Syýasat
7 minut okamak
OpenAI-niň habarlar gullugy bilen gazanan ylalaşyklary, metbugat işgärlerini ýalňyşdyryp bilermi?
Emeli intellekt kärhanalary we tehnologiýa ägirtleri bilen žurnalistikany paýlaşmak, habaryň geljegi taýdan nähili netijelere sebäp bolup biler?
OpenAI-niň habarlar gullugy bilen gazanan ylalaşyklary, metbugat işgärlerini ýalňyşdyryp bilermi?
Open AI
17 février 2025

Käbir guramalar, mysal üçin New York Times, OpenAI kärhanasyny özüniň makalalaryny kärhananyň çatbotlaryny taýýarlamak üçin ulanýandygy sebäpli kazyýete ýüz tutan bolsa, beýleki guramalar, şol bir hatarda Axel Springer, Associated Press we News Corp kärhanalary bolsa emeli aň kärhanasy bilen ylalaşyk baglaşdy.

Habarlar gullugy guramalary we neşirýatçylar kyn saýlaw bilen ýüzbe-ýüzdürler – ýa emeli intellekt kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk ederler ýa-da eden işleriniň başga ýollar bilen emeli intellekt (AI) kärhanalary tarapyndan ele salynmak töwekgelçiligini başlaryndan geçirerler.

Merdok maşgalasynyň köpmilletli media kärhanasy News Corp, OpenAI bilen ylalaşyk gazanyp, OpenAI-niň ChatGPT-de ulanyjylaryň soraglaryna jogap hökmünde habar mazmunyny görkezmäge mümkinçilik berýän iň soňky kärhana boldy.

Bu ylalaşyk ChatGPT we beýleki emeli intellektlere, mysal üçin tekst görkezmeleri bilen hakyky we döredijilikli wideo döredip bilýän bir emeli aň bolan Sora-nyň, News Corp-yň uly ýaýlymlaryndan täze we arhiwlenen mazmuna elýeterliligini üpjün edýär.

Emeli intellekt kärhanalary we tehnologiýa ägirtleri bilen žurnalistikany paýlaşmak, habaryň geljegi taýdan nähili netijelere sebäp bolup biler?

OpenAI-niň soňky hyzmatdaşlary bilen bagly Sidneý uniwersitetiniň Sanly aragatnaşyk we medeniýet professory we Awstraliýa ylmy-derňew geňeşiniň laureaty Terri Flýu, TRT World kanalyna beren beýanatynda: “Bu ylalaşyk News Corp kärhanasynyň mazmunlaryny AI modellerini türgenleşdirmek üçin ulanyp, girdeji almagy çürt-kesik üpjün edýär, emma OpenAI-niň bu ylalaşygyň çäginde beren tölegi maglumatlaryň mukdary bilen deňeşdirilende örän ýokary däl” diýip belledi.

Terri Flýu: "OpenAI we Google ýaly beýleki kompaniýalar üçin kanuny taýdan ygtybarly maglumatlara girmek we has ösen işewürlik modeliniň zerurlygy öň hatara çykýar” diýip belledi.

Kärhanalaryň ikisem OpenAI kärhanasynyň soňky ylalaşygynyň maliýe taýdan jikme-jikligini aýan etmedi, emma News Corp kärhanasynyň eýe bolan Wall Street Journalyň aýtmagyna görä, ylalaşyk 5 ýylyň içinde 250 million dollardan geçip biler we emeli aň tehnologiýasynyň ulanylşy üçin nagt we karz hökmünde öwezini doluş tölegi hökmünde jemlenip biler.

News Corp kärhanasynyň düzüminde ABŞ-da MarketWatch we New York Post, Awstraliýada  The Daily Telegraph, news.com.au we The Australian, Beýik Britaniýada The Sun, The Sunday Times we The Times ýaly ýaýlym organlary bar. 

Birnäçe wagt ozal aýan edilen köp ýyllyk ylalaşykdan soň emeli aň kärhanasy 2024-nji ýylyň 29-njy aprelinde merkezi Londonda ýerleşýän Financial Times bilen mazmuny ygtyýarlandyrmak şertnamasyny baglaşdy. Beýleki ýaýlym organlary bolan Politico-nyň esasy kärhanasy Axel Springer, Associated Press, Ispaniýadan Prisa Media we Fransiýada Le Monde hem şoňa meňzeş ylalaşyklar baglaşdylar.

Kolumbiýa uniwersitetiniň Žurnalistika mekdebinden maglumatlar žurnalistikasy boýunça professor Jonatan Soma TRT World kanalyna beren beýanatynda: “Habarlar emeli aň kompaniýasy üçin arassa altyn ýalydyr. Adamlar tarapyndan ýazylýar, çatbotlaryň maglumatlaryndan has täzedir we ulanyjylaryň bilmek isleýän zatlarynyň biridir. Habar guramalary şeýle gymmatly önüm satjak bolsalar, bahalary gaty ýokary goýmalydyrlar” diýip belledi.

Soma emeli aňyň žurnalistikanyň ornuny tutjakdygyny pikir etmeýändigini; tersine, munuň "žurnalistika ýapyşan bir parazit" boljakdygyny aýdýar.

Soma: “Žurnalistler bolmadan güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly ýazjak hiç zatlary, neşir etjek hiç zatlary, jogap berjek hiç zatlary ýokdur” diýip nygtady.

Soma: “Bu ýerdäki esasy sorag bu hyzmatdaşlygyň habar organlaryna, özboluşly žurnalistikany öndürmek üçin zerur bolan tagalla laýyk girdeji berip-bermezligidir. News Corp kärhanasynyň we beýleki habar organlarynyň mazmunlarynyň nähili derejede gymmatlydygyny bilýändiklerini pikir etmeýärin we OpenAI-niň bolsa şol mazmunlaryň nähili derejede gymmatlydygyny bilýändigini we şoňa laýyklykda töleg tölemek islemeýändigini pikir edýärin” diýip habar berdi.

New York Times ve Chicago Tribune ýaly köp sanda kompaniýalar, makalalaryny emeli aň okuwy üçin ulanandygy sebäpli OpenAI we Microsoft kärhanalaryna garşy kazyýet işini gozgadylar.

ChatGPT ýaly AI enjamlary Microsoft kärhanasynyň Copilot we Google kärhanasynyň Gemini gollanmalary, uly dil modellerini ulanyp, uly mukdarda internet tekstleirini analiz edýärler we bir sözlemdäki nobatda boljak sözi çak edýär, ol bolsa adamlaryň gürrüňlerine we ýazgylaryna öýkünmek ukybyny berer.

Garaşsyz metbugat ylmy-derňew we syýasy pikir guramasy bolan Media we žurnalistika ylmy-derňew merkeziniň müdüri Marius Dragomir, emeli aň kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk edýän ýaýlym organlary üçin düzügünler girizmegiň ähmiýetini belläp geçdi. Olar ýaly görnüşli hyzmatdaşlyklar söwda taýdan peýda getirip bilýän hem bolsa, ähli mazmunlar ýokary hile we dogruçyllyk standartlaryna gabat gelmän bilýär.

Marius Dragomir, TRT World kanalyna beren beýanatynda, metbugat pudagyny kesgitleýän möhüm deňsizlikleriň bardygyny we munuň "eýeleriniň bähbitlerine hyzmat edýän" käbir media bazarlarynda has köp taraply habarlaryň ýaýramagyna sebäp bolup biljekdigini aýtdy. Onuň pikiriçe, käbirleri uly güýje eýe, beýlekileri hökümet tarapyndan goldanýan we metbugat tarapyndan ýaýradylan propagandadan we dezinformasiýalardan ybaratdyr.

Dragomir: "News Corp ýagdaýynda käbir habar beriş serişdeleri elmydama takyk däl we pes derejeli mazmunlary bilen tanalýar, şol sebäpli şeýle sorag ýüze çykýar: bu mazmun adamlaryň AI-den berýän her görnüşli soraglaryna "dogry" jogap hökmünde hödürlenip bilinermi?” diýip soraýar.

Kolumbiýa uniwersitetiniň Žurnalistika mekdebinden maglumatlar žurnalistikasy boýunça professor Jonatan Soma çatbotlaryň hem galýusinasiýa we redaksiýa ýalňyşlyklaryny goýbermäge ýykgynçylyk edýändigini belledi.

Soma: “Emeli aň üçin bir makala alyp, oňa düýbünden ýalňyş mazmun bermek aňsatdyr. Googly-yň öndürijilikli gözleg netijeleri bilen baglanşykly başdan geçirilen soňky hadysalara ser salyň. Bu emeli aňyň netijelerini hakykata düşünip bilmeýän we ýalan maglumatlary berip biljek gurşaw bolup biler” diýdi.

Media CoPilot-yň esaslandyryjysy Pit Paçal, OpenAI we News Corp kärhanalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň “bir öwrülişik nokady ýaly” duýdurandygyny belledi.

Pit Paçal: “New York Times dekabr aýynda OpenAI-e garşy awtorlyk hukuklaryny bozmak bilen bagly kazyýet işini gozganda, habarlaryň geljegi näbellidi. Emma AP we Axel Springer ýaly esasy neşirýatçylar bilen baglaşylan şertnamalar we News Corp bilen ýaňy ýakynda baglaşylan şertnamany göz öňünde tutsak, geljekde mazmun şertnamalary adaty bolar diýip pikir edýärin” diýip nygtady.

Pit Paçal: “New York Times şonuň netijesinde birnäçe kiçiräk ýaran tapdy, ýöne kän däl. Emma Taýmsyň peýdasyna kabul edilen karar tutuş ýagdaýy üýtgedip biler” diýdi.

Pit Paçal: “Strategiki taýdan bu şertnamalar logiki, sebäbi ýaýlym organlary gysga möhletde zerur girdeji gazanyp bilerler. Ýöne uzak möhletde ýalňyşlyk bolup biler, sebäbi AI kärhanalaryna AI mazmunlary üçin müşderi gatnaşyklaryna eýeçilik etmek rugsady berilýär” diýdi.

Paçalyň pikiriçe, Google "munuň gyssagly bolmagynda möhüm rol eýeleýär”. Ýaýlym organlary tehnologiýa kärhanasynyň emeli aň tarapyndan döredilen gysgaça mazmunlaryň gözleg motorynyň ýokarsynda adaty ýagdaýa öwrülendigi sebäpli täsirini ýitirip biler.

“Mazmun bilen baglanyşykly Google bilen ylalaşyk bolmaz” diýip aýdan Paçal: “Sebäbi Google dogry ýa-da ýalňyş emeli aň mazmunlaryny aslyna garanyňda ençeme ýyl bäri web gözleg işleriniň bir şahasy hökmünde garaýar” diýdi.

Paçal: “OpenAI bilen baglaşylan şertnamalardan iň uly netijesi, ýaýlym organlarynyň emeli aň gözleginiň geljegi ugrundaky söweşde OpenAI-ni goldamagy höweslendirjekdigidir. Sebäbi Google ýeňiş gazansa, bu pullaryň hemmesi çalt sarp ediler” diýdi.

Ortaça ulanyjylar, adam žurnalistlere we metbugat kärhanalaryna däl-de, adam soraglaryna gönüden-göni jogap berýän uly tehnologiýa çatbotlara has köp bil baglasa, habarlaryň geljegi bilen bagly aladalary döredip biler.

British Columbia uniwersitetiniň Žurnalistika mekdebindem Alfred Hermida habar saýtlarynyň, tiz habarlary isleýän ulanyjylaryny ýitirip biljekdigini, şol ýagdaýyň bolsa uzak möhletde täsiriň ýitmegine sebäp biljekdigini beýan edýär.

“Habar neşir edýänler üçin gymmatly girdeji çeşmesidir, emma uzak möhletde zyýanly bolup biler, sebäbi AI ulgamlary žurnalistika mazmuny boýunça tälim alyp bilerler” diýip aýdan Hermida, News Corp bilen baglaşylan ylalaşyklaryň OpenAI üçin möhümdigini, sebäbi AI kärhanasyna dowamly tälim materiallary bilen üpjün edýändigini habar berdi.

Hermida: “ChatGPT ýaly ulgamlar ýeterlik derejede gowy habarlary taýýarlamagy öwrense, habar beriş serişdeleriniň näme boljakdygy näbellidir” diýdi.

Hermida hyzmatdaşlyk News Corp-yň diňleýjilerini adatça habar beriş serişdelerine göz aýlamaýan adamlary öz tarapyna goşmak üçin giňeldip biljekdigini, emma onuň markalaryň okyjylar köpçüligini artdyryp-artdyrmajakdygyny näbellidigini beýan edýär.

“Sosial mediadan alnan subutnamalar habar çeşmelerini gözleýän adamlaryň, mysal üçin Facebook ýaly araçy hökmünde häsýetlendirilýän markalara wepalylygyny ösdürmeýändigini görkezýär” diýip aýdan Hermida, habar organlary bilen AI kärhanalarynyň arasyndaky ylalaşyklaryň “iki tarapy hem kesgir gylyç” ýalydygyny belleýär.

Hermida: “Töwekgelçilik, habar neşir edýänleriň Facebookdan zyýada emeli aň kärhanalaryna has garaşly ýagdaýa gelmegidir” diýip nygtaýar.

Bu gysgaça mazmunlaryň hili we AI tarapyndan döredilen habar soraglarynyň umumy ulanyjy tejribesi olaryň adamlaryň esasy maglumat çeşmesine öwrülip-öwrülmejekdigini kesgitlär.

Amsterdam uniwersitetinden Erik Borra, ulanyjylaryň habarlara nähili girjekdikleri we sarp etjekdikleri babatynda bir üýtgeşiklige taýýarlykly bolmaklarynyň zerurdygyny belleýär.

Borra: “Ulanyjylar ýaýlym organlarynyň saýtlaryna girmezler. Ýaýlym organlary üçin bu haýsy habarlaryň köp okalýandygyna gözegçilik etmeklerini kyn ýagdaýa getirer we oňa reklama goýup bilmezler. Mundan başga-da, aýratyn abunalar azalyp biler” diýip habar berdi. 

GÖZBAŞY:TRT Turkmen
TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us