Syýasat
4 minut okamak
Liwan Täze hökümeti bilen Hizbullahyň täsiriniň hötdesinden gelip bilermi?
Ýurduň täze Prezidenti Žozef Aun Hizbullahyň tarapdary däl, Premýer ministr wezipesine saýlan Nawaf Salam bolsa diňe döwletiň ýarag götermäge hukugynyň bardygyny nygtady
Liwan Täze hökümeti bilen Hizbullahyň täsiriniň hötdesinden gelip bilermi?
Liwan
17 février 2025

Žozef Aunyň Liwanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy we Premýer ministrlik wezipesi üçin Nawaf Salamy saýlamagy, uzak wagtdan bäri ýurduň jemgyýetine we syýasatyna uly täsir ýetirýän şaýy ýaragly topary Hizbullanyň täsiriniň gowşandygyny görkezýär. 

Bu wakalar, Eýran tarapyndan goldanylýan Hizbullanyň köp ýyllap ýolbaşçylyk eden Hassan Nasrallahyň Ysraýyl tarapyndan öldürilmegi we müňlerçe agzasyna garşy amala aşyrylan ruhdan düşüriji hüjümler bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwründe başdan geçirildi.   

Žozef Aunyň saýlanmagy

Aunyň saýlanmagy, 2022-nji ýyldan bäri parlamentdäki ylalaşmazlyk sebäpli boş galan wezipäni doldurdy we ýurduň öňdebaryjy syýasy şahsyýetleriniň has uly maksatlar üçin düzgünleri gowşatmaga taýýardygyny görkezdi. 

Liwanyň konstitutsiýasyna görä ýurduň Prezidenti goşunyň serkerdesi bolmagy mümkin däl, Ortaýer deňziniň syýasy töwerekleri Aunyň bu wezipä laýyk bolup-bolmandygyny sorag astyna almady. Liwanyň taryhy we dini fraksiýalary babatynda bilermen Tuba Ýyldyz bu ýagdaýy "uly maksadyň hatyrasyna" sessiz kabul edişlik hökmünde häsiýetlendirdi. 

2017-nji ýyldan bäri ýurduň bölünen resmi ýaragly güýçlerine ýolbaşçylyk eden täze prezident, Liwanyň öňki kolonial güýçleri bolan ABŞ we Fransiýa bilen birlikde Saud Arabystany bilen hem gowy gatnaşyklara eýedir. 

Aun, Liwanyň fraksiýa esasly syýasy ulgamynyň talaplaryna laýyklykda ozalky prezidentler ýaly maronit hristiýanydyr. Emma Ýyldyzyň pikiriçe, Aun ozalky prezidentlerden tapawutly aýratynlyklara eýedir. 

Hizbullah bilen araçäk

Aunyň Hizbulladan we onuň ýaranlaryndan daşda durmagy, ony hem şaýy topary bilen hem-de Siriýanyň agdarylan lideri Başar Asadyň režimi bilen çuňňur baglanyşygy bolan ýurduň öňki Prezidenti Mişel Aundan tapawutlandyrýar. Şol bir wagtyň özünde-de, Žozef Aun bilen Mişel Aunyň meňzeş familiýa eýe bolmaklaryna garamazdan, olaryň arasynda garyndaşlyk ýok. 

Ýyldyzyň aýtmagyna görä, Eýranyň we Hizbullanyň wepaly ýarany bolan Asad režiminiň agdarylmagy, goşun serkerdesiniň bu ýokary wezipä saýlanmagyna täsir etdi. 

"Liwanda raýat urşundan bäri saýlanan prezidentleriň aglabasy, Baas režiminiň astyndaky Siriýanyň tassyklanmagy bilen saýlanýardy" diýip aýdan Ýyldyz, TRT World kanalyna beren beýannamasynda belleýär. 

Mezhep syýasaty we Nawaf Salamyň roly

Hizbullanyň goldaýan maronitiň syýasy şahsyýetleriniň biri bolan Süleýman Franjiýe, soňky pursatda dalaşgärlikden çekilip, Žozef Auna goldaw berjekdigini mälim edipdi.   

Bu ýagdaý, Ýyldyzyň pikiriçe, Hizbullanyň prezident saýlawlaryndaky täsiriniň peselendigini görkezýär. Ýyldyz, Hizbullah tarapyndan goldanylýan deputatlaryň Aunyň toparlarynyň goldawyna mätäçdigini görkezmek üçin saýlawlaryň ilkinji tapgyryna gatnaşmandygyny, emma ikinji tapgyrda Auna ses berendigini belleýär. 

Ýyldyz: "Hizbullah, Žozef Aunyň saýlanmagyna päsgel bermek synanyşygynyň syýasy hakykatlar sebäpli netije bermejekdigine göz ýetirdi" diýip belleýär. 

Eýran-Kanada asylly syýasy analitik Gonçeh Tazmini hem Aunyň saýlanmagyny Eýran ýolbaşçylygyndaky Garşylyk güýjüniň “täsiriniň peselmeginiň” bir alamaty hökmünde görýär. 

Hizbullah, Siriýanyň agdarylan Asad režimi, Yrakdaky şaýy toparlar, Ýemende Husiler we Hamas bu garşylyk koalisiýasynyň bir bölegidir. 

Tazmini TRT World kanalyna beren beýanatynda: “Liwanyň syýasatynda 20 ýyldan gowrak wagtlap täsirli bolan bu topar, Ysraýyl bilen bolan 14 aýlyk çaknyşyk tapgyryny ýeňilleşdirýän ýarany Asadyň gowşamagy” diýip belledi.

Mezhep syýasaty

Aunyň hakyky syýasy tejribesi bolmasada, Ýyldyz bu ýagdaýyň hem özi, hem-de ýurt üçin artykmaçlyk bolup biljekdigini aýdýar. Sebäbi Aunyň parlamentdäki uzak ýyllardan bäri mezhep serhetleri bilen bölünen islendik topar bilen arabaglanyşygy ýok. 

Emma Ýyldyz, Liwanyň "institusionallaşan mezhep gurluşyna" salgylanyp, Hizbullanyň harby güýjüni ýok etmek ýaly ykdysady we harby meselelerde uly ädimleriň edilmeginiň kyn boljakdygy barada duýduryş berýär.

Liwan, 5 milliondan az ilata eýe bolsa-da, giň hristian, sünni we şaýy musulman ilatyny, şeýle-de druz ýaly etniki toparlary öz içine alýar. Ýurduň syýasy ulgamy, milli partiýalardan däl-de, bu dini toparlary wekilçilik edýän partiýalara esaslanýar. 

Liwanda prezident elmydama maronitlerden, premýer-ministr sünni musulmanlardan, parlament başlygy bolsa şaýy musulmanlardan saýlanýar. Parlament bolsa, dürli daşary ýurt güýçleri bilen baglanyşykly mezhep bölünişiginiň bir sahnasydyr. 

Umuman alanyňda, Saud Arabystany we beýleki Aýlag ýurtlary adatça Liwandaky sünni toparlaryň üstünde uly täsire eýe bolsa, Eýran ýurduň şaýy toparlaryny goldaýar. Hristian toparlary bolsa Günbatar döwletleri bilen berk aragatnaşyga eýedir. 

Emma ýurduň çylşyrymly syýasy gurluşy kämahal täsir galdyryjy alýanslara hem sebäp bolýar. Mysal üçin, ýurduň öňki prezidenti Mişel Aun şaýy musulman ýurdy bolan Eýran bilen hyzmatdaşlyk etmegi başaran bolsa, ülkäniň häzirki prezidenti Saud Arabystany bilen gowy gatnaşyklara eýedir.

Tazmini, Aunyň eýeleýän ýagdaýyny göz öňünde tutup, "uly kynçylyklar" bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny belleýär. 

ABŞ we Saud Arabystanynyň sebitdäki bähbitleri bilen utgaşykly hereket etse-de, Aunyň platformasy, Liwanyň çylşyrymly mezhep esasly güýç paýlanşyk ulgamynda täze hökümet gurmak ýaly agyr wezipäni öz içine alýar. 

Tazmini, "Alty ýyl bäri dowam edýän ykdysady çökgünligi düzetmek, çuň syýasy bölünişikleri ýeňip geçmek we pes jemgyýetçilik ynamy bilen göreşmek uly wezipedir" diýip belleýär. 

Täze premýer-ministriň meşhurlygy 

Liwanyň çylşyrymly syýasy gurluşyna garamazdan, premýer-ministr wezipesine dalaşgär Nawaf Salam, halkara we içerki arenada başarnygy we adalatlylygy bilen tanalýan şahsyýetdir. Salam, Ysraýylyň Gazada amala aşyran rehimsiz hüjümleri bilen baglanyşykly soňky kararlary bilen ünsleri çeken Halkara Adalat Kazyýetiniň öňki başlygydyr. 

Ýyldyzyň pikiriçe, Salam 2022-nji ýylda premýer-ministrlige dalaşgär bolupdy, emma şol döwürde Hizbullanyň täsiri sebäpli Mikati saýlanypdy. 

Onuň diplomatik başarnyklary, onlarça ýyl bäri daşary ýurt täsiriniň güýçli bolan Liwanyň syýasy krizislerini ýeňip geçmegine kömek edip biler. Nawaf Salam, döwletiň ýaragly güýçlere monopoliýasynyň üstünde durup geçip, "Liwanyň döwlet ygtyýaryny tutuş territoriýasyna ýaýratmak" we Hizbullanyň Günorta Liwandan çekilmegini talap edýän BMG-nyň 1701 kararynyň doly ýagdaýda durmuşa geçirjekdigi barada wada beripdi.

GÖZBAŞY:TRT Turkmen
TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us