Starmer diňe Işçi partiýasynyň manifestosyna garşy durmak bilen çäklenmän eýsem şol bir wagtda Ysraýylyň guraýan hüjümleriniň gyssagly bes edilmegini isleýän halkyň 70 göterimini hem görmediksireýär.
Britaniýanyň Premýer-ministri Keýr Starmer, Toni Bleiriň 2003-nji ýylda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Yragyň basyp alyşlygyna goldaw berýän birnäçe ýagdaýdan daşary Işçi partiýasynyň söweşe garşy tutum alyp barandygyna garamazdan, Ysraýylyň Gazada Palestinalylara garşy alyp barýan rehimsiz söweşini genosit hökmünde häsiýetlendirmekden gaça durýar.
Starmer, Ypsos tarapyndan geçirlen soňky sowalnama görä, iňlisleriň 73 göteriminiň şertsiz hüjümleriň bes edilmegine goldaw berýändigine we halkyň 60 göteriminiň Ysraýylyň söweşde öte geçendigi barada pikir edýändigine garamazdan Bleir döwründe alnyp barylan syýasaty dowam etdirýär.
Halk bilen hökümetiň alyp barýan syýasatlarynyň arasyndaky bu tapawut Britaniýanyň ahlak taýdan ileri tutýan ugurlary we ýurduň daşary syýasatynyň milli bähbitlere ýada daşary ýurtly aktýorlaryň bähbitlerine bap gelýärmi diýlen çynlakaý soragy ýüze çykarýar.
Köpçüligiň pikiri: Parasatlylygyň Ýaňlanýan sesi
Işçi partiýasynyň saýlawçylary hem Starmeriň ýolbaşçylygyndaky hökümet tarapyndan özlerine dönüklik edilendigini nygtaýar. ÝouGowyň fewral aýyndaky habarnamasyna görä, Işçi partiýasynyň saýlawçylarynyň 83 göterimi Ysraýylyň söweşi bes etmegini isleýärdi.
Işçi partiýasynyň liderleriniň parlamentde hüjümleriň bes edilmegi baradaky karara goldaw bermegi kabul etmändigi sebäpli 2023-nji ýylyň noýabr aýynda käbir halk deputatlarynyň partiýadan çekilmegi saýlawçylara hem öz täsirini ýetirdi.
Starmeriň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Ysraýyla dartgynlygyň gowşamagy üçin çagyryş bermezligi, britaniýalylaryň hökümetiň kemçiliklerine göz ýetirmegine we halkyň 40 göteriminiň Starmer we Işçi partiýasynyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň işjeňligine ortaça baha bermegine sebäp bolýar.
Halkyň 35 göterimi Starmeriň alyp barýan syýasatyna nägilelik bildirýär. Ýurtda Gazada hüjümleriň gyssagly bes edilmegini talap eden ýüz müňlerçe adamyň gatnaşmagynda protest ýörişleri geçirildi. Protest ýörişlerinde “Ýarag satuwy bes edilmeli”, “Hüjümler gyssagly bes edilmeli” we “Palestina üçin adalat” diýlen şygarlar aýdyldy. Şol şygarlar tapawutly syýasy, dini we medeni geçmişlere wekilçilik edýän iňlis halkynyň esasy böleginiň garaýyşlaryny beýan edýärdi.
Hökümetiň tutumy: Halk bilen däl eýsem ýaranlar bilen sazlaşykly syýasat alyp barmak.
Işçi partiýasynyň manifestosynda garaşsyz Palestin döwletiniň palestinalylaryň esasy hukuklaryndan biridigi açyk-aýdyň nygtalýar. Manifestoda mundan başgada iki döwletli çözgüde goldaw beriljekdigi aýratyn bellenilýär.
Emma muňa garamazdan Işçi partiýasynyn ýolbaşçylygyndaky hökümet BMG-da Palestina goldaw berilýän kararlar kabul edilýärkä ses bermekden saklanýar. Birnäçe halkara guramanyň genosit hökmünde häsiýetlendiren söweşinde basyp alyşlyk astyndaky palestinalylara däl eýsem Ysraýylyň söweş syýasatyna goldaw berýän syýasat alyp barýar.
BMG-nyň Baş Assambleýasynda hüjümleriň bes edilmegi meselesi boýunça geçirilýän sese goýulşyklarda ses bermekden saklanmagy, dünýäde adalat çagyryşlary artýarka ýurduň özüni halkara jemgyýetçiliginden çetleşdirmegine sebäp bolýar.
Ysraýylyň özüni goramak üçin asuda ilaty öldürip biljekdigi hakyndaky diplomatik çykyşy her ýerde ret edildi. Yňlis raýatlaryny köşeşdirmek üçin Daşary işler ministri Dewid Lemmi Ysraýyla ýaragyň satylmagy üçin berlen 350 rugsatnamadan 30-nyň saklanandygyny mälim etdi. Emma bu göçüm halk köpçüligini kanagatlandyryp bilmedi. Bu karar görkeziş göçümi hökmünde analiz edildi.
Bölünen Mejlis
Gazada akýan ganyň elhenç sýužuetleri Ýewropada käbir ýurduň Ysraýyl boýunça alyp barýan syýasatlaryny gözden geçirmegine sebäp boldy. Ispaniýa, Norwegiýa we İrlandiýa ýaly ýurtlar Palestin döwletini ykrar etdi we ABŞ bilen Ysraýyla goldaw berýän hyzmatdaşlarynyň harby tutumyna boýun egmegiň ýerine Palestina üçin adalat talap edýän halkara çagyryşlara goldaw bermegi saýlap aldy.
Iňlis hökümetiniň Ysraýylyň edýän harby jenaýatlary sebäpli günäkerlemezligi we Gaza guralýan hüjümleriň bes edilmegi üçin edilýän tagallalara goldaw bermezligi ýurduň içinde we halkara derejesinde onuň mertebesine zeper ýetirýär. Çaknyşyklarda bitarap ýagdaýda töwellaçylyk roly hem jedelleşikli ýagdaýa geldi.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynda ÝouGow Trek tarapyndan geçirlen sowalnama, ýewropalylaryň Eýran bilen söweş başlan halatynda hem Ysraýyla harby taýdan kömegiň berilmegine garşydygyny görkezdi. Iňlis halky hem şuňa meňzeş tutum alyp bardy. Bu ýagdaý, Ysraýylyň propagandasynyň şowsuzlygy bilen birlikde adalata goldaw berip bilmeýän we Ysraýyl ýaly diýdim zor güýje täsirini ýetirip bilmeýän Günbatarly döwletleriň güýçsizdigini görkezýär.
Iňlis hökümetine bolan ynam azalýar. Mundan başgada düşnüşmezlik sosial jebislige öwezini dolup bolmajak zyýan ýetirip biler.
Starmeriň ýolbaşçylygyndaky hökümet, şäher häkimleri Sadyk Hag we Andy Burnham ýaly tanymal Işçi partiýasynyň agzalary bilen birlikde mejlisiň 50 agzasynyň wezipeden çekilýändigi baradaky arzasyny kabul etdi. 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän genosit käbir liderleriň gahar gazabyna we nägileligine sebäp bolýar.