; beýniniň bu görnüşdäki konfliktleri nähili kabul edýändigini we işläp taýýarlaýandygyny öwrenýän adamlardan gelýär" diýip belledi.

Hatda Hamas toparynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndaky hüjümleri, zamunlaryň saklanylmagy we bir ýyl ozal başlan we häzirki wagtda hem dowam edýän çaknyşyklarda Gazada 48 müňden gowrak adamy öldüren Ysraýylyň eden "çäksiz harby jenaýatlaryny" hem öz içine alýan ähli taraplaryň eden zorluklarynyň ýazgarylýandygy aýdylýar.

Ähli Halklar Üçin

Alymlar sebitiň parahatçylykly ýagdaýda ýaşamak mümkinçiligine päsgel berýän weýrançylykly zorluk we ar almak aýlawyna düşendigini we “Ýigrenjiň, ölümiň we weýrançylygyň” ähli ýeri gurşap alandygyny aýdýarlar.

EFE-niň berýän maglumatlaryna görä, hatda adam psihologiýasynyň köplenç çaknyşýan toparlaryň arasyndaky tapawutlary ulaldýandygyny, emma şol bir wagtda hemmelere mahsus duýgudaşlyk we hyzmatdaşlyk ukybynyň bardygyny belleýär. 

Alymlar, halkara jemgyýetçiligini Ysraýyly urşy bes etmäge mejbur etmek üçin basyş edilmegine çagyrýarlar; bu çäreleriň içine ýarag söwdasyny bes etmek ýa-da hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny täzeden gözden geçirmek hem girýär. 

Hatda: "Biz Ysraýyl halkyna garşy däl" diýilýär. "Biz ähli halklaryň tarapyndadyrys – ysraýylly, palestinaly we liwanly." 

Ysraýylyň häzirki syýasatlarynyň palestinalylara öwezini dolup bolmajak zyýan ýetirýändigini we öz halkynyň howpsuzlygyny hem howp astyna salýandygyny öňe sürýärler. 

Hatda, Fransiýadaky Sorbonna uniwersiteti bilen ABŞ-nyň Prinston uniwersitetindäki alymlar tarapyndan başladyldy.

GÖZBAŞY:TRT Turkmen
TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us