Onlarça ýyldan bäri territoriýa giňeltme syýasatyny dowam etdirýän Ysraýyl, 1967-nji ýylda bikanun basylyp alynan 1.800 inedördül kilometre barabar Siriýa degişli Golan Tepelerinde täze ýaşaýyş ýerlerini gurmagy meýilleşdirýändigini beýan etdi.
Strategiki taýdan möhüm bolan bu sebit, dört ýurduň Siriýanyň, Ysraýylyň, Liwanyň we Iordaniýanyň çatrygynda ýerleşýär we sebitleýin ýaragly çaknyşyklarda harby artykmaçlyk döredýär.
Ysraýylyň hökümeti Golan Tepelerinde "demografik ösüşi höweslendirmek" üçin 11 million dollardan gowrak serişde bölüp berdi. Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu sebitiň ilat sanyny iki esse köpeltmegi maksat edinýändigini nygtap, "bu sebiti elimizde saklamaga, ösdürmäge we täze ýaşaýyş ýerlerini gurmaga dowam ederis" diýdi.
Resmi Tel-Awiw üçin Golan Tepeleri harby taýdan möhüm bolan zolakdyr we ol Ysraýyla goňşy ýurtlara basyş etmäge mümkinçilik berýär.
Netanýahunyň Ikiýüzlüligi
Ysraýyl bilen Siriýanyň arasyndaky ot açmazlyk hakyndaky şertnamanyň düzgünleri 8-nji dekabrda, 50 ýyl dowam eden parahatçylyk döwründen soň bozuldy. Ysraýylyň tanklary, birnäçe onýyllykdan bäri basylyp alynan "ara zolakda", ýagny Ysraýyl bilen Siriýanyň arasyndaky ýaragsyzlaşdyrylan sebite girdi.
Ysraýylyň harby güýçleri diňe bir Siriýanyň Golan Tepelerindäki bölegine aralaşmak bilen çäklenmän, eýsem ol ýerde täze harby "gorag zolagyny" döretmek üçin goşun ýerleşdirdi.
Ysraýyl, bu harby hereketi "Damaskdaky hökümetiň çalyşmagyndan soň baglaşylan şertnamanyň bozulandygyny" we täze hökümetden abanýan potensial howpy ortadan aýyrmak üçin zerurdygyny öňe sürdi.
Golan Tepeleriniň gündogar bölegine ilerleýän wagty Netanýahu, bu operasiýanyň "diňe wagtlaýyn goranyş çäreleri" bolup durýandygyny aýtdy. Emma The Economist gazetiniň ýazmagyna görä, Netanýahu bu sözleri diňe Iňlis dilindäki beýanatda aýdyp, ýewropaly syýasy jemgyýeti köşeşdirmek üçin uýgunlaşdyran.
Netanýahu bir hepde soň bolsa Golan Tepelerinde ilatly zolagy giňeltmek hakyndaky meýilnamasyny yglan etdi we bu başlangyjyň Siriýada hökümediň dargamagyndan soň täze howplaryň ýüze çykandygy sebäpli "zerurdygyny" aýtdy.
Durzi we Çerkez Ilatyň Mirasy
1967-nji ýyla çenli Siriýanyň gözegçiliginde bolan Golan Depelerinde esasan durzi we çerkez halklary ýaşaýardy. 1967-nji ýylda bolan Alty günlik uruşda Siriýanyň harby güýçleri Golan Depeleriniň belentliginden peýdalanyp, Ysraýylyň şäherlerine hüjüm etdi. Emma Ysraýylyň bu söweşde ýeňiş gazanmagy onuň Siriýadan abanýan howplara garşy ara zolak döretmegine we strategiki ähmiyetli suwdan peýdalanmagyna mümkinçilik berdi.
Şol strategiýany dowam etdirýän Ysraýyl 2024-nji ýylda hem Golan Depelerinden başga ýerleri gözegçilik astyna almak we ozalky ýaragsyz zolagy basyp alma syýasatyny dowam etdirýär.
Netanýahu Ysraýylyň goşunlaryna "Siriýadan abanýan potensial howplary ýok etmek we terror toparlarynyň Ysraýyl serhedine daş bolmadyk ýerlerde bazalar döredilmeginiň öňüni almak üçin" buýruk berdi.
1967-nji ýyldaky urşuň netijesinde sebitiň 130.000-den gowrak arap ilaty öz ýurdundan sürgün edildi. Ysraýyl bolsa şol ýerde ýehudi ýaşaýyş zolaklaryny döretdi we Golan Depeleriniň "howpsuzlyk hem-de ösüş üçin möhümdigini" öňe sürdi.
Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Siriýanyň Golan Depelerinde häzirki wagtda takmynan 50.000 adam ýaşaýar. Olaryň ýarysy ysraýylly bosgunlar, galan ýarysy bolsa Ysraýylyň ilatynyň 1.6%-ni emele getirýän şaýy messebine uýýan durziler.
Durzi ilat, Ysraýylyň hökümeti tarapyndan döredilen "Golan Sebitleýin Geňeşi" atly dolandyryş düzümine girizildi we olar Ysraýyl tarapyndan gurlan 33 sany ýaşaýyş nokatlarynda ýaşaýarlar. Şol ýaşaýyş nokatlary halkara hukugyna görä bikanun hasaplanýar.
Siriýanyň Golan Depelerini Yzyna Alma Synanyşyklary
Siriýa Golan Depelerini yzyna almak üçin 1973-nji ýylda Ýom Kippur Urşuna girişdi, ýöne üstünlik gazanyp bilmedi. 1974-nji ýylda baglaşylan şertnama Ysraýylyň Siriýa degişli käbir ýerlerden çekilmegine sebäp boldy. Ýöne Golan Depeleri Ysraýylyň gözegçiliginde galdy.
Ysraýyl 1981-nji ýylda Golan Depelerini bir taraplaýyn öz çägine goşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi şol karary "bikanun we hökümsiz" diýip yglan etdi.
Haýsydyr bir ýurt Ysraýylyň Golan Depelerine gözegçilik etmegini ykrar etmedi. Emma 2019-njy ýylyň mart aýynda ABŞ ony resmi taýdan ykrar etdi.
Netanýahunyň Içerki Basyşlara Garşy Göreşi
Netanýahu, Ysraýylyň basyp alan ýerlerinde ilatlaşdyrma meýilnamalaryny giňeltmegi sebäpli ýurduň içinde güýçli garşylyga sezewar bolýar.
Ysraýylyň ozalky premýer-ministri Ehud Olmert Ysraýylyň Golan Depelerinde galmagyny zerur hasaplamaýandygyny nygtap, Netanýahunyň syýasatyna reaksiýa bildirdi: "Netanýahu, Siriýa bilen çaknyşygy giňeltmek islemeýandigini aýdýar. Eger şeýle bolsa, onda biz näme üçin Golan Depelerinde ilatly zolagy giňeldýäris? Biziň çözgüde garaşýan ýeterlik meselelerimiz bar".
Ysraýylyň halkara arenada günsaýyn güýçlenýän tankytlara garamazdan Netanýahunyň adminstrasiýasy Golan Depelerinde ilatyň sanyny iki esse artdyrmak, täze ýaşaýyş zolaklaryny gurmak we harby kontrollygy berkitmek boýunça syýasatyny dowam etdirýär.