Gaza, basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada we şu günki güne çenli Liwandaky hristian jemgyýetleriň başdan geçirýän wakalary, Ýakyn Gündogardaky giň gerimli çaknyşyklaryň ortasynda gyssagly mesele ýagdaýyna geldi. Ysraýylyň genosid kampaniýasyny we basyp alyşlygyny dowam etdirýändigi sebäpli Arap hristianlar zuluma we ykdysady gysyşa sezewar bolýar we öýlerini terk etmek howpuny başdan geçirýär. Bu hem olaryň durmuşlaryny dowam etdirmek we medeni gymmatlyklaryny goramak taýdan aladalanmaklaryna sebäp bolýar.
Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýogalýanlaryň sany gün saýyn köpelýär. Beýleki tarapdan halkyň medeni gymmatlykalryna we dini mirasyna uly zeper ýetirilýär. Günorta Liwanda Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri Deir Mimas atly hristian obasyndaky buthana girdi. Howa hüjümleri sebäpli Siriýadaky we Liwandaky gadymy Ewanželik buthanasy ýer biren ýegsan edildi. Bu aksiýalar Premýer-ministr Binýamin Netanýahunyň sebitde taryhy geçmişi bolan azlyk arap hristianlaryny hem nyşana alýandygyny görkezýär.
Beýleki tarapdan ysraýylly ýaşaýjylar basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada biperwaýlyk bilen palestinaly hristianlaryň öýlerini ellerinden alyp olary öýsüz-öwzarsyz goýdy. Palestinaly hristianlar bilkastlaýyn ýagdaýda başga ýere göçürilýär we demografiki manipulýasiýa garşy özbaşlaryna göreşmeli bolýar.
Netanýahunyň demografiki meýilnamalary
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahunyň alyp barýan syýasatlary, arap hristianlary bilkastlaýyn çetleşdirýändigi baradaky aladalaryň artmagyna sebäp bolýar. Maliýe ministri Bezalel Smotriç tarapyndan hödürlenen 2024 ýerleşiş meýilnamasy, Guş Etzion etrapçasynda ýerleşýän bikanun ysraýylly ilatly ýerleri Iýerusalim bilen birleşdirmegi we Günbatar Şeriada galan birnäçe hristian obasy bilen birlikde Palestina degişli ýerleri basyp almagy maksat edinýär.
Meýilnama diňe hristian ýaşaýjylaryny kowup çykarmak bilen çäklenmän eýsem şol bir wagtda bu sebitleriň dini we medeni gymmatlyklaryna uly zeper ýetirilmegini öz içine alýar. Mysal üçin sebitde ýerleşýän seýrek gabat gelýän hristian galalaryndan biri bolan Al Makhur jülgesi, täze ilatly ýerleriň guruljakdygy sebäpli ýykylmak howpyny başdan geçirýär. Netanýahunyň bu syýasatlara garşy durmazlygy, Palestinadaky hristianlary hem ýok etmek we demografik gurluşy üýtgetmek strategiýasyny açyk aýdyň görkezýär.
Başdan geçirilýän wakalara halkara jemgyýetçigi uly garşylyk görkezsede netije alnyp bilinmedi. BMG Ysraýylyň Palestinadaky basyp alyşlygyny ýazgarýan kararlar kabul etdi emma hiç hili netije alnyp bilinmedi.
Bu ýagdaý wagtal-wagtal käbir liderleriň ünsüni özüne çekdi. Papa Fransisk 2024-nji ýylyň ahyrynda bu ýagdaýy Gazadaky “potansial” genosid hökmünde häsiýetlendirdi we meseläniň derňelmegi üçin çagyryş berdi. Emma krizisi “potansial” hökmünde häsiýetlendirmek hakykaty kabul etmezlik manysyny aňladýar. Arap hristianlar, Netanýahunyň we beýleki ysraýylly ýolbaşçylaryň tussag edilmegi hakynda Halkara jenaýat kazyýetiniň kabul eden kararlarynda hem nygtalşy ýaly sistematik zuluma sezewar bolýar.
Hristianlara garşy transmilli genosid meýilnamasy
Arap hristianlara garşy edilýän zulum Gaza we Günbatar Şeria bilen çäki däl. Netanýahunuň Gaza genosidinden öň Ysraýylyň içinde başladan giň gerimli Arap meselesiniň bir bölegi hökmünde görülýän Arap hristianlary ýok etmek meýilnamasy transmilli strategiýasynyň bir bölegi bolmaga dowam edýär.
Ysraýylly esgerler bir ýylyň dowamynda Liwanda hristianlaryň köpçülikleýin ýaşaýan ýerlerini nyşana aldy. Ysraýylyň hüjümleri sebäpli hristianlaryň ýaşaýan etrapçalary harabalyga öwrüldi. Gündogar Beýrut we Liwan dagynyň demirgazyk kenarlaryna Ysraýylyň hüjümleri sebäpli uly zeper ýetirildi. Liwanly hristianlaryň simwollary bolan buthanalar ýykylyp ýumruldy. Hristianlaryň medeni we dini gymmatlyklaryna uly zeper ýetirildi.
Hristian etrapçalaryna guralýan şol hüjümleriň Hizbullahy nyşana almak ýaly harby maksatlar bilen arabaglanşykly bolmazlygy ünsleri ösüne çekdi.
Liwanyň güýçleri partiýasyndan Samir Geagea ýaly tanymal syýasatçylar bilen birlikde liwanly hristianlar Hizbullahyň hüjümlerini berk ýazgardy.
Ysraýylda içerki zulum
Arap hristianlarynyň başdan geçirýän kynçylyklary Ysraýylda ýaşaýanlary hem öz içine alýar. Merkezi İerusalimde ýerleşýän Rossing Sentr tarapyndan 2024-nji ýylda taýarlanan habarnamada ysraýylly arap hristianlara garşy edilýän basyşa we zuluma ýer berilýär. Ortadoks sionist toparlar dini çäreleriň geçirilmegini bökdemek bilen uly hemle atýarlar.
Ysraýylyň hökümeti bu meseleleriň çözülmegi üçin hiç hili tagalla etmedi. Netanýahunyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wakalaryň jogapkärlerine garşy iş gozgamazlyk bilen şuňa meňzeş wakalara umuman alnanda goldaw berýändigini görkezdi.
Arap hristianlaryň bilkastlaýyn nyşana alynmagy, ýehidu bolmadyk jemgyýetlere garşy edilýän zulum sebitdäki ýehudi üstünliginiň berçinleşdirilmegini maksat edinýän strategiýanyň bir bölegidir.
Halkara jemgyýetçiligi üçin bu ýagdaý, Ysraýyly eden etmişlerinden jogapkär saýmak üçin ýeterlikdir. Diplomatiýa taýdan ediljek basyş, ykdysady sanksiýalar we harby çäklendirmeler şuňa meňzeş hereketleriň öňüniň alynmagy we adalatyň ýola goýulmagy üçin diýseň möhüm.
Gynansakda halkara derejesinde görkezilýän garşylyklar ýeterlik däl. Halkara jemgyýetçiliginiň işe girişmegi Gazadaky, Günbatar Şeriadaky we Liwandaky arap hristianlarynyň ýagdaýy, hak-hukuklarynyň we miraslarynyň goralmagy taýdan diýseň möhüm.
Arap hristianlar asyrlaryň dowamynda Ýakyn Gündogaryň medeni we dini mozaikasynyň bitewi bölegidir. Şol jemgyýetleriň goralmagy diňe adalat meselesi däl eýsem şol bir wagtda sebitiň jebislikde ýaşamak taryhynyň hem subutnamasydyr. Esasy mesele halkara jemgyýetçiliginiň bu kynçylygyň hötdesinden gelip gelmejekdigi we meselä ünsli çemeleşip çemeleşmejekdigi.