Türkiýe
2 minut okamak
Sudanyň Daşary işler ministri Türkiýäniň töwellaçylyk teklibine oňyn garaýar
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, dekabr aýynyň başynda resmi Ankaranyň söweş zerarly harabalyga öwrülen Afrikada parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna goldaw berjekdigini aýtdy.
Sudanyň Daşary işler ministri Türkiýäniň töwellaçylyk teklibine oňyn garaýar
13 hours ago

Sudanyň harby goşunynyň serkedesi, harby goşun bilen pitneçileriň arasynda 20 aý dowam eden çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin Türkiýäniň beren teklibine oňyn garaýar.

Şenbe güni Port Sudanda metbugata beýannama beren Daşary işler ministri Ali Ýoussef, Prezident Abden Fattah al Burhanyň, Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Burhanettin Durandan, Sudanyň ýolbaşçylarynyň bu başlangyja oňyn garaýandyklaryny Prezident Erdogana ýetirmegini isledi.

 “Sudana Türkiýe ýaly dost we dogan gerek” diýen Daşary işler ministri Ýoussef, bu başlangyjyň Sudanda parahatçylygyň ýola goýulmagyna itergi berjekdigini sözleriniň üstüne goşdy.

Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Burhanettin Duran hem parahatçylyk etabynda ähli taraplaryň tagalla etmelidigini we Türkiýäniň çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin halkara derejesinde tagalla edilmegi boýunça uly jogapkärçilik almaga taýardygyny belledi.

Geçen hepde berlen beýannamada, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem Türkiýäniň Sudan bilen dowam edýän krizisiň çözülmegi üçin edýän diplomatik tagallasyna kanagatlanma bildirendigi nygtaldy.

 Birleşen Arap Emirliklerinden berlen beýannamada “Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýäniň Sudandaky çaknyşyklaryň diplomatiýa arkaly bes edilmegi üçin edýän tagallasyna goldaw berýär we bu ugur boýunça hyzmatdaşlyk etmäge taýar”diýildi.

Dekabr aýynyň başynda, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Sudanyň Prezidenti Burhan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Türkiýäniň “Sudan bilen BAE-niň arasyndaky düşnüşmezlikleriň çözülmegi üçin töwellaçy bolup biljekdigini” mälim edipdi

Ýokarlan dartgynlyk

Sudanyň hökümeti, BAE-ni birnäçe gezek HDK güýçlerine goldaw bermekde aýyplady. BAE bolsa şol aýyplamary ret etdi.

Geçen aý Sudanyň hökümeti HDK güýçlerini goňşy ýurt Çatdan BAE tarapyndan öndürlen uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guramakda günärkärledi.

Prezident Burhan bilen ozalky wise-prezident we HDK niň lideri Muhammed Hamdan Dagalonyň arasynda dowam edýän söweş on müňlerçe adamyň ýogalmagyna we 12 million adamyň başga ýere göçmegine sebäp boldy.

Hünärmenler, ýurduň uly ýitgi çekmegine sebäp bolan çaknyşyklara başga ýurtlaryň goşulmagynyň ýagdaýy has-da dartgynlaşdyrjakdygy barada duýduryş berýär.

 

 

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us