Resmi Waşington 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri resmi Tel-Awiwe 23 milliard dollar kömek berdi. Şol kömekleriň 80 göterimi geň galdyryjy görnüşde Amerikan ýarag öndürijilerine gaýdyp geldi.
Ysraýylyň Gazadaky urşy Amerikan ykdysadyýetine hamala diýersiňiz halasgär boldy. Tel-Awiwe berilen rekord derejedäki harby kömegiň 80 göterimi Amerikan firmalaryna dolanyp barýar.
ABŞ-nyň 2023-nj ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Ysraýylyň harby operasiýalaryna we Ýakyn Gündogardaky degişli işlere eden çykdajylary 23 milliard dollara barabar diýlip, hasaplanylýar. Ol, Waşingtonyň 1959-njy ýylda Ysraýyla harby kömek bermäge başlamagyndan bäri haýsydyr bir ýylyň dowamynda edilen iň ýokary kömek.
Brown uniwersitetiniň Watson institutynyň “Urşuň düşýän gymmatlary taslamasynyň” çäginde çap edilen habarnama görä, şol harby kömegiň şertleri Ysraýylyň hökümetiniň serişdäniň esasy bölegini Amerikan firmalaryndan ýarag satyn almak üçin peýdalanmagyny talap edýär.
Bu şert, ABŞ-daky ýarag firmalaryna “yzgiderli girdeji akymyny” ýola goýýan bolsa, kiçi we orta ululykdaky Amerikan kärhanalarynda “durnukly önümçilik işleriniň” ýola goýulmagyna hem şert döredýär.
Ylmy barlagy bilelikde ýazan Garward uniwersitetiniň professory Linda Ž. Bilmes “Harby kömek maksatnamasy aluwlaryň esasy böleginiň Amerikan firmalaryndan edilmegini şert hökmünde goýýar. Ol, uzak ýyllardan bäri dowam edýän güzgün we ABŞ şeýle kömekleriň berilmeginiň ähmihetini nygtaýarka muny aç-açan beýan edýär” diýýär.
ABŞ-nyň Ykdysady Bähbitleri we Ýarag Söwdasy
Ysraýyl Amerikan firmalaryndan “çäkli gözegçilik” bilen gönüden ýarag satyn almagyna rugsat berilen az sanly ýurtdan biri. Bilmes Baýdeniň kabinetiniň Ysraýyla berýän kömeklerini Amerikan ykdysadyýetine iş şertini döretmek üçin “açan-açan goldaýandygyny” beýan edýär.
ABŞ-nyň ýarag öndürijileri azalýan ýaragdyr ok-däriniň “üstüni ýetirmek” üçin işgär işledýär. Ak Tam 2025-nji ýylyň býujetinde Ysraýyl üçin Adatdan daşary milli howpsuzlyk zerurlyklaryny öz içine alýan 92 milliard dollarlyk goşmaça býujet talabyny “Amerikanyň ähli ştatlarynda iş şertlerini döretmek we dowam etdirmek” sebäpli goldady.
Bu syýasy taýdan hem möhüm. Demokratlar şu ýylky prezident saýlawynda Respublikaçy dalaşgär Donald Trampa garşy aldym-berdimli göreşýär. Tramp, kampaniýasynyň merkezine “Baýdeniň kabinetinde ejizlän Amerikan ykdysadyýetini” we migrasiýa syýasatlaryny ornaşdyrdy.
Ýarag Öndürijileriniň Pozisiýalary
Bilmesiň ylmy-barlagyna görä Ysraýyla ýarag beýleki enjamlary berýän alty sany esasy firma bar. Olar; “Boeing”, “General Dynamijs”, “Lockheed Martin”, “Northrop Grumman”, RTX we “Caterpillar”. Bu firmalar Ysraýyl bilen “uzak möhletli söwda gatnaşyklaryny” dowam etdirýärler we Ysraýyl olar üçin “esasy müşderi” pozisiýasyna eýe.
RTX (Öňki Ady: Raytheon)
RTX, uçurylandan soň ugur üýtgedip bilýän raketalaryň dünýäde iň esasy öndürijisi hasaplanýar. Firma Ysraýyla F-16 harby uçarlary üçin howadan-ýere raketalary we F-15 hem-de F-16 uçarlary üçin hereketlendirijileri satýar. Mundan başga-da, Ysraýylyň ýarag kompaniýasy bilen bilelikde “Rafael” ady bilen tanalýan taslamany alyp barýar. Bu taslama gysga aralyk üçün niýetlenen raketalary ýok etmek maksady bilen döredilen Demir Gümmez howa goranyş ulgamynyň tutujylaryny öndürýär.
“RTX-iň” bazar bahasy 7 oktýabr 2023-den bäri takmynan %84 ýokarlandy.
Lockheed Martin
Dünýäniň iň uly ýarag öndürijisi bolan “Lockheed Martin” Ysraýyla F-16 we F-35 söweş uçarlaryny üpjün edýär. Ysraýyl bu uçarlary Gazany bombalamak üçin giň gerimde ulanýar. Şeýle-de, kompaniýa Ysraýylyň guryýer operasiýalarynda ulanylýan “C-130 “Hercules” transport uçarlaryny we “Apache” dikuçarlary üçin “AGM-114 Hellfire” raketalaryny öndürýär.
Lockheed Martiniň baş direktory “Jim Taiclet” 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda maýadarlar bilen geçiren duşuşygynda, Ysraýylyň Gaza garşy alyp barýan urşunyň "geljekde girdejiniň artmagy üçin mümkinçilik döredýändigini" aýtdy.
Boeing
Dünýäniň dördünji ýarag öndürijisi bolan “Boeing” Ysraýylyň harby howa güýçleri tarapyndan Gaza we Liwandaky söweşlerde giňden ulanylýan F-15 söweş uçarlaryny we “Apache AH-64” hüjüm dikuçarlaryny öndürýär. Kompaniýa, uruş başlaly bäri maliýe taýdan dikeliş tapgyryna girdi
Beýleki Bähbit Görýänler
“General Dynamics”, “Northrop Grumman” we “Caterpillar” ýaly kompaniýalar hem Ysraýylyň harby operasiýalaryna uly goşant goşdy. Hususan-da “Caterpillar” Ysraýylyň Gazadaky ýaşaýyş jaýlaryny ýykmak üçin ulanýan bronlanan buldozerlerini öndürýär. “Caterpillaryň” bazar bahasy Ysraýylyň Gazada jaý ýykyp başlamagyndan bäri %52-den gowrak ýokarlandy.