Yslam alymy Gazalynyň mazary harap ýagdaýda
Medeniýet
3 minut okamak
Yslam alymy Gazalynyň mazary harap ýagdaýdaYslam dünýäsiniň iň beýik alymlarynyň biri bolan Ymam Gazalynyň guburynyň tapylmagyna 15 ýyl geçen hem bolsa, gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar
Gazaly
9 hours ago

2007-nji ýylyň ortalarynda ýerli ýaşaýjylaryň biriniň mallaryň öri meýdanlary hökmünde ulanylýan çola bir ýerde tötänleýin we bilesigeliji ýagdaýda geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, musulman dünýäsiniň iň uly hazynalarynyň birini ýüze çykardy – ol ähli wagtlaryň iň akyldar alymlaryň biri we köp taraplaýyn pikirzada hökmünde kabul edilýän Gazalynyň ýiten gubury,

Mazary Eýranyň iň uly ikinji şäheri bolan Maşad şäherine 24 km uzaklykda ýerleşýän gadymy Tus şäherinde tapyldy. Bu açyş, dünýäniň döreýşi babatynda Aristotel garaýşyna garşy çykan we Hujjat al Yslam ýagny, Yslamyň Subudy ady bilen hormatlandyrylan bu beýik pelsepçiniň jaýlanan ýerini tapmak bilen bagly tagallalaryna nokat goýdy.

Emma mazaryň tapylmagyna 15 ýyl geçmegine garamazdan, ol entek täzelenmegine we dikeldilmegine garaşylýar. Tebigatyň täsirleri mazaryň binýadyny ýaramaz täsir ýetirýär, 1111-nji ýylda 53 ýaşynda aradan çykan Abu Hamid Muhammet Bin Muhammet Al Gazalynyň mazary, ýaşaýşy boýunça gazanan üstünlikleriniň şöhratyny we ýeten mynasyp hormatyny heniz görüp bilmeýär.

Gömülen Taryh

Mazaryň tapylmagy bilen bagly täsin bir hekaýa bar. Ýerli ýaşaýjy, hünärmen bolmasa-da, beýik pars şahyry Ferdöwsiniň ýaşap geçen we meşhur eseri bolan Şanamany ýazan Tus şäheriniň taryhyny bilýärdi.

Öri meýdanlaryndaky depe bilen gyzyklanan bilesigeliji ýaşaýjy, depäni gazdy we gadymy desgalaryň galyndylaryny tapdy. Soňra ýerli resmilere habar berendigi we sebiti derňemek üçin bir toparyň iberilendigi habar berildi.

Bu topar, Gazalynyň mazarynyň üstündäki gümmeziň binýadyny ilkinji bolup tapan topardyr. Mazar, häzirki wagtda Eýranyň iň uly gaznasy bolan Astan Kuds Razawi tarapyndan dolandyrylýan gaznanyň ýerinde ýerleşýär.

Asyrlar boýy, Gazalynyň mazarynyň anyk ýerleşýän ýeri, Yslam alymlarynyň we bilermenleriň arasynda çaklamalara we jedellere sebäp bolupdy.

Tapylan mazarlaryň üstündäki teologyň ady we beýleki jikme-jiklikler bilen bagly ýazylan ýazgylardan soň onuň Gazala degişlidigi kabul edildi. Gazalydan başgada, golaýda dört okuwçysynyň mazary hem tapyldy.

Seljukly Stili

Başlangyçda Seljukly binagärçilik aýratynlyklaryna laýyklykda sekizburçluk hökmünde gurlan gümmeziň düýbi bu ýeriň bir wagtlar nähili bolandygyny görkezýär. Bu ýer, XIII asyryň birinji ýarymynda bu ýerlerden geçen mongol basybalyjylarynyň weýrançylygyndan halas bolup bilmedi. Gümmeziň könelen ýagdaýy şol döwrüň gazaply döwürlerine şaýatlyk edýär.

Emma häzirki wagtda mazar terk edilen ýaly görünýär. Jaýryklary gizlemek üçin birnäçe iş geçirilsede, bu arheologiki hazynany dikeltmek üçin hiç zat edilmedi.

Bu ünssüzlik, Eýranyň taryhy ähmiýetli mazarlary goramak babatyndaky tagallalary bilen meşhurdygyny göz öňünde tutanymyzda has-da geň galdyryjydyr. Eýranyň Gaznalar we haýyr-sahawat edarasynyň maglumatyna görä, şu günki gün Eýranda 8167 ymamzada (On iki ymamyň ogullary ýa-da agtyklary) aramgähi bar. Käbir çeşmelere görä, ymamzada aramgähleri hökmünde tanaşdyrylýan köp aramgähiň, 1979 Eýran Ynkylabyndan soň peýda bolandygy çaklanylýar.

Gazalynyň mazary bu babatda ýeke däl. Şol bir geografiýadan gelen başga bir möhüm şahsyýet bolan pars alymy Nyzamylmülküň mazary hem gowy ýagdaýda däl, emma Gazalynyň mazaryndan has gowy ýagdaýda diýip aýdyp bolar. Bilşimiz ýaly bu iki şahsyýet Yslam medeniýeti taryhynda aýratyn bir orna eýedir.

NyzamylmülkYslam döwlet pelsepesine täsiri we Gazalynyň pikirlenişe täsiri jedelsizdir.

GÖZBAŞY:TRT Turkmen
TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us