Täze Siriýa
4 minut okamak
Diri galan tussagly, Asadyň tussaghanalaryndaky gynamalaryny gürrüň berdi: “Diňe ölmek isleýärdim"
Oppozisiýa güýçleri Başar Asadyň paranoya we rehimsiz dolandyryşyny bir hepde ozal agdaranyndan bäri, köp sanly öňki tussagly, siriýalylaryň soňky on ýyllyklarda başlaryndan geçiren umytsyzlygynyň çuňlugyny gürrüň berýärler.
Diri galan tussagly, Asadyň tussaghanalaryndaky gynamalaryny gürrüň berdi: “Diňe ölmek isleýärdim"
Siriýa
18 февраля 2025 г.

Gazy Muhammet al-Muhammedi göz tussaglygyna alan Siriýanyň harby razwedka gullugynyň işgärleri, oňa öz adyny we kimdigini ýatdan çykarmalydygyny aýtdylar.

Resminamalaryny aldylar we "Indi sen diňe 3006 belgisinden ybarat" diýip aýtdylar.

Muhammet, Başar Asadyň režiminiň tussaghanalarynyň birinde 5,5 aýdan gowrak wagtlap galyp, 40 kilogram horlandy we her minut ölüm ejzasy berilmek gorkusy bilen ýaşady. 

Režime garşy güýçler Asadyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümedu bir hepde ozal agdaranyndan bäri, Muhammet ýaly köp sanly öňki tussaglylar, Siriýanyň halkynyň soňky onlarça ýyl dowam eden azaply durmuşlary barada gürrüň berýärler. Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Halabyň golaýyndaky Sarmada şäherinde, pejiň öňündäki düşege gyşaran hor adam bolan Muhammet, öňki keşbiniň kölegesine öwrülipdir. 

39 ýaşyndaky bu adam, hiç haçan syýasat bilen gyzyklanmandygyny, doganlary bilen bilelikde gazanç edýän ýönekeý bir söwdagär bolandygyny aýdyp, ant içýär.   

Ol Damaska guran gysga möhletlik iş saparynda tussag edilip, diri ýagdaýda jähenneme iberilipdir. 

"Ähli umydyňyzy ýitiren pursat gelýär" diýip, sakgaly we gara saçlary gysga kesilen Muhammet aýdýar. 

"Ahyrsoňy, diňe ölmek isleýärdim, bizi jezalandyrjak wagtlaryna garaşýardym. Bagtly diýen ýalydym, sebäbi bu meniň agyrylarymyň gutarjakdygyny manysyna gelýärdi” diýip belleýär.

Ol paýtagt Damask şäherine baranda, ony tussag edenler, Asadyň ähli zady gözegçilikde saklaýan "mukhabarat" atly aňtaw gullugynyň işgärleridi.

Ony elleri arkasynda daňylgy, lukman bir dosty bilen bilelikde alyp gidipdirler. 

"Bu 5,5 aýdan gowrak wagt ozal bolupdy" diýip, Muhammet aýdýar. 

Ol näme üçin tussag edilendigini bilmeýär, emma munuň sebäbiniň režime garşy güýçleriň Günorta tarap çalt öňe gitmeginiň we 8-nji dekabrda gaçmaga mejbur eden ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Idlib welaýatyndan gelmeği bilen baglybolup biljekdigini pikir edýär.

Elleri gandally we gözleri baglanan Muhammed, ilçihanalaryň, BMG degişli ofisleriň we howpsuzlyk merkezleriniň ýerleşýän Damaskyň Mazzeh etrapçasyndaky bir göz tussaglygy merkezine alynyp gidildi.

Ony binanyň çuňlugyna alyp gitdiler we şol ýerde ýenjip başladylar. 

Bileginden asyldy

Ilkinji birnäçe gün, dar kameralaryň birinde, beýik bir ýerde el bileklerinden asyldy, aýaklary ýere degmeýärdi. Soňra bolsa, hiç bolmanda aýaklary ýere degsin diýip biraz aşak düşürildi. 

Muhammet, berk ýenjilendigini we hiç zat iýdirilmedi. Onuň aragatnaşyk saklap bilen ýeke-täk adamy garawullardy.

Muhammet: "Jigim pitneçileriň tarapyndady diýip boýun almaga mejbur etdiler. Aslynda, jigim Sarmada şäherinde ynsanperwer kömek işleri bilen meşgullanýan işewür adam bolsa-da, men olaryň eşitmek isleýän zadyny aýtdym" diýip habar berdi.   

Ol, gynamalara sezewar edilen zenanlaryň we çagalaryň öz söýgüli adamlarynyň öňünde nädip çygyrtdyrylýandygyny eşidendigini aýdýar. 

Bir aý soň, Muhammet harby aňtaw gullugyna tabşyryldy. Olar hem oňa mundan beýläk diňe bir belgiden ybarat boljakdygyny aýtdylar.

Takmynan iki metr uzynlygynda, 1,2 metr ini bolan, adam bedeniniň sygjak dar kamera ýerleşdirildi. Ýeke-täk yşyk çeşmesi depeden gelýän kiçijik penjiräniň şöhle saçýan ýagtysydy. 

Bu kamerada elektrik we suw ýokdy. Hajathana gitmek üçin bolsa, garawullaryň öňünde baş egip, hiç zada seretmän, ýalaňaç ýagdaýda ýöremäge mejbur edilýärdi. 

Olar oňa, ölüm jezasynyň beriljekdigini aýdyp gorkuzýardylar. 

Muhammet: "Seniň bokurdagyň bir goýun ýaly kesiler. Ýa-da aýaklaryňdan asylmagy saýlamak isleýärsiňmi? Ýa-da gazyga oturdylmagymy?” Diýip aýdýardylar.

Ahyrynda Muhammet daşaryda başdan geçirilýänlerden, Asada bagly güýçleriň tanklaryny we beýleki enjamlaryny terk edýändiginden, režime garşy güýçleriň demiragzykdan 11 günüň dowamynda tiz depgin bilen öňe gidişlik edendiklerinden habary ýokdy.

Üýtgedi

"Gijeleriň birinde, bizi kameralardan çykardylar we koridorda hatara düzdüler, biri-birimize bagladylar. 14 tussaglydan ybarat 2 hatar. Ilkinji gezek biri-birimizi görüp bilipdik we ölýändigimizi pikir etdik" diýip, Muhammet ýatlaýar. 

Takmynan bir sagat garaşdyrylandan soň, çem gelen kameralaryň içine itildiler.

"Men ýaramaýandygymy we hajathana gitmelidigimi aýtdym, emma hiç kim gelmedi" diýip, Muhammet aýtdy.   

Muhammet: "Soňra bolsa, dikuçaryň gonýan we uçýan seslerini eşitdik. Meniň pikirimçe, olar ýokary derejeli ýolbaşçylary alyp gitmek üçin geldi"  diýdi.

Birnäçe sagatdan soň, kameralaryň gapylary döwüldi we režime garşy söweşijiler tussaglaylary azat etdi.  Muhammet: "Söweşijileriň peýda bolandygyny gördüm. Men düýş görýändirin öýtdüm" diýdi.   

Muhammet başdan geçirenlerini gürrüň berýän wagty, 75 ýaşly ejesi onuň ýanynda oturyp, köne penjeginiň ýeňini oýnap durdy. Ol bir gezek hem gözüni oglundan aýyrmady. 

Hiç kim oňa oglunyň tussag edilendigini aýtmady. Ol diňe ýitirim boldy. 

Halkara Gyzyl Haç Komiteti Siriýada 35 000-den gowrak dereksiz ýitme hadysany resmileşdirendigini aýdýar. 

Köp adamdan tapawutlylykda, Muhammet bagtlydy. Ol öýüne dolanyp geldi.   

"Emma ol üýtgedi" diýip, onuň ejesi Fatima Abd al-Gany we "Men oňa seretsem, edil oglum däl ýaly" diýip belledi.   

Inkär etmegine garamazdan düýşünde garabasýandygyny beýan edýär.

Muhammet ýesir alan adamlar barada "Olaryň adalatyň öňünde jogapkärçilige çekjekdigine ynanýaryn" diýip belläp, olaryň üçüsini tanap biljekdigine ynanýar.  

GÖZBAŞY:TRT Turkmen
TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us