Syýasat
6 minut okamak
Ermenistanyň harby taýdan güýçli taýarlyk görmegi, Azerbaýjanyň öňünden hüjüm guramagyna sebäp bolup
Kawkazda parahatçylyk umydy, Günbataryň Ýerewana ýarag kömegini bermek tagallasy sebäpli azalýar.
Ermenistanyň harby taýdan güýçli taýarlyk görmegi, Azerbaýjanyň öňünden hüjüm guramagyna sebäp bolup
ÝM Döwletleriniň Arkalaşygy sammiti
February 14, 2025

Kawkazda parahatçylyk umydy, Günbataryň Ýerewana ýarag kömegini bermek tagallasy sebäpli azalýar. Azerbaýjanyň Ýerewana berilýän ýarag kömegine nähili garşylyk görkezjekdigi meselesi ünsleri özüne çekýär.

Ýakyn Gündogardaky we Ukrainadaky söweşler, halkara meseleler we ABŞ-da täze döwrüň başlamagy ýaly meseleler gün tertibinde esasy orun eýeleýär, beýleki sebitlerdäki esasan Günorta Kawkazdaky kynçylyklar bolsa ünsden düşürülýär.

Oktýabr aýynyň birinji hepdesinde, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistana we Günbatarly ýurtlara Ýerewana berilýän ýaraglar sebäpli berk duýduryş beripdi.

Aliýew, basyp alyşlyk ýyllarynda harabalyga öwrülen we 2020-njy ýylda basyp alyşlykdan halas edilen Jebrailde täze gurlan şäheriň ýaşaýjylary bilen bolan duşuşygynda, Ermenistana ýarag beren Günbatarly ýurtlara garşylyk görkezdi. Aliýew Azerbaýjanyň ýurdunyň gelejegini we howpsuzlygyny ýola goýmakda egilşik etmejekdigini we degişli çäreleri görjekdigini nygtady. Aliýew, “Bir tarapdan parahatçylykdan söz edýärler we ýalan gepleýärler, beýleki tarapdan ýaraglanýarlar” diýdi.

Sentýabr aýynda Prezidentiň kömekçilerinden biriniň, Yrak-Kuweýt söweşinden soň Yraga goýlan çäklendirme ýaly Ermenistanyň ýaragly güýçlerine hem çäklendirme goýulmagyny teklip edendigi öňe sürüldi. Şeýle teklibiň ýerlikli sebäbiniň bardygy nygtaldy, sebäbi Ermenistan YY jahan urşundan soň halkara ulgamda goňşu ýurduň topraklaryny zor bilen almaga çalşan birnäçe ýurtdan biridi.

Azerbaýjanly ýolbaşçylaryň şu we şuňa meňzeş beýannamalary, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň soňky döwürde parahatçylyga goldaw berýändikleri baradaky beýannamalaryna bap gelmeýär we şuňa menzeş beýannamalar bilen ýüzlenmelere ünsli çemeleşilmeli.

Parahatçylyk gepleşikleriniň depgininiň gowşamagy we Ermenistanyň ýaraglanma dowam etmegi howplary has-da artdyrýar. Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Ermenistana ýygy-ýygydan ýarag kömeginiň berilýändigini öňe sürýär. Azerbaýjanly hünärmenler, Ermenistanyň ýaraglanma sebäpli gepleşikleri bilkastlaýyn ýagdaýda bökdeýändigini nygtaýar.

Beýleki tarapdan Ermenistan, Azerbaýjanyň harby bujetini adam başyna düşýän milli girdejisiniň 14-15 göterimine ýetirendigini öňe sürýär. Ýerewan bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende harby çykdajylaryny 46 göterim artdyryp ýaraglanma tagallasyny has-da berçinleşdirýär.

Halkara derejesinde başdan geçirilýän dartgynlyklara garamazdan Ermenistan, biri-biri bilen çaknyşýan beýleki sebitlerden ýarag almaga dowam edýär.

Ermenistan Fransiýadan Sezar gaubisasynyň başda durmagynda dürli görnüşli ýarag, ABŞ-dan hem harby kömek aldy. İýul aýynda bolsa Tähran bilen Ýerewanyň 500 million dollarlyk ýarag şetnamasyny baglaşandygy mälim edildi. Ermenistan mundan başgada Russiýadan hüjüm maksatly harby enjam almaga dowam edýär.

Azerbaýjan ilkinji hüjümi gurarmy?

Ermenistan ýaraglanmaga we meçew beriji hereketlerini dowam etdiren halatynda Azerbaýjan ilkinji hüjümi gurap biler.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparynyň Amerikaly ozalky egindeş baştutany Jeýms Warlik, Ermenistanyň Fransiýadan ýarag almagynyň, parahatçylyk gepleşiklerine, Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gepleşiklere uly zeper ýetirjekdigini nygtady.

Warlige görä, Fransiýa, Ermenistan bilen ýarag şertnamasyna parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagyndan soň gol çekişmelidi.

“Öňünden hüjüm guramak söweşi” adalgasy, ABŞ-nyň Yraga we Owganystana guran hüjüminden öň Buşyň ýolbaşçylygyndaky hökümet tarapyndan milli howpsuzlyk syýasatyna degişli edilen mahaly käbir garaýyşlar öňe sürlüpdi emma bu öz-özüňi goramak söweşinden aýrydyr. Bu meselede esasy tapawut bolsa wagty kesgitlemekdir. Öňünden hüjüm söweşi ýakyn howplary ortadan aýyrýar, goranyş söweşi bolsa uzak möhletleri howplary nyşana alýar. Bu tapawut diýseň möhüm, sebäbi käbir adamlar bu ikisini biri-biri bilen garyşdyrýar.

Öňünden hüjüm söweşi umuman alnanda gyssagly howp abanan halatynda anyk subutnamalara esaslanýan “mejbury söweş” hökmünde görülýär we halkara hukukda esasan-da BMG şertnamasynyň 51-nji maddasyna esaslanýar.

Goranyş söweşi bolsa strategik maksada esaslanýan we umuman alnanda alymlar tarapyndan legal bolmadyk hüjüm edijilik hökmünde kabul edilýär.

Ermenistanyň ýaraglanmaga dowam etmegi we parahatçylyk şertnamasyny bökdemegi sebäpli Azerbaýjanyň harby taýdan görjek haýsydyr bir çäresi goranyş däl eýsem öňünden hüjüm bolar.

Bu Ermenistanyň 30 ýylyň dowamynda Azerbaýjandaky basyp alyşlygyny dowam etdirmegi bilen has-da güýçlenýär. Ermenistan Azerbaýjandan meýletin ýagdaýda däl eýsem 2020-njy ýylda söweşde ýeňilendigi sebäpli çekildi. Şol sebäpli hem halkara hukugyna görä, II Garabag söweşi BMG şertnamasynyň 51-nji maddasyna görä başladylan söweşdi.

2020-njy ýyldaky söweşden soň Prezident Aliýew, Azerbaýjanyň Ermenistan tarapyndan haýsydyr bir howp abanan halatynda şol howplary ortadan aýyrmak üçin herekete geçjekdigi barada birnäçe gezek duýduryş beripdi. Şol bir wagtda hem Azerbaýjanyň Ermenistana hüjüm guramak ýaly niýetiniň ýokdygyny we üçünji söweşiň bolmajakdygy barada söz beripdi.

Täze bölüm

Harby merkezlere guralyp biljek hüjümler, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda uzak wagtdan bäri dowam edýän çaknyşyklarda täze bölüm açyp biler.

Ozalky harby operasiýalar Azerbaýjanyň halkara derejesinde ykrar edilen territoriasynda amala aşyryldy. Emma gelejekdäki çaknyşyklar Ermenistana degişli ýerlerde bolup biler. Azerbaýjanyň harby goşuny 2020-njy ýyldaky söweşde Ermenistanyň ykrar edilen territoriasyna girmekden gaça durdy we operasiýalaryny diňe Azerbaýjanyň çäklerinde geçirdi.

Mundan başgada ermenileriň köpçülikleýin ýaşaýan ýerlerini we asuda ilaty goramak üçin Russiýa bilen parahatçylyk güýjüniň ornaşdyrylmagyny kabul etdi we Garabagdaky käbir ýerlere girmekden gaça durdy. Harby mümkinçiligine garamazdan Azerbaýjan asuda ilatyň çekýän ýitgisiniň öňüniň alynmagy üçin şol sebitlerden çetde durdy. 2020-njy ýyldaky söweşde, Azerbaýjanyň operasiýalary diňe azerbaýjanlylaryň taryhy taýdan köpçülikleýin ýaşaýan sebitlerini öz içine aldy.

Azerbaýjan diňe bir gezek Ermenistana degişli sebite hüjüm gurady. Azerbaýjan 2020-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Ermenistanyň raketa goranyş ulgamyny nyşana aldy we ýok etdi. Sebäbi şol raketa ulgamy azerbaýjanly asuda ilaty nyşana alypdy. Şol hüjüm, raketa ulgamynyň Genje, Barda we Garaýusufli ýaly çaknyşyk sebitinden uzak şäherleri nyşana alyp asuda ilatyň ýitgi çekmeginden we täze hüjümler başlamazdan öň guraldy. Şol hüjümlerde halkara derjesinde ulanylmagy gadagan edilen harby enjamlar bilen SKUd-B raketalary ulanylypdy.

Human Woç, Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň çaknyşyklarda azerbaýjanly asuda ilata hüjüm gurandygyny tassyklady. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan kepil astyna alynan Ermenistan, çaknyşyk zolaklaryndan alysda ýerleşýän ilatly ýerlere guraljak hüjümleriň jezalandyrlyp bilinmejekdigi barada pikir edýärdi, sebäbi Azerbaýjanyň degişli gaýtawuly görkezmejekdigini ýada Russiýanyň hyzmatdaşyny goramak üçin rugsat bermejekdigini çaklady.

Ermenistan ýaraglanma syýasatyny dowam etdirmek bilen Günbatardan goldaw almak maksady bilen Azerbaýjan bilen Günbataryň arasynda dartgynlyk emele getirmek isleýän ýaly görünýär.

 

II Garabag söweşinden soň Azerbaýjan Ermenistana 2022-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda hüjüm gurady. Şol hüjüm Azerbaýjanyň Ermenistana guran ýeke-täk öňünden guran hüjümidi. Azerbaýjan şol hüjümde Ermenistanyň  gymmaty 1 milliard dollara barabar bolan harby infrstrukturasyny ýok etdi. Azerbaýjan hüjümde asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin ünsli çemeleşdi.

Şol döwürde nyşana alynan Ermenistanyň harby merkezleri tarapyndan Kalbajar we Laçin sebitlerine uly howp abanýardy.

Ermenistanyň, Fransiýadan, Hindistandan, Eýrandan we ABŞ-dan ýarag almagy Azerbaýjany aladalandyrýar.

Azerbaýjanly ýolbaşçylar bilen birlikde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ermeni halkyna hem-de Ermenistana goldaw berýän daşary ýurtly güýçlere duýdyryş berdi.

Iki taraply ynamsyzlyk sebäpli Azerbaýjan, Ermenistanyň Garabag meselesinde gizlin meýilnamasynyň ýokdygynyň kepillendirilmegi üçin, ilkinji nobatda Ermenistanyň ýokary kanunyndan anneksirlenme maddasynyň çykarylmagyny, soň bolsa iki ýurduň  Minsk toparynyň işiniň bes edilmegi üçin birlikde ýüz tutmagyny talap etdi.

Azerbaýjan diňe Ermenistana däl eýsem Günbatarly ýurtlara hem ynanmaýar. 2020-njy ýyldaky söweşden öň hem Azerbaýjan Günbataryň Garabag çaknyşygy meselesinde iki ýüzli çemeleşýändigini bilýärdi. Ermenistanyň ýaraglanma syýasatyny dowam etdirmegi we Fransiýa we ABŞ ýaly ýurtlardan goldaw almagy Azerbaýjanyň Günbatarly ýurtlara bolan ynamsyzlygyny has-da güýçlendirdi.

Azerbaýjany ýazgarmak ýada duýdyryş bermek başga, emma Azerbaýjanyň topraklaryny basyp alan ýurda ýarag kömegini bermek başga. Bu sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyna goşant goşup bilmez.

Eger Günbatarly ýurtlar Azerbaýjanyň guramagy ähtimal hüjüminden Ermenistany goramak isleýän bolsa onda ýarag kömeginden has täsirli serişdelerden peýdalanyp biler.

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us