Syýasat
3 minut okamak
Netanýahunyň Ysraýylyň Kazyýet Ulgamyny Özgertme Tagallasynyň Aňyrsyndaky Hakykat
Binýamin Netanýahu güýjüni berkitmek we hasabat bermekden gaçmak üçin syýasy bölünşikleri çuňlaşdyrma, durnuksyz koalisiýalary ejizletme we Ysraýylyň ykdysadyýetini durnuksyzlaşdyrma howpuny öz üstüne alýar.
Netanýahunyň Ysraýylyň Kazyýet Ulgamyny Özgertme Tagallasynyň Aňyrsyndaky Hakykat
Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu
17 février 2025

 Emma halk köpçüliginiň gysyşlary öz netijesini bermäge başlady. Netanýahunyň adaty däl we kazyýet reformasy maksatnamasynyň esaslandyryjysy bolan Ysraýylyň Adalat ministri Ýariw Lewine Ýokary Kazyýetden geljek ýylyň ýanwar aýynyň ortasyna çenli täze baş prokuror bellemegi üçin çagyryş edilýär.

Ol, Premýer-ministriň wezipä belleme tapgyryny yza süýşürmek we Netanýahu bilen aşa sagçy koalisiýanyň tarapynda durýan prokurory ýokary wezipä belleme tagallalaryny bökdäp biler. Wagtyň azlygy göz öňünde tutulanda Premýer-ministriň reforma maksatnamasyna garşy durýan çepçi kazy Isaak Amitiň wezipede ulalmagyna garaşylýar we Netanýahunyň güýçlenmegini kynlaşdyrýar.

Netanýahu öz bähbitlerini goramak üçin başladan bäsleşiginde kazyýet reformasy üçin gysyş etmegiň Ysraýylyň halkyny özünden çetleşdirjekdigini ýatdan çykarana meňzeýär. Bu mesele kabirleri üçin Gazada henizem saklanýandygy aýdylýan ýesirleriň boşadylmagy ýaly has möhüm meselelerden ünsi sowujy faktor hökmünde kabul edilýär.

Netanýahu ýesirleriň ABŞ-nyň goldaw bermeginde boşadyljakdygyna bolan ynamyny beýan eden hem bolsa, ölendigi çaklanylýan onlarça ýesir hakynda henize çenli beýanat bermedi. Halkyň protestleri birnäçe aýdan bäri dowam edýär we garşylygyň asudalyk bilen köşeşmejekdigini görkezýär.

 

Koalisiýadaky düşnüşmezlikler

Kazyýetiň ygtyýaryny çäklendirmek üçin edilýän basyş, Netanýahunyň ynjyk koalisiýasyndaky bölünşikleri hem çuňlaşdyrar. Geçen ýyl hökümete garşy uly öwrümli protestler aşa sagçy hökümeti köp sanly demonstrantyň garşylygyna sezewar edipdi. Şeýle hem demonstrantlara garşy güýç ulanylandygy hakyndaky jedelleri ýüze çykarypdy. Ol hem dartgynlygy hasam güýçlendiripdi.

Netanýahu aşa sagçy Milli howpsuzlyk ministri Ytamar Ben-Gwiri wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy sebäpli wezipeden boşatmagy üçin Baş prokuroryň gysyşy astynda. Şol sebäpli kazyýet reformalary üçin ediljek täze bir gysyş, Netanýahunyň täsirli köplügi dowam etmegi üçin goldawy zerur bolan Ben Gwire garşy gozgalan kazyýet işini üns merkezine çekip biler.

Netanýahunyň ultra-ortodoks ýaranlary hem Netanýahunyň öňündäki beýleki bir esasy bökdençlik. Premýer-ministr olaryň esasy islegi bolan ultra-ortodoks ýehudileriň harby gullukdan boşadylma talabyny ýerine ýetirmese, kazyýet reformasyny iş ýüzüne geçirmekde kynçylyk çeker. Netanýahu häzirki watga çenli koalisiýadaky ýaranlaryny öz bähbitleriniň goralandygyna ynandyrmakda kynçylyk çekdi.

Premýer-ministr talaplary üçin tagalla eden halatynda ultra ortodokslaryň harby gullukdan boşadylma ähtimallygyny ortadan aýyran Ysraýylyň Ýokary Kazyýeti bilen hasaplaşma howpuny hem kabul etdigi bolar. Beýleki tarapdan bu talaplary ünsden düşürse, kazyýet reformasyny gysga möhlet iş ýüzüne geçirme ähtimallygy ortadan aýrylar.

Hökümetiň sabry gutarýar, emma ýeňil alternatiwler hem ýok. Ultra-ortodoks gatlagyň öňdebaryjy wekilleri hökümetiň bu ugurda işe girişmezligini öz jemagatlaryna garşy “uruş” yglan etmek hökmünde analiz etmäge başladylar.

Ozalky hahambaşy Ýitzak Iosef hem işsiz ysraýyllylary harby gulluga gitmekden boýun towlamaga çagyryp, hökümete garşylygyň güýçlenendigini duýdurdy. Netaýahu kazyýet reformalaryny dowam etdiren halatynda, ol aşa sagjylary güýmeme hökmünde kabul ediler. Artýan dartgynlyk ynjyk koalisiýany ejizledip, hat-da dargadyp biler.

 Ykdysady howp

 Bu syýasy dramanyň ortasynda Netanýahunyň kazyýet meselesindäki niýetinin ykdysady netijeleriniň Ysraýyly durnuksyzlaşdyrjakdygyny beýan etmek möhüm.

Teklip edilýän özgertme karzlaryň düşýän gymmatyny artdyrma, Ysraýylyň ýokary tehnologiýa pudagyna zarba urma we şekeli ejizletme howpuny özünde jemleýär. Eýsem hökümete garşy protestleriň gaýtadan başlamagy daşary ýurtly maýadarlaryň ynamyny azaldyp, karzlaryň düşýän gymmatyny artdyrma potensialy bar.

Taryh esasy ýolbeletdir: Geçen ýylky uly göwrümli protestler ykdysadyýete uly zyýan ýetirip, milliardlarça dollar ýitgi çekilmegine sebäp bolupdy. 2025-nji ýylda howplar hasam uly bolar.

Netanýahunyň kabineti 60.000-e barabar Ysraýyl firmasynyň ýapylma howpuny başdan geçirýän döwründe ösüşi nazarda tutýan özgertmeleri goldamakda kynçylyk çekýär.

Täze bir halk oppozisiýasy howpy hem Gaza urşy sebäpli ýüze çykan ykdysady kynçylyklary artdyryp biler. Bularyň ählisi hökümetiň tygşytlylyk çäreleri boýunça gysyşlaryny alamatlandyrýar we ulalýan býujet ýetmezçiligine gözegçilik etmegi kynlaşdyrýar.

Netanýahunyň jedelli kazyýet reformalary üçin jan etmeginiň Ysraýylyň “demokratiýasyny” goramak bilen arabaglanşygy ýok.

Tersine 7-nji oktýabrdaky başarnyksyzlygyň hasabyny bermekden çetde durma synanşygydyr. Aslyna garalanda halyyň sabyry azaldy we syýasy gysyşlar artdygy saýyn Netanýahunyň ysraýylyň kazyýetini täzeden dizaýn etme synanşygy höklümetini dargadyp biler.



TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us