Datçanyň günorta günbatarynda Türkiýäniň kenarlarynda ýerleşýän Kizlan Osmanly gämisiniň harabalygynda dowam edýän gazuw-agtaryş işlerinde Osman imperasiýasy döwrüne degişli birnäçe eser tapyldy. Tapylan eserler batan gäminiň taryhy döwrü hakynda maglumat berýär.
Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginden berlen beýannama görä, Dokuzynjy sentýabr uniwersitetiniň Suwasty ylmy barlag merkezi SUDEMER tarapyndan Mawi miras taslamasynyň çäginde batan gämide gazuw-agtaryş işleri geçirilýär.
Tapylan galyndylaryň arasynda Ýeniçeriler döwrüne degişli 14 tüpeň, takmyman 2 müň 500 sany ok-däri bar. Galyndylar gäminiň söweşe gatnaşandygyny görkezýär.
Mundan başagda, musulman ýurtlar üçin Hytaýda öndürlendigi çaklanylýan gök reňkli nagyşly farfor tabaklar, gäminiň ýörite wezipe ýada diplomatik missiýa bilen arabaglanşygynyň bolup biljekdigini görkezýär. Farfor tabaklaryň gaplanan görnüşde tapylmagy olaryň sowgat hökmünde taýarlanandygyny görkezýär.
Gäminiň ekipažyna ýada esgerlere degişli bolandygy çaklanylýan şahsy goşlar bilen agaç daraklar, mis gap-gaçlar hem halas edilipdir.
Gämide Tunisiň Džerba sebitine degişli farformaryň tapylmagy, gäminiň Demirgazyk Afrika degişlidigini görkezýär.
Kizlan gämisiniň harabalygy, türk gara suwlarynda Ýeniçeri esgerlerini alyp barýan Osmanly gämisiniň galyndylaryna ilkinji gezek gabat gelinmegi taryhy taýdan diýseň möhüm.
Gäminiň sag tarapyna degişli galyndylaryň tapylmagy, gäminiň gurlan wagty hakynda maglumat berýär.
Ähli galyndylar gäminiň 17-nji asyryň ikinji ýarymynda söweşden soň batandygyny görkezýär.
Gazuw-agtaryş işleriniň 2025-nji ýyla çenli tamamlanmagyna we galyndylaryň Osmanly deňizçilik taryhy barada täze maglumatlary ýüze çykarmagyna garaşylýar.
Datçanyň golaýyndaky Osmanly döwrüne degişli gäminiň harabalygy 17-nji asyryň deňizçilik taryhy taýdan möhüm maglumatlary özünde jemleýär