Gazadaky Uruş
6 minut okamak
Palestinaly Lukman Gazadan Gitmegi Kabul Etmänden Soň Ysraýylyň Tussaghanasynda Öldi
Dr. Adnan Al-Burşuň aradan çykmagy we Ysraýylyň degişli edaralarynyň onuň jesedini gowşurmagy kabul etmezligi, Burşuň gynalyp öldürilendigi bilen bagly aladalary güýçlendirdi.
Palestinaly Lukman Gazadan Gitmegi Kabul Etmänden Soň Ysraýylyň Tussaghanasynda Öldi
19. februar 2025

Üstümizdäki aýyň başynda uruşdan ejir çeken we trawma sezewar bolan palestinalylar nobatdaky gynançly habary eşitdiler. Golaýyna bombalar ýagýarka hem Gazadaky ýaralylary bejermage dowam eden meşhur lukman Dr. Adnan Al-Burş Ysraýylyň goşuny tarapyndan saklanýan ýerinde öldürilipdi.

Gazada bombalanan Al-Şifa hassahanasynyň ortopediýa bölüminiň ýolbaşçysy bolan Al-Burş, basylyp alynan Günbatar Şeriada ýerleşýän we palestinalylaryň iňňän agyr şertlerde saklanýan gözegçilik merkezlerinden biri bolan Ysaraýylyň harby Ofer tussaghanasynda dünýeden ötdi.

Ozalky çaknyşyklarda Gazadaky keselhanalarda Al-Burş bilen işleşen iňlis-palestinaly platkikant we rekonstruktiw hirurg Hassan Abu Sittah: “Ölýänçä ýenjilipdir. Şol tussaghanada onuň bilen bolan ozalky tussaglar ýüzünde we kellesinde trawma yzlarynyň bardygyny aýtdylar” diýýär.

Al-Burşuň ölüm habary 2-nji maýda Karam Awbu Salem gümrük geçelgesinde boşadylan käbir tussaglaryň Palestin jemgyýetçilik guramalaryna bu mesele hakynda maglumat bermeginden soň ýaýrady. Ysraýylyň goşuny lukmanyň hakykatdan hem 19-njy aprelde ölendigi hakyndaky habarary tassyklamakda gijä galmady.

Ysraýyllylar Al-Burşuň jesedini bermegi kabul etmedi we aktiwistler onuň sebäbini resmi Tel-Awiwiň onuň gynalyp öldürilendiginiň dünýä ýetirilmegini islemeýandigini aýdýarlar.

Abu Sittah: “BSGG ölüm sebäbiniň anyklanmagy we hossarlarynyň köşeşmegi üçin jesediň gowşurylmagyny talap etmeli” diýýär we “Ysraýylyň tussaghanalaryndaky 100 sany lukmanyň jany howp astynda” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

11-nji maýda “JNN” gözegçilik merkezinde işleýän maglumatlandyryjylar bilen geçirilen gepleşiklere esaslanýan we Gazada tussag edilen palestinalylaryň nähili ýenjilýändigini, gözleriniň nähili daňylýandygyny, gandal sebäpli emele gelen ýaralar üçin elleriniň nähili kesilýändigini we ar alyş duýgusy bilen depilip, ýumruklanýandygyny beýan edýän habarnamany ýaýlyma berdi.

Abu-Sittah, Al-Burş we beýleki bir palestinaly lukman Dr.Ahmed Muhannanyň dekabr aýynda Ysraýylyň goşunynyň Gazadaky Jabaliýa düşelgesinde ýerleşýän Al Awda keselhanasyna guran reýdinde “milli howpsuzlyk” sebäpli tussag edilendigini aýdýar. Şol günden bäri Ysraýyl Al-Burşuň Ofer tussaghanasynda ölendigini tassyklaýança olaryň ýagdaýy hakynda hiç hili maglumat ýokdy.

Abu Sittah TRT Worlde Muhannanyň henizem tussaghanadadygyny aýtdy: “Aklawçysy ýok, hiç zat ýok.” Abu Sittah 7-nji oktýabrdan bäri saklanan palestinalylaryň kanuny wekilinin ýokdugyny, daşardan hiç kim bilen aragatnaşyk saklap bilmeýändigini we “hiç hili kazyýet tapgyrynyň” ýokdugyny sözlerinin üstüne goşdy.

 Görmediksiremeklik

 Palestinaly tussaglar bilen gyzyklanýan iki jemgyýetçilik guramasy 2-nji maýda beren beýanatynda Al-Burş bilen bilelikde Gazadan azyndan 18 palestinalynyň Ysraýylyň tussaghanasynda ölendigini habar berdi.

Tussaghanalarda gynalandygy bilen bagly köp sanly deliliň bardygyna garamazdan günbatarly liderler haýsydyr bir hereket etmek üçin islegsiz çemeleşýär. Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň kabineti ýüzöwrülmesiz ýarany Ysraýyla ähli görnüşli ýaragyň berilmegini ara alyp maslahatlaşýar.

Adam hukuklaryny goraýyş guramasynyň Ysraýyl we Palestina boýunça ylmy-barlagçysynyň kömekçisi Milena Ansari: “Dr. Adnan Al-Burş we beýlekiler Ysraýylyň gözegçiliginde mahaly ölmekleri boýunça geçirilen garaşsyz derňewler, adalat we hasabat berme jogapkärçiligi üçin möhüm ähmiýete eýe. Ysraýyl Dr. Adnanyň abraý bilen jaýlanmagy üçin jesedini hossarlaryna bermeli” diýýär.

TRT Worlde beýanat beren Ansari: “Jezasyzlyk adam hukuklarynyň basgylanyşyny hasam artdyrýar; Ysraýyl onlarça ýyldan bäri palestinaly tussaglara erbet daraýar we gynaýar” diýdi. Ansari “Al-Burşuň ölüminiň harjy jenaýat bolup bolmandygy barada söz açmadyk hem bolsa, topary “Palestinaly tussaglaryň gynalandygyny we erbet daramalary delillendirdi.”

 Ölülere garşy edilýän uruş

 Gynamalar we erbet daramalar hakyndaky habarnamalardan başga-da Tel-Awiw palestinaly tussaglaryň jesetlerini saklamaga dowam edýär.

Iýerusalim Hukuky ýardam we Adam hukuklary merkezi tarapyndan 2019-njy ýylda çap edilen habarnama görä Ysraýylyň kanunlary hökümetiň palestinalylaryň jesetlerini “giň gerimli garşy aýaga galyş maksatnamasyna laýyklykda” saklanmagyna we olary “potensial gepleşik guraly” hökmünde peýdalanmagyna rugsat berýär.

HRW-de Ansari; “2017-nji ýylda Ysraýylyň Ýokary Kazyýeti döwletiň jesetleri saklamak üçin kanuny esasynyň ýokdugy hakynda höküm çykardy. Emma 2019-njy ýylda ugruny üýtgetdi we hökümetiň Hamas bilen arabaglanşygy bolan adamlaryň we ýsraýyllylary öldürenleriň jesetlerini saklama syýasatyny tassyklady” diýýär.

Emma bu syýasat halkara gumanitar hukugynyň “degişli bolan taraplarynyň talabyna laýyklykda ölenleriň galyndylarynyň yzyna berilmegini ýeňilleşdirmek üçin tagalla etme” zerurlygyna bap gelmeýär.

“Haýsydyr bir etmiş sebäpli günäkärlenmeýän merhumlaryň hossarlaryny bilkastlaýyn we hukuga bap gelmeýän görnüşde jezalandyrmak, halkara ynsanperwer hukugynyň beýleki bir agyr basgylanmasy bolan köpçülikleýin jezalandyrmanyň bir görnüşini emele getirýär. Şeýle hem ölenleriň hossarlaryna zalymlarça, wagşylarça ýa-da kemsidiji çemeleşme manysyny aňaladyp biler. Ol hem halkara adam hukuklarynyň basgylanmagydyr.”

 

Indi bolsa Al-Burşuň maşgala agzalary gynamalara sezewar edilýär.

“Häzirki wagta çenli garyndaşlarynyň jesedini alyp bilmedik we hudaýa doga edýärin, sanlar gonamçylygyna jaýlanmasyn ýa-da günortada goýmasyn. Onuň bilen hoşlaşmak we şehit edilmezden ozalky soňky pursatlarynyň nähiligini görmäge mümkinçilik bolan demirgazyga dolanmagyny isleýärin” diýip, Dr.Adnanyň ýoldaşy Ümmü Ýzan “Al Jazira” beren interwýusynda aýdýar.

Dr.Adnanyň ýoldaşy Ümmü Ýazan adamsynyň Ysraýyl tarapyndan gynalyp öldürilendigine ynanýar.

Ozal palestinaly tussaglaryň guramasy Addameer üçin işlän Ansari, Ysraýylyň bu syýasatynyň onlarça ýyldan bäri dowam edýändigini we öli bedenleriň umuman morgda saklanýandygyny ýa-da “belgiler gonamçylygyna” jaýlanýandygyny aýdýar. Ansari: “90-njy ýyllardan bäri jesedi saklanýan tussag bar” diýip, nygtady.

“Bu gysyş, hökümrowanlyk ulgamynyň bir bölegini emele getirýar. Hossarlary jezalandyrmak we beýlekileri el çekdirmek” diýýär Ansari.

Ysraýyllylar adam hukuklary basgylamalarynyň delillerini hem gizlemek isleýän bolmaly. Addameer ilki jesetleriň berilmeýändigini, jenaýat işine çekilmän jezalandyrma şertlerini şöhlelendirjek derňew işleriniň geçirilmeginiň bökdelýandigini habar beripdi.

Al-Burş bilen bilelikde soňky 7 aýda azyndan 496 saglygy saklaýyş gullukçysy Ysraýyl goşuny tarapyndan öldürildi.

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 34,000-den gowrak palestinaly öldürildi.

 Gazada rahat ýat!

 Al-Burş Gazanyň demirgazygyndaky Jabaliýada dünýä indi. Rumyniýada lukmançylyk fakultetini tamamlady we Britaniýada hem-de Germaniýada keselhanalarda lukmançylyk tälimini aldy.

Abu Sittah; “Ol hakykatdan hem ýaşamagyň aşygydy. Işe gelmezden öň deňize gitmek üçin ir-säher turardy. Gyş aýlarynda-da ýüzerdi. Şeýle mähirlidi, mydama ýylgyrardy” diýýär.

Al-Burş 2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Gazadaky esasy keselhanalardan biri bolan Al-Şifada emosional wideo ýazgy geçirdi. Hassahananyň elektriksiz we suwsyz nähili işlemäge çalyşýandygyny bütin dünýä görkezdi.

Al-Burş üçin 8-nji maýda ortopediýa hirurgiýasy boýunça tälim alan Londondaky Kings Kolležiň öňünde hatyralama çäresi guraldy.

Palestinaly-Amerikaly professor Sami al Arian: “Dr. Adnan Al-Burş palestinalylaryň çekýän ejiriniň ýany bilen ygrarlylygyň we batyrgaýlygyň hem simwolydy. Ömrüni adamlary sagaltmaga we bejermäge bagşedipdi” diýýär.

TRT Worlde beýanat beren Arian: “Uruş mahalynda keselhanada oprtopedist hirurg bolup işleýärkä tussag edildi. Palestinalylaryň “hukuklaryndan el çekmejekdiklerini” garaşsyzlyklaryny alýança Ysraýylyň gysyşyna garşy durmaga dowam etjekdigini görkezmek üçin “ömründen el çekdi” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Iňlis-palestinaly alym we analitik Kamel Hawwaş; “Ol ussat lukman we söhbetdeş bolan adamlarymyň ählisi üçin ajaýyp adamdy” diýýär.

Hawwaş TRT Worlde beren beýannamasynda; “Bu diňe bir ysraýyllylaryň palestinalylary adam ýerine goýmaýandygyny görkezýär” diýdi.

Hawwaş Ysraýylyň Al-Burşuň jesedini hossarlaryna bermegi kabul etmezliginiň palestinalylardan “ar alyş aksiýasydygyny” beýan edýär. Hawwaş Ysaraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň we beýleki ysraýylly liderleriň palestinalylara garşy eden jenaýatlary sebäpli Gagada harby jenaýatçy hökmünde jenaýat işine çekiljek günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Ysraýylyň belkem göz ýetirmeýän zady, ähli zulumlara garamazdan Gazadaky palestinalylar öýlerini terk etmejekdikleri. Al-Burşuň durmuşy onuň dellerinden biri.

Hassan Abu Sittah; “Germaniýada, Iordaniýada we Britaniýada bilim alan adam hökmünde dünýäniň haýsydyr bir ýerinde aňsatlyk bilen iş tapyp bilerdi. Emma 2021-nji ýylda uruşda oňa “yza dolananyňa puşmanmyň” diýip soranymda, Al-Burş ömrüni Gazadan başga ýerde geçirmegi hyýalam etmeýändigini aýtdy” diýýär.

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us