Türkiýe
2 minut okamak
Rimdäki Kolesseý Türkiýäniň Göbeklidepede Tapylan Hazynalaryny Sergileýär
Rim – Göbeklidepe Sergisi
Rimdäki Kolesseý Türkiýäniň Göbeklidepede Tapylan Hazynalaryny Sergileýär
Rimdäki Kolesseý Türkiýäniň Göbeklidepede Tapylan Hazynalaryny Sergileýär
17 февраля 2025 г.

Rim şäheriniň nyşany bolan Kolosseý, dünýäniň iň gadymy ybadathanasy hasaplanýan Göbeklidepede tapylan eserlere bagyşlanan ýörite sergini açdy. Türkiýe we Italiýa bilen hyzmatdaşlykda gurnalan bu sergide, Anadoludaky 12,000 ýyllyk arheologik mirasyň üç sany daş eseriniň nusgalary görkezilýär. Bu eserler alty aýlap sergilener.

Bu çäre, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Daşary işler ministrligi, Türkiýäniň Rimdäki ilçihanasy, Italiýanyň Medeniýet ministrligi, Kolosseý Arheologiýa seýilgähi we Rim Forum müdirligi hem-de Türk Howa Ýollary (THY) tarapyndan bilelikde guraldy.

Penşenbe güni açylan sergi Göbeklidepe nusgalaryndan başgada, Göbeklidepe garşy alyş merkezinde görkezilýän filmlerden bölekleri, sanly gurnamalary we maglumatlandyryjy panelleri hem öz içine alýar.

Açylyş dabarasyna Türkiýäniň Medeniýet we Syýahatçylyk ministriniň orunbasary Gökhan Ýazjy hem-de onuň italýan kärdeşi gatnaşdy.

Ýazjy dabarada: "Asyrlar boýy dünýäniň merkezi hökmünde kabul edilen Kolosseýiň ajaýyp atmosferasynda adamzat taryhynyň esasy öwrülşik nokatlarynyň başdan geçirilen döwürlerine şaýatlyk eden Göbeklidepäniň çuňňur we gadymy taryhyny size tanyşdyrýarys" diýdi.

Kolosseýiň ikinji gatynda guralan sergi 2025-nji ýylyň 20-nji apreline çenli açyk bolar. Nusgalar we subtitrli filmler, bu çäre üçin Türkiýäniň Medeni Miras we Muzeýler Baş müdirligi tarapyndan ýörite taýýarlanyldy. Türk Howa Ýollary eserleri Rim şäherine muzdsyz getirdi.

Dünýäniň Iň Gadymy Ybadathanasy

Myhmanlara Göbeklidepede ösdürilen bugdaýdan bişirilen çörek hem-de baklawa, lokum we türk hem-de italýan tagamlary hödürlendi.

Dünýäniň iň gadymy ybadathanasy hasaplanýan Göbeklidepe, 2011-nji ýyldan bäri UNESCO-nyň Bütindünýä Mirasynyň wagtlaýyn sanawynda durýar.

1963-nji ýylda Stambul we Çikago uniwersitetleriniň bilelikdäki gözlegleri netijesinde ýüze çykarylan bu taryhy ýadygärlik, Şanlyurfada ýerleşýär we soňky ýyllarda rekorda laýyk derejede syýahatçyny özüne çekýär.

Golaýda başlan howa şary gezelençleri bu gadymy ýadygärlige syýahat tejribesini täzeçe görnüşde baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

 

 

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us