Halkara ýylylykda 1,5C-y geçmek möhüm bosagany geçmek manysyny aňladýar. Betbagtçylyklaryň başdan geçirilmeginiň, deňiz derejesiniň ýokarlamagyny we eko ulgamyň çöküş depginini güýçlendirýär.
2024-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Ispaniýanyň günorta gündogarynyň ýaşaýjylary 220-den gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolan we infstrutura uly zeper ýetiren sil apaty bilen oýandy. Bir ýyllylyk ýagyşa barabar güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen bu siller Ýewropada ozal hem birnäçe gezek başdan geçirlipdi we halkara ýylylyk planetasy sebäpli şuňa meňzeş wakalar başdan geçirilmäge dowam eder.
Planetamyz ozal deňi taýy görülmedik howa çalşygyny başdan geçirýär. Alymlar birnäçe wagtdan bäri howa çalşygy boýunça duýduryş berýärdi. Soňky görkezijiler global ýylylygyň senagat döwründen ozalky döwür ýagny 1850-1900-njy ýyllar bilen deňeşdirilende 1,5C geçendigini görkezýär.
Bu ýokarlama il arasynda kiçi ýaly görünsede, deňizlerde suwyň mukdarynyň artmagyna, ýygy-ýygydan has güýçli tebigy apatlaryň başdan geçirilmegine, köpçülikleýin ýitgilere sebäp boljak howa krizisiniň depginini güýçlendirip, adamzadyň we planetamyzyň eko ulgamlarynyň gelejegine howp salýan öwrülşik nokadyny görkezýär. Bütin dünýä Meteologiýa guramasynyň geçen aý çap eden habarnamasy, parnyk gazlarynyň konsentrasiýasynyň 2023-nji ýylda rekord derejä ýetendigini we munyň öňümizdäki ýyllarda howanyň ýylylygynyň yzygiderli ýagdaýda ýokarlajakdygyny görkezýär.
Global ýylylygyň esasy hereketlendirijisi bolan kömürturşy gazy, adamzat taryhynda deňi-taýy görülmedik derejede ýygnalýar we diňe soňky 20 ýyl 10 göterimden gowrak artdy.
Bu ýokarlama, esasan fosil ýangyç zyňyndylary bilen arabaglanşykly. Bu aladalandyryjy ýagdaý, planetamyzyň yza gaýdylmasyz çäge ýetendigini we howa çalşygy apatyna tarap Betbagtçylyklaryň başdan geçirilmeginiň, deňiz derejesiniň ýokarlamagyny we eko ulgamyň çöküş depginini güýçlendirýär.
2024-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Ispaniýanyň günorta gündogarynyň ýaşaýjylary 220-den gowrak adamyň ýogalmagyna sebäp bolan we infstrutura uly zeper ýetiren sil apaty bilen oýandy. Bir ýyllylyk ýagyşa barabar güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen bu siller Ýewropada ozal hem birnäçe gezek başdan geçirlipdi we halkara ýylylyk planetasy sebäpli şuňa meňzeş wakalar başdan geçirilmäge dowam eder.
Planetamyz ozal deňi taýy görülmedik howa çalşygyny başdan geçirýär. Alymlar birnäçe wagtdan bäri howa çalşygy boýunça duýduryş berýärdi. Soňky görkezijiler global ýylylygyň senagat döwründen ozalky döwür ýagny 1850-1900-njy ýyllar bilen deňeşdirilende 1,5C geçendigini görkezýär.
Bu ýokarlama il arasynda kiçi ýaly görünsede, deňizlerde suwyň mukdarynyň artmagyna, ýygy-ýygydan has güýçli tebigy apatlaryň başdan geçirilmegine, köpçülikleýin ýitgilere sebäp boljak howa krizisiniň depginini güýçlendirip, adamzadyň we planetamyzyň eko ulgamlarynyň gelejegine howp salýan öwrülşik nokadyny görkezýär. Bütin dünýä Meteologiýa guramasynyň geçen aý çap eden habarnamasy, parnyk gazlarynyň konsentrasiýasynyň 2023-nji ýylda rekord derejä ýetendigini we munyň öňümizdäki ýyllarda howanyň ýylylygynyň yzygiderli ýagdaýda ýokarlajakdygyny görkezýär.
Global ýylylygyň esasy hereketlendirijisi bolan kömürturşy gazy, adamzat taryhynda deňi-taýy görülmedik derejede ýygnalýar we diňe soňky 20 ýyl 10 göterimden gowrak artdy.
Bu ýokarlama, esasan fosil ýangyç zyňyndylary bilen arabaglanşykly. Bu aladalandyryjy ýagdaý, planetamyzyň yza gaýdylmasyz çäge ýetendigini we howa çalşygy apatyna tarap barýandygymyzy görkezýär.
Alymlar 2024-nji ýylyň bellige alynan iň yssy ýol boljakdygyny nygtaýardy. ÝB-niň Howa çalşygy gullugy 2024-nji ýylyň 22-nji iýulynyň dünýäde ýylylyň 17.15C ýetmegi bilen döwrebap taryhyň iň yssy güni bolandygyny mälim etdi.
Ýylylygyň ortaça ýokarlamagy diňe iň ýokary we iň pes ýylylygy görkezmän eýsem şol bir wagtda howa hadysalarynyň ýokarlaýandygyny görkezýär. Bularyň arasynda ABŞ-nyň käbir ştatlarynda gynansakda aşa yssy howa tolkunlary, Günorta Ýewropada uly zeper ýetiren siller we Günorta Amerikadaky tokaý ýangynlary ýer alýar.
Dünýäniň çar tarapyndaky ynsanlar bu aşa howa hadysalarynyň jerimesini çekýär. Ösüp barýan ýurtlar şol ýaramaz täsirleriň esasy böleginiň jogapkärçiligini öz üstüne alýar. İmperial Jollege Londonyň ýaňy ýakynda geçiren barlagy 2004-nji ýyldan bäri başdan geçirlen 10 sany tebigy apatda 570 müňden gowrak adamyň ýogalandygyny ýüze çykardy. Aşa ýyllylyk sebäpli ýüze çykan gytçylyk 258 müň adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. 2011-nji ýylda Somalide başdan geçirlen guraklygy muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.
Ýiten Ýurtlar
Alymlar senagatlaşma we gaz zyňyndylarynyň gözegçilik astyna alnyp bilinmeýändigi sebäpli asyryň ahyryna çenli global ýylylygyň 2,7J ýokarlap biljekdigini nygtaýar.
Bu möhüm ssenari, deňiz derejesiniň ýokarlamagy sebäpli Banglaşdeş, Maldiw adalary we Müsüriň kenarýaka şäheri İskenderiýe ýaly ähli halklaryň we adalaryň suwyň aşagynda galmagyna sebäp bolup biler. Şol bir wagtda bu ýagdaý azyk howpsuzlygyna wehim salýar, eko ulgamlary bozýar we ykdysady ösüş depginine zeper ýetirýär.
Gynansakda daşky gurşaw çeşmelerinden hyýanatçylykly peýdalanylýandygy sebäpli ynsanlar bu hadysalardan jogapkärdir.
Alymlar aşa howa hadysalarynyň depgininiň güýçlenmegini atmosferadasy parnik gazlarynyň konsentrasiýasynyň ýokarlamagy bilen baglanşdyrýar, bu hem ortaça ýylylygyň ep-esli ýokarlamagyna sebäp bolýar.
Bu howply ýagdaý, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň planetamyzyň yza gaýdylmasyz çäge ýetendigi barada duýduryş bermegine we muny “howa jähennemine” meňzetmegine sebäp boldy.
Wadalar we syýasatlar
Ýurtlaryň howa çalşygynyň ýaramaz täsirlerinden çetde durmak üçin ýylylygy 1,5J aşakda tutmaklaryny maksat edinýän Pariž şertnamasyna goldaw berendiklerine garamazdan, berlen wadalar bilen alnyp barylýan syýasatlaryň arasyndaky tapawut artmaga dowam edýär. Ýurtlaryň beren wadalarynda tapylmazlyklary uly garşylyk görkezilmegine sebäp bolýar.
Ýaňy ýakynda Azerbaýjanda geçirlen Howa çalşygy sammiti arzuw hyýallary puja çykardy. Sammitde seljerlen taslamada senagatlaşma sebäpli howa çalşygynden jogapkär bolan baý ýurtlaryň, howa çalşygynyň ýoksul ýurtlara ýetiren ýaramaz täsiriniň ortadan aýrylmagy üçin 2035-nji ýyla çenli her ýyl 250 milliard dollar kömek berilmegi boýunça çagyryş berilýärdi. Emma bu teklipe uly garşylyk görkezildi, sebäbi howa çalşygynyň ýaramaz täsirleriniň hötdesinden gelinmegi üçin her ýyl 400 milliard dollar gerek.
Bu syýasatlar diňe adalatsyzlygy däl eýsem şol bir wagtda esasan Afrikada we kiçi ada ýurtlarda ýaşaýan millionlarça adamyň uly ýitgi çekmegine sebäp bolýar.
Umytlandyryjy çözgütler
Howa çalşygynyň ýaramaz täsirlerinden halas bolmak üçin henizem umyt bar. BMG häzirki tehnalogiýalaryň 2030-njy we 2050-njy ýyllara çenli zyňyndylarynyň azaldylyp bilinjekdigini nygtaýar. Hünärmenler global kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň 2030-njy ýyla çenli 45 göterim azaldylmagyny we 2050-njy ýyla çenli nola çenli ýetilmelidigini nygtaýar.
Esasy çäreler Milli iş meýilnamasyny, täze fosil ýangyç taslamalarynyň togtadylmagyny, fosil ýangyçlarynyň ulanylşynyň 2030-njy ýyla çenli 30 göterim azaldylmagyny, kömüriň ulanylşynyň 2040-njy ýylda çenli tapgyrlaryn ýagdaýda bes edilmegini we baý ýurtlaryň degişli maliýe kömegini bermegini öz içine alýar. Çözgütler şol bir wagtda agaçlandyrmany, ilatyň goralmagyny we öňünden habar beriş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegini öz içine alýar. Şol maksatlara ýetmek hökümetleriň we degişli guramalaryň ygrarlylygyny talap edýär.
Howa çalşygy krizisi diňe bir daşky gurşaw krizisi däl eýsem şol bir wagtda adamkärçiligimiziň we bilelikde işleşmek ukybymyzyň synagydyr. Şu günki günde başdan geçirýän apatlarymyz belkide gyssagly çäre görmek üçin berlen duýduryşdyr. Biz jogapkärçilik almaga taýarmy? Eger şeýle bolman halatynda planetamyz yza dolanmazlyga tarap barýarka synmy bolup galarysmy?