Medeniýet
2 minut okamak
Türkiýäniň "Kitap Hassahanasy": Seýrek Golýazmalar Sahypa-Sahypa Gaýtadan Janlanýar
Stambulyň taryhy Rami Kitaphanasynyň "Şypahana" bölüminde hünärmenler müňýyllyklaryň dowamynda saklanan gymmatly golýazmalary seresaplylyk bilen abatlap, olary gaýtadan janlandyrýarlar.
Türkiýäniň "Kitap Hassahanasy": Seýrek Golýazmalar Sahypa-Sahypa Gaýtadan Janlanýar
hace 14 horas

Geçmişde harby kazarma hökmünde ulanylan, XVIII asyrdan galan taryhy binada ýerleşýän Rami Kitaphanasy 2023-nji ýylda açyldy. Bu kitaphananyň çäklerinde hereket edýän "Şypahana" dikeldiş merkezi Türkiýäniň Golýazma Eserler Müdirligine degişlilikde işleýär.

"Kitap hassahanasy" hökmünde tanalýan “Şypahana” osmanly türkçesinde, arap, pars, ýewreý we rus dillerinde ýazylan müňlerçe ýyllyk gymmatly eserleri dikeldýär. Mundan başga-da, Liwan ýaly beýleki ýurtlardan hem dikeldiş üçin eserler kabul edilýär.

“Şypahana” merkeziniň ýolbaşçysy doktor Nil Baýdar TRT World bilen geçirlen söhbetdeşliginde dikeldiş işleriniň hirurgiki bejergä meňzeýändigini belläp, "Golýazmalaryň zaýalanmazlygy iň möhüm zat. Eserlere zeper ýetirmezden, halkara ülňülerine laýyk işleýäris" diýýär.

Hünärmenler Yslam dininiň irki döwürlerine degişli Gurhanyň seyrek gabat gelýän nusgalaryny, şeýle-de meşhur fykh alymy Ahmed bin Hanbeliň 1069 ýyllyk "El-Ilal we Marifetur-Rijal" atly hadys ylmy boýunça ýazylan eserini hem dikeldýärler. Bu eseriň dünýäde mälim  bolan ýeke-täk nusgasy Süleýmaniýe Kitaphanasynda saklanýar.

Şyphanadaky hünärmenler TRT World bilen söhbetdeşlikde her bir sahypany halas etmek üçin ýerine ýetirýän işleriniň jikme-jigini düşündirip, dikeldiş we gorag işleriniň çylşyrymlydygyny belleýärler.

Dikeldiş tapgyry, eserleriň jikme-jik resminamalaşdyrylmagyndan başlanýar. Hünärmenler golýazmalaryň taýýarlanyşynda ulanylan materiallary we usullary öwrenýärler. Soň olar çyglylyk, kömelek, mör-möjekler we tebigy garramaklyk sebäpli ýüze çykan zeperlerden saplanýar.

Her bir sahypa tozan, hapalar we tegmillerden saplanandan soň, ownuk ýyrtyklar tebigy ýelimler bilen abatlanýar. Şikes ýeten ýerleri elde öndürilen ýapon kagyzy bilen örtülip, basyş astynda saklanylýar. Gaýtadan dikeldilen sahypalar bolsa kitap görnüşinde birleşdirilýär. Bu iş kähalatlarda birnäçe aý dowam edip bilýär.

Hünärmenlerden biri Mebrure Ipek Ýüksel dikeldiş tapgyrynyň "iň möhüm böleginiň" resminamalaşdyryşdygyny we şol tapgyrda ýazgylaryň ýazylan materiallaryny hem-de usullaryny öwrenýändiklerini aýdýar.

“Şypahana” Ýewropanyň iň döwrebap dikeldiş merkezleriniň biri hökmünde kabul edilýär. Himiki inženerlerden, himiklerden we biologlardan ybarat 80 adamlyk tejribeli topar iň döwrebap tehnologiýalardan peýdalanýarlar.

 Doktor Nil Baydar Türkiýede hünär taýdan dikeldiş işleriniň 2012-nji ýylda başlandygyny we tehnologiýanyň ösüşi bilen bilelikde bu ugurdaky mümkinçilikleriň hem giňelendigini nygtaýar.

Stambulyň Rami Kitaphanasyndaky “Şyphana” geçmişden galan bu gymmatly eserleri geljek nesillere ýetirmek üçin irginsiz işleýär. Ýüzlerçe ýylyň dowamynda syrly bolup galan maglumatlar hünärmenleriň çäksiz yhlasy bilen gaýtadan janlanýar.

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us