Türkiýe
4 minut okamak
Türkiýe Hytaýdan we ABŞ-dan öňe geçip, uçarmansyz howa enjamlary pudagynda liderlige göterildi
Ýaranlarynyň çäklendirmelerine sezewar bolan Türkiýe ýerli tehnologiýalary kämilleşdirdi we indi ýaragaly uçarmansyz howa enjamlary (ÝUHE) pudagynda global lider derejesinde.
Türkiýe Hytaýdan we ABŞ-dan öňe geçip, uçarmansyz howa enjamlary pudagynda liderlige göterildi
Türkiýe Hytaýdan we ABŞ-dan öňe geçip, uçarmansyz howa enjamlary pudagynda liderlige göterildi
17. Februar 2025

Global harby uçarmansyz howa enjamy (UHE) bazarynda düýpli özgerlişik başdan geçirilýär. ABŞ-da ýerleşýän Täze Amerikan Howpsuzlygy Merkeziniň golaýda çap eden habarnamasyna görä,Türkiýä dünýä boýunça ýaragly UHE we uçarmansyz howa enjamlarynyn üpjünçiliginde esasy paýa eýe ýurt boldy.

Bu beýgeliş, ABŞ we Ysraýyl ýaly ozalky liderleri geçip, UHE-nyň global derejede ýaýbaňlanmagynda täze bir döwrüň başyny başlatdy.

Üstünmizdäki aýyň başynda çap eden habarnama 2018-nji ýyldan bäri Türkiýäniň, Hytaýyň we ABŞ-nyň 40 ýurda jemi 69 UHE satuwyny edendigini görkezýär.

Şol satuwlaryň 65 göterimi Türkiýä degişli bolsa, Hytaý 26 göterimlik, ABŞ bolsa 8 göterimlik paýa eýe boldy.

Türkiýäniň Liderliginiň Aňyrsynda Durýan Sebäpler

 Bilermenleriň aýtmagyna görä Türkiýäniň UHE bazarynda lider derejesine ýetmeginiň aňyrsynda resmi Ankaranyň ýerli goranyş senagatyna berýän ünsi durýar.

Hasan Kalýonju adyndaky uniwersitetiň Syýasaty öwreniş bölüminiň mugallymy Dosent doktor Murat Aslan: “Türkiýäniň döwrebap UHE-ny öndürme üstünligi, esasanda ABŞ we Ysraýyl ýaly adaty ýaranlarynyň tehnologiýa üpjünçiligini çäklendiren ýa-da satuwlary kabul etmän döwründe, goranyş pudagynyň daşary ýurt tehnologiýasyna elýeterlilik meselesindäki bökdençlikleri ortadan aýyrma tagallalarynyň ýüze çykaran netijesidir” diýýär.

Aslan UHE-larynyň ilkinji gönünleriniň umuman gözegçilik, barlag we hüjüm-goldaw işlerinde peýdalanylan ýönekeý ulgamlardygyny beýan edýär.

“Emma wagtyň geçmegi bilen UHE-lary dürli görnüşdäki ýükleri götermäge ukyply özbolyşly platformalara öwrüldi we ol döwrebap söweşlerdäki pozisiýalaryny iňňän giňeltdi” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Goranyş Senagatynyň Pozisiýasy

Türkiýäniň global UHE bazaryndaky liderligi “Baýkar”, “Roketsan” we “Aselsan” ýaly goranyş firmalarynyň üstünligine esalanýar.

“Baýkar” firmasynyň “Baýraktar TB2” UHE-y esasanda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky Garabag söweşinde peýdalanylyp, ýurduň UHE tehnologiýasyndaky üstünligini alamatlandyrýan önüme öwrüldi.

 “Baýraktar TB2” enjamynyň ýany bilen “Baýraktar” tarapyndan öndürilen “Akynjy” UHE bolsa, has kämil, ýokary belentlikde uçmaga ukyply we Türkiýäniň ýokary tehnologiýaly UHE öndürijisi hökmünde pozisiýasyny hasam güýçlendiren enjam hökmünde öňe saýlanýar.

Bökdençli Tapgyr

Türkiýäniň üstünlige ýetmegi ýeňil bolmady. Ýurt, ilkiler üpjünçilik meselesinde bökdençliklere sezewar boldy we öz ulgamlaryny öndürmek boýunça karara geldi.

Murat Aslan Türkiýäniň UHE öndürme tapgyrynda möhüm bökdençlikleri başdan geçirendigini beýan edýär.

Aslan; “1990-njy ýyllarda Türkiýe, Ysraýyl önümi bolan “Heron” UHE-yny almak islände, operatiw çäklendiremeler bardy. Mysal üçin ulgamlary türk operatorlarynyň ýerine ysraýylly personal gönükdirmelidi” diýýär.

Şol garaşlylyk we daşary ýurt UHE-laryndan maglumat almakdaky gijikmeler Türkiýäni öz UHE önümçilik maksatnamasyny başlatmaga gönükdirdi.

“Roketsan” we “Aselsan” ýaly goranyş pudagynyň esasy kärhanalary hem bu tapgyrda Türkiýäniň ösüşine goşant goşdy. “Roketsan” raketa ulgamlary we UHE-lary üçin ýarag utgaşdyryşy boýunça kämilleşen bolsa, “Aselsan” UHE ukyplaryny ýokarlandyrýan döwrebap awionik, aragatnaşyk we elektron söweş ulgamlarynyň üstünde işleýär.

2022-nji ýylda alty ýurt ilkinji gezek UHE bazaryna giren bolsa, alyjylaryň ählisi “Baýkaryň” “Baýraktar TB2” modeline isleg bildirdi. Ol, Türkiýäniň global bazardaky pozisiýasyny güýçlendirdi.

 

Öz Güýji Bilen Hötdesinden Gelmek

Türkiýäniň UHE-ny öndürmekdäki esasy başlangyjy ýerli tehniki we önümçilik ukybyny ösdürmek boldy.

Murat Aslan Türkiýäniň esasy üpjünçilik meselelerini çözmek üçin komponentleri diwersifikasiýalaşdyrandygyny ýa-da ýerli şertlerde öndürmäge başlandygyny beýan edýär.

Aslan: “Türkiýe esasy şaýlara embargo goýulandygyna garamazdan önümçilikde üstünlik gazanmagyň hötdesinden geldi. Esasanda daşary ýurt ulgamlaryna garaşlylygyň milli howpsuzlygy kepillendirmejekdigine göz ýetirenden soň ösüş depginini güýçlendirdi” diýýär.

“ANKA” ýaly taýsyz dizaýny we ukyplary bolan UHE-larynyň öndürilmegi Türkiýäniň goranyş senagatynda öwrülşik nokady boldy.

2021-njiýylda Hytaýdan öňe geçen Türkiýäniň UHE eksporty ýokary mukdarda artdy. “Baýkar” 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri önümçiligiň 83 göterimini eksport etdi we 2022-nji ýylda 1,8 milliard dollarlyk eksporty amala aşyrdy.

Täze Amerikan Howpsuzlygy Merkeziniň habarnamasy ABŞ-nyň we Ysraýylyň UHE bazaryndaky hökmürowanlygynyň “indi ortadan aýrylandygyny” we Türkiýeden, Hytaýdan we Eýrandan gelýän has elýeterli alternatiwleriň bazary eýeländigini nygtaýar.

Bu trend, ýaragly UHE-larynyň global derejedäki satuwyny ýokary mukdarda artdyran bolsa, Türkiýäni alynky hatarlara ýetirdi.

Türkiýäniň “Baýkar”, “Roketsan” we “Aselsan” ýaly firmalaryn öňbaşçylygynda harby UHE öndürmekde liderlige göterilmegi, global harby güýç deňagramlylygynda düýpli özgerlişiň beýanydyr. “Baýraktar TB2” we “Akynjy” ýaly elýeterli, ýokary tehnologiýa UHE-lary döwrebap söweşleri täzeden dizaýn edýär we Türkiýäni bu möhüm goranyş pudagynda merkezi pozisiýa ornaşdyrýar.

Hasan Kalýonju adyndaky uniwersitetiň Syýasaty öwreniş bölüminiň mugallymy Dosent doktor Murat Aslan ýaragly UHE-ny öndürmegiň diňe bir platformadan ybarat däldigini, şol bir wagtda platformada ulanylýan ok-däriniň we gözegçilik ulgamlarynyň hem möhümdigini nygtaýar.

Aslan: “Roketsan” döwrebap ok-därileri öndürip, möhüm pozisiýa eýeledi. “Aselsan” bolsa elektrik-elektronik ulgamy boýunça goldaw berdi we “Hawelsan” degişli kompýuter maksatnamasyny düzdi.

Bu döwlet kärhaalary UHE modelleriniň öndürilmeginde öňbaşçy pozisiýa eýeledi. Emma ýerli ok-däri bolmasa, Türkiýe henizem daşarky üpjün edijilere garaşly bolar” diýýär.

TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us